14:39

Oýlanmalar...

OÝLANMALAR...

Ýalňyzlyk paýlaşylmazdyr, paýlaşyp bolsady, eger ady ýalňyzlyk bolmazdy...

Umyda müň gurşun atsa-da ölüm, unutma... umyda hiç gurşun geçmeýär gülüm...

Şagal ýaly dostum boljagyna arslan ýaly duşmanym bolsun.

Ata çynar agajy ýalydyr, miwesi bolmasa-da kölegesi ýeter...

Bir dilde gürleşenler däl, bir duýguny paýlaşanlar düşünişip bilerler...

Aglamak ruhuň ganama şeklidir... dermany ýok sargysy ýok sebäbi bardyr...

Ykbalymyz orginal dälmi, ýa maňlaýymyz kitaýskimi bilmedim...

Dertler hem myhmandyr ezizim, olary hem gowy hezzetlemek gerek...

Hiç kime berk baglanma, unutma, tabyt hem bir kişilikdir...

Tilkiniň janyny alan ýylpyldawuk derisidir, ynsany janyndan eden samsyk dostudyr.

Düşündim ... jynazalar ölenler üçin däl yzynda galanlar üçindir.

Giden üçin gynanma söýse gitmezdi, gelen üçin hem begenme ol hem başgasyndan geldi...

Durmuş döwük kaseden suw içmekdir, içseň-de döküler içmeseň-de, şonuñ üçin isleýşiň ýaly ýaşa, wagt ýaşasaňam geçer, ýaşamasaň-da...
Категория: Sözler | Просмотров: 774 | Добавил: Raziýe_Soltan | Теги: Gülälek Begjanowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]