08:02

Osman Gazy

OSMAN GAZY

Osman Gazy (1258 — 1326 ý.) — Osman türkmenleriniň döwletiniň ilkinji soltany. Ol Ärtogrul Gazynyň ogludyr. 23 ýaşynda Osman beg Söwütde uç begliginiň başyna geçýär. Osman beg türkmeniň görmegeý ýigidi bolupdyr, ol uzyn boýly, giň döşli, gür we çytyk gaşly, ala gözli we goç burunly bolupdyr. Iki gerdeniniň arasy gaty giň bolupdyr, göwresiniň bilden ýokary bölegi aşaky bölegine görä has uzyn bolupdyr.
Osman Gazy hökümdarlygynyň ilki döwürlerinde Kastamonudaky uç, ýagny serhetýaka begleri bolan Çopan ogullaryna garaşly bolan bir boýuň begidi. Çopan ogullarynyň Wizantiýa garşy gaza (din urşy) hereketlerini gowşadandygyndan peýdalanyp, Osman bu sebitde öz harby hereketlerini güýçlendiripdir. Bu ýerlere ýerleşen batyr ýigitler Osmanyň töwereginde jemlenipdirler. Güýji kem-kemden artan Osman beg wizantiýalylar üçin uly howpa öwrülip başlapdyr. Ol 1288-nji ýylda Garahysary eýeläpdir.
Osman begiň 18 ýyllyk uç begligi döwründe wizantiýalylara garşy ýörişlerde gazanan ýeňişleri Anadolynyň beýleki etraplaryndaky gazylaryň hem onuň töwereginde jemlenmegine getiripdir. Şeýdip, 1299-njy ýylda 41 ýaşyndaky Osman Gazynyň baştutanlygynda jahana ýaň salan täze döwlet döräpdir. Geljekde 600 ýyldan gowrak dowam etjek döwlete onuň esaslandyryjysynyň — Osman Gazynyň adynyň dakylmagy tebigydyr. Soňky barlaglara daýanýan maglumatlar Osman begiň kümüş pul zikgeledendigini ýüze çykardy. Munuň özi Osman türkmenleriniň döwletiniň Rum seljuklarynyň döwletinden we Ilhanly hökümdaryndan özbaşdaklygyny gazanandygyny aňladýar.
 Osman beg 43 ýaşynda 1301-nji ýylda Iznik (Ni­ke­ýa) şä­he­ri­ni eýe­läp­dir. Os­man Sakarýa jülgesinde we Mermer deňziniň kenarynda käbir ýerleri tabyn edensoň, ilki bilen Bursany, soňra Izmiti we Iznigi zabt etmegi öz öňünde baş maksat edip goýupdyr. 1314-nji ýyldan başlap, Bursanyň daş-töweregini gurşap, ony uzak wagtlap ga­baw­da sak­lap­dyr. 1317 — 1318-nji ýyllardan başlap şäher türkmenlere salgyt töläp başlapdyr. Emma Osman Gazynyň hökümdarlygy mahalynda Bursany eýelemek türkmenlere başartmandyr. 1320-nji ýyldan başlap, taryhy ýazgylarda Osman Gazynyň ady agzalmaýar. Ol kesellänsoň, ähli işleri ogly Orhan bege tabşyrypdyr.
Osman beg gadymy oguz adatyna görä, hökümdarlyk edýän ýerlerini doganlaryna, ogullaryna we serkerdelerine paýlap beripdir. Dogany Gündiz bege Eski şäheri, ogly Orhana Garahysary, Hasan Alpa Ýarhysary, Turgut Alpa Inegöl etrabyny beripdir. Bilejik etraplarynyň hüşür-zekadyny ýygnamagy gaýynatasy Şyh Edebala tabşyrypdyr. Soňky osman soltanlary tagta geçende olaryň biline Osman gazynyň gylyjy guşanypdyr. Osman Gazynyň 1324-nji ýylda aradan çykandygy çaklanylýar. Ol özüniň Bursa şäheriniň iň beýik depesinde jaýlanylmagyny wesýet edipdir. Emma ýogalan mahalynda Bursa alynmansoň, ilki Söwütde — kakasy Är­tog­rul ga­zy­nyň ýa­nyn­da jaýlanypdyr. Türkmenler Bursany eýelänsoň, Osman gazynyň jesedi bu ýere getirilip, gaýtadan depin edilipdir.
Osman begiň Orhan, Alaeddin Aly, Bazar (türk çeş­me­le­rin­de Pa­zar­lu), Ço­pan, Mälik, Hamyt diýen alty ogly hem-de Patma atly gyzy bolupdyr. Özünden soň döwlet tagtyna ogly Orhan beg geçipdir. Orhan begiň hökümdarlygyndan soňra Osman begiň neberelerinden bolan örän köp sanly hökümdarlar döwlete häkimlik edipdirler. Wagtyň geçmegi bilen Osman türkmenleriniň kiçi möçberdäki begligi uly bir şadöwlete öwrülipdir. Bu beýik döwlet 1923-nji ýyla çenli dünýäniň syýasat meýdanynda uly orun eýeläpdir. Osman soltanlarynyň döwletiň dürli künjeginde gurduran köşkleri, metjitleri, hammamlary, şypahanalary, medreseleri, suw çeşmeleri döwrüň ýokary medeniýetinden habar berýär. Başga milletleriň, dini ynançdakylaryň medeniýetine, ynanç-ygtykatyna sarpa goýmak, raýatlaryna adalatly çemeleşmek bu döwletiň uzak wagtlap dowam etmeginiň esasy syrlarynyň biri bolupdyr. F.I.Uspenskiý «XI-XV asyrlarda Wizantiýa imperiýasynyň taryhy» atly işinde: «Osman ýurdy tozduryjy bolmandyr. Ol egindeşlerine şäherleri we obalary harby hyzmaty üçin mülk edip beripdir. Halka rehim edipdir, salgytlary azaldypdyr, hristian dinine hormat goýupdyr. Onuň howandarlygyndan razy bolan daýhanlar Wizantiýa raýatlygyny küýsemändirler. Ilatyň sany we baýlygy basym artypdyr». Osman imperiýasynyň taryhy hakda düýp­li iş ýa­zan iň­lis ýa­zy­jy­sy we žur­na­listi Lord Kinross: «Osman paýhasly, çydamly hökümdardy, raýatlary ony çyn ýürekden hormatlaýardy, oňa wepaly hyzmat etmäge taýýardy» diýip ýazypdyr. Kinross ýene-de Osman türkmenleriniň Wizantiýanyň hristian ilatyna nähili çemeleşendigi barada şeýle ýazýar: «Osmanlaryň çäklerinde hristianlary ählumumy yslamlaşdyrmak geçirilmändir, mejbur etmek çäresi az ulanylypdyr. Hristianlar öz isleglerine görä we öz bähbitleri ugrunda çalşyp, özleriniň saýlap almagy boýunça musulman dinine giripdirler». Halk tarapyndan päk ahlaklylygyň nusgasy saýylan Osman gazy ölüm ýassygynda ýatyrka, ogly Orhana şeýle nesihat edipdir: «Adalatlylyk bilen bitirilen her bir işi höweslendir, şeýdibem dünýä halallyk ýaý... Ajaýyp ýeňişleriň kerweni bilen meniň asmana sary göterilip ugran ruhumy şat et... Dini öz elleriň bilen äleme ýaýrat... Allanyň kanunynyň ornaşmagy üçin ylmyň abraýyny belende göter!»
Elbetde, Osman türkmenleriniň döwletini esaslandyryjynyň bu wesýetini diňe onuň ogullarynyň däl, eýsem, agtykdyr çowluklarynyň, ýuwlukdyr gowluklarynyň, geňlikdir ýatlyklarynyň, umuman, kowum-hyşdynyň berjaý etmäge çalşandygyna taryh şaýat.
Osman Gazynyň taryhy hyzmaty onuň kaýy ilini öz töweregine jemlänliginden ybarat. Osmanyň ogly Orhan bu halky döwlete, agtygy Myrat I bolsa döwleti şadöwlete öwürdi.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 894 | Добавил: Нawеran | Теги: Jumamyrat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]