11:11 Öwrenilen endik | |
ÖWRENİLEN ENDIK
Dünýäniň düýbi derazdyr, Pursat kemdir, ömür azdyr, Ýigitlik—eglenmez ýazdyr, Ir azygyň edinewer! Magtymguly Pyragy Kämahallar: “Aý, endik edinäýipdiris”, “Endik bolup galandyr-da” diýenimizi özümiz hem duýman galýarys. Biziň bütin ömrümiz endik bilen geçýär. Endikleriň biri gelýär, biri gidýär, has ýaramlysy ömürlik galýar. Endiksiz adam ýaşap bilmeýär. Öwrenilen endikler adamyň adaty durmuşyna ornaşyp, ony amatly ýaşamaga gönükdirýärler, onuň hüý-häsiýetiniň özeni bolup durýarlar. Käbir endikler bize şeýle bir ornaşýar welin, hatda olar biziň gylyk-häsiýetlerimizi kesgitleýär, bu ýagdaýa töweregimizdäkiler dura-bara öwrenişip gidýärler. Adamyň endiklerini iki görnüşe bölüp bolar: adam üçin peýdaly we adam üçin zyýanly endikler. Peýdaly endikler (ir säher turup bedenterbiýe maşklaryny etmek, sowuk suwa ýuwunmak, gök-önümlerden köpräk iýmitlenmek, kitap okamak, boş wagtyň söýgüli kesbiň bilen meşgullanmak we ş.m.) adamyň beden hem ruhy saglygyny berkidýän bolsa, onda zyýanly endikler (spirtli içgileri içmek, çilim çekmek, neşe etmek, nas atmak, çendenaşa artykmaç iýmitlenmek, duzly, süýji we ýagly naharlar bilen bimöçber iýmitlenmek, az hereketlilik, dynç alman işlemek, ähli wagtyňy kompýuter oýunlaryna sarp etmek we ş.m.) adamy agras, ýalta edýär, sussuny peseldip gyňra edýär, ýygy-ýygy keselleýär ýa öňki kesellerini gozgadyp, sagalmagyny uzaga çekdirýär. Şeýdip bir topar keseliň eýesi bolup, wagtyndan öň garranymyzdan soň, saglygymyzyň şolar ýaly derejä ýetenligini her kimiň üstine ýüklesegem özümizden göremzok. Endiklerimiziň bir bölegi çagalyk döwrümizden galýar, ýöne ulaldygmyzça çaga döwründe hemra bolan endiklermiziň aglabasy ýitip gidýär. Adamyň ýaşy ulaldygyça öz bähbidi üçin täze endikler edinýär, dura-bara olaryň zyýanlysyndan dynmak çagalyk döwrümiz bilen deňeşdireňde kyn düşýär: bäş ýaşly çaga bilen kyrk ýaşly adamyň saraltma keselinden soňky alty aýyň dowamynda tutmaly berhizi çaga ýeňil düşýär, sebäbi çaga iki taraplaýyn hereket edip bolýar: düşündiriş işi bilen we temmi bermek bilen. Uly adama kyrk ýyllap iýip gelen ýagly, duzly, burçly naharlardan we spirtli içgilerden ýüz öwüräýmek birbada kyn düşýär. Kyrk ýaşdan soň adamyň garramak möwriti başlanýar. Adam garradygyça ýöwselligi, ejizlemegi artyp, özüne bolan ynamy gowşaýar, öz-özüne erk etmek duýgusy kütelýär. Islemeýän endiklermiziň käbirinden saplanmak käwagt şeýle bir kyn düşýär welin, göýä etimiziň bir bölegi kesilip alnaýjaga dönýär. Siwilizasiýa ösdügiçe adamyň durmuşy kämilleşýär we ýeňilleşýär. Adam owal tebigy, öz eli bilen öndürýän iýmitleri (ter gök-önümler, saryýag, bal, toşap, süýt-çekize, kakadylan ir-iýmişler) bilen iýmitlenen bolsa, indi onuň saçagynda arassalanan (rafinirlenen): mesge, şeker, konditer tagamlary, spirtli we alkogolsyz emeli içgiler we iýmitler agdyklyk edýär. Mälim bolşy ýaly, adam öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin elmydama aňsat ýollary gözläp tapýar: şugundyra derek şokolad has ýakymly; terje pomidordan şire taýynlap wagt ýitireniňden taýynjak emeli we reňkli suwa eliňi uzadaýmaly; gam-gussany çilim bilen arak “ýatyrýamyş” diýen ters maslahata maýyl bolýar; iki ädim ýere awtoulagly gidýär. Bol-telki we erkin durmuş adama ýaşamak üçin amatly şertler döredip, hödürläp görýär, ýöne şert goýanok. “Arak iç, çilim çek!” diýenok, ýa uzakly gün ykjam telefonyňy (noutbuguňy) gujaklap ýatmagy ündänok; “pyýada ýöreme, welosiped sürme” diýip nädogry ýoly görkezenok. “Ýeňiljek” durmuşa endik edinen indi eline pil alyp mellejiginde işläsi gelenok. Mellegiň bolmaýanda-da, her gün iki-üç kilometr ýöräb-ä bilersiň—dogan-garyndaşyň, köne tanşyň, gadyrdan dostuň bilen didarlaşyp gaýdarsyň. Meniň tanaýan tanymal kardiologlarymyň biriniň ýanyna näsag gelende, ol ilki bilen näsagyň arak-çakyr içýänligi we tämmäki ulanýanlygy bilen gyzyklanýar. Eger näsag ýaňky zatlardan azat bolsa bejergisini alyp gidýär, tersine bolsa—näsag zyýanly endiklerinden saplanmasa, näsagyň keselini bejerip başarmajygyny lukman boýnyna alýar. Juda özelenip duran näsaglara derman-därä sarp etjek harajadyna derek, bilini berk guşap, öz erkini özüne tabyn edip, zyýanly endiklerinden saplansa, keselinden ýeňil gutuljakdygyny hem bejerginiň arzan düşjegini düşündirýär. Üç sany ak zat: haýwan ýagy, şeker we onuň önümleri, un we onuň önümleri adam organizminde eglenmän, gönümel ýaga öwrülýär. Käbir maşgalanyň kakasam garynlak, deşli pyýada, ejesem semizje, olaryň çagalaram tokgaja, tulparja. Bu maşgalada semredýän iýmitleri gereginden artyk iýmeklik endik bolan bolmagy mümkin. Bu endik nesilden-nesle, agtyklara çowluklara-da geçmegi mümkin. Semiz çagalar işjeň fiziki iş-ä beýlede dursun, hatda howludaky özi ýaly çagalar bilen oýnamaga-da saglyk ýagdaýy maý berenok: iki ädim ylgasa daljykýar. Çagalykdan semizlige uçran adama soň horlanmak örän kyn düşýär, ulalansoň keselbent bolýar. Temmäkiň tüssesine boglup “kakamaç” bolan öýkende rak keseliniň döremeginiň mümkinçiligini ardyrýar. Temmäkidaki nikotin miokardyň infarkytyny çaltlandyrsa, nas diliň aşagynda rak keseliniň döremegini howplandyrýar. Spirtli içgileri her “däp” edineniň bagry sadyn adamlaryňky ýaly ýumşajyk, ýylmanajyk däl-de, büdür-südür bolup, gataýar. Zyýanly endiklerden dynmaklygy ýüregine düwen adam bu ýagşy niýetiniň wagtlaýyn çäre däldigine düşünip, yza ýol ýoklugyna berk ynanmalydyr we sähel döwrüň dowamynda ýaramaz edndiginden saplanyp, bir topar gelşikli, ýaramly endikleriň eýesi boljakdygyna düşünmeli. Her bir adam saglygyna we ruhy dünýäsine ýaramly we peýdaly endikleri entek çagaka, ýetginjekkä gazanyp başlaýar, her gün, her, aý, her ýyl kämilleşip, otuz ýaşa çenli belli bir derejeli abraý—reputasiýa (imij) gazanýar. Nusgalyk alarly göreldeli endikli, päk ýürekli ýigidiň (gyzyň) saýlan ýoly şowly bolýar, başlan her bir işi rowaçlanýar, rysgaly galkynyp, döwleti artýar; ýürekdeş dostlary, pikirdeş egindeşleriniň sany köpelýär, jemgyýetde at-abraýy has-da orňäp, ösýär. Bu bagtyýar adamlara daşyndan görenler guwanýarlar Elbetde, hüý-häsiýetiňi, edep-ekramyňy täzeläýmek ilkibada kyn düşýär, gidip barýan ýoluňy ýüz segsen gradusa tarap sowaýmak aňsat däl. Bu tutumly işi başarmak üçin gaýrat gerek, erk gerek, Şekillendirip aýtsak: durkuny täzeleýän adam bir halkadan çykyp, başga halkaň içine girýär, şeýlelikde, öňki tirkeşýän ýaranlaryň ornunyna täze dünýägaraýyşly, halal niýetli nätanyş adamlar bilen hemsaýa bolýar. Käbir kişiler ikiriňlenip, kürtdürip durýarlar, “öňküje durmuşymam-a biçeme däl, götermejek ýüküme daraşyp, ýüňsakal bolaýmaýyn. Ile gülki bolaryn”diýip, göwnibölek bolsaň-a işiň pyrryk hasap edäý. Şonuň üçin birbada “zyýanly endigimiň ýoguna ýanjak” diýip, haýbatly geplemegiň zerurlygy ýok. Bu işe örän yhlasly, dözümli we ynamly ýapyşmaly, ýöwselligiňi ýeňip geçmeli. Bir topar kişi seniň “düzeljegiňe ” ynanýarlar. Eneň-ataň, maşgalaň, çagalaň seniň batyrlygyňa umyt bilen garaşýarlar. Yza ýol ýok, diňe öňe—öz-özüňi ýeňmek üçin kyn, çylşyrymly sepgitleri eýelemäge aýgytly gadam basmaly. Durmuşyň kötel-kötel çylşyrymly ýollaryny geçmek üçin erkiňi taplamaly. “Töwekgeliň gämisi batmaz” diýipdirler. Gadymy ertekileriň birinde: erkek pil holtumy bilen gyýaklarynyň arasynda äpet pürsi göterip barýarka, ýadap säginjek bolýar. Onuň gapdaly bilen ýöräp barýan aýaly holtumy bilen adamsynyň gerşini sypap: “Ezizim, seni surnukdyran kebzäňä ýelmeşen şu gyljagazdyr. Ynha, ony aýyrdym, indi saňa agram berýän zat ýok” diýenden, pil gop berlen ýaly, dözümli ädimleri bilen barmaly ýerine säginmän barypdyr. Kynçylyklary ýeňip geçmekde, şol sanda zyýanly endiklerden saplanmakda erkek adama, gelin-gyzlaryň ruhy taýdan goldawy örän wajypdyr. Erkek adam hem çaga ýaly her gün ezizlerinden—enesinden, ýanýoldaşyndan “bäşlik” alasy gelýär, mähribanlarynyň ruhlandyryjy sözleri ony galkyndyryp, täze-täze sepgitleri özleşdirmäge itergi berýär we özüne bolan ynamyny artdyryp, berkidýär. Käbir adamlar çilimini goýmak üçin çigit çigitleýärler, ýa sakgyç çeýneýärler. Çigitden ateroskleroz keseline garşy durýan ösümlik ýagyny alýarlar, sakgyçlaryň käbir görnüşleri dişleri arassalamaga ýardam berýär. Elbetde, näsaga wagtynda degişli ýokary derejede lukmançylyk kömegem beriler, ölümdenenm halas ediler, zyýanly endikler bilen bagly bolan ötüşmedik keslleri näsag wagtynda ýüz tutanda lukmanlar bejeýärlerem, bejererlerem. Her bir zadyň çägi bolýar Suw seňrikden agmanka çäresini görmeli, ýöne lukman hudaý däl ahyry Lukmanlar gije-gündiz näsaglary bejermek, keselleriň öňüni almak üçin kasam içýärler we kasamyna wepaly bolup halka hyzmat edýýäler. Sypaýyçylyk, mylaýymlyk, ýumşaklyk, ýukaýüreklilik köp ýyllaryň netijesinde olaryň diňe kalbyna däl süňňüne ornap gidýär. Agyr näsagyny gaýgylanyp, gijeler birahat ýatýar, işdäsi kesilýär; bir näsagy ýogalsa şonuň bilen ölüp-direlýär. Näsaglaryň kesellerden ejir çekýänini lukmanlar her gün görýär. Hormatly okyjylar geliň onda biz hem lukmanyň ak ýürek bilen sagdyn durmuş ýörelgeleri barada berýän maslahatlaryny inkär etmän, keselleri bejermäge we olaryň öňüni almaga oňa hemaýat edeliň.. Adamyň saglygyndan soň iň gymmatly hazynasy onuň wagtydyr. Altyn-kümüşe barabar saglygyňyzy ýaşlykdan goramaklygy endik edinmeli. Gyzyldan gymmatly öz wagtyňyzy bisarpa tutman tygşytly ulanmagy ýaşlykdan endik edinmeli, edil öz wagtyňy sylaýşyň ýaly özgeleň wagtyna-da hormat goýmaly. Maslahatlar: 1. Eger saglygyňyzyň şu wagtky ýagdaýyndan razy bolsaňyz, janyňyzyň sagdynlygyna ynamyňyz ýetýän bolsa, onda özüňizi sagat saklanyňyz üçin şükür ediň we mundan beýläk hem sagdyn bolmak üçin saýlan ýoluňyzdan sowulmaň. 2. Zyýanly endikleriň biziň saglygymyza nä derejede zeper ýetirjegini seljermeli we şol endiklerden arassalanmasak derdimiziň beterleşjegini düşünmeli. 3. Bütinleýin sagdyn adam adamzadyň az göterimini tutýar. Her bir adam ömründe bir gezek keselläp görýär, ýa haýsam bolsa bir keseli ömrüniň ahyryna çenli hemra edinýär, onuň üçin darykmalam däl, alňasamalam däl. Her bir dowamly keseli uzak döwürleýin “uka” gidirip bolýar. Ýöne “uka” giden derdiň oýanmagyna zyýanly endigiň haýsam bolsa biriniň sebäp bolmagy ähtimal. 4. Adamyň saglygyňa zeper ýetirýän endikler bilen käbir kişiler ilki ülpet boluşýarlar, soň dostlaşýarlar, “aýy dostlugy” uzaga gidenok—zyýanly endik soňa-baka saglygyň rehimsiz duşmanyna öwrülýär. Lukmalara, dermalara garaşsyz, sagdyn durmuşyň hözirini görüp ýaşamak hemmämize nesip etsin! Kakajan BALKANOW, Mary welaýat Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkeziniň lukmany. Aprel 2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |