OTLY NAZAR BILEN GOZGAMA MENI...
Otly nazar bile gozgama meni...
Atarma hatarly ýollara meni...
Göwnüm aljak bolup köseme özüň.
Degme gowsy...
Elleriňi gyýarsyň...
Hem meni başga bir derde goýarsyň.
Ýok, men indi bu ýellere ykmaryn...
Düşün...
Men süňňümde göterip ýörün
Sap aýnadan,
Durnaň gözi ýaly dury aýnadan
Sünnäläp-syntgylan Söýgi köşgümiň
Bir tupanda synyp, çym-pytrak bolan
Bölek-böleklerin... aýnagyýklaryn...
Ýok, men indi bu ýellerde ykmaryn...
Düşün!
Aýna aýna bolar eken hemişe –
Bir daşjagaz gelip degse-de aýna
Ýa-da özi baryp daşa degse-de,
Diňe aýna döwler eken...
Ýogsa-da...
Göwnümiň gatbar-gatbar çuňluklarynda
Bu söýginiň tolgunmalary,
Ýatlamalary,
Ejirleri...
(Asyl-ha, gazuw-agtaryş işlerin
Diňe gadym-gadym galalarda däl,
Wagtal-wagtal ýüreklerde geçirmeli).
Beý diýsem... Göwnümi alyp ellerňe,
Ony götermäge synanma.
Gynanma...
Degme gowsy... Elleriňi gyýarsyň
Hem meni başga bir derde goýarsyň...
Kakamyrat REJEBOW.
|