15:35

«Özli-özümiz» diýen tarantella / ýumoreska

«ÖZLI-ÖZÜMIZ» DIÝEN TARANTELLA

― Hormatly tomaşaçylar, häzir siz biziň öz kompozitorymyz Nunna Aşyrowyň «Dostluk» diýen sazyny diňläň. Çalýar öz solistimiz, kompozitor Oraz Mededow.
― Indi biziň öz solistimiz, kompozitor Oraz Mededowyň «Ülpetime» diýen üç bölümden ybarat sýuitasyna gulak asyň. Ýerine ýetirýärler awtor, şeýle hem öz solistimiz, kompozitor Nunna Aşyrow.
― Häzir bolsa siz öz solistlerimiz, kompozitorlar Nunna Aşyrow bilen Oraz Mededowyň bilelikde döreden «Egin-egne berip» diýen oratoriýasyna gulak asyň. Ýerine ýetirýärler awtorlar.
― Geliň, indi öz konsertimiziň ahyrynda öz aýdymçy şahyrymyz Gully Altyýewiň sözlerine döredilen aýdymlardan birnäçesini diňläliň.
1. «Üçler». Sazy Nunna Aşyrowyňky. Aýdýar Oraz Mededow.
2. «Ýagşylyga ýagşylyk». Sazy Oraz Mededowyňky. Aýdýar Nunna Aşyrow.
3. «El eli ýuwar...» Sazy Nunna Aşyrow bilen Oraz Mededowyňky. Ýerine ýetirýärler awtorlar.
4. Indi siz üçlügiň ýerine ýetirmeginde «Goňşokara» diýen tarantellany diňläň.
Gadyrly tomaşaçylar, siz «Özli-özümiz» diýen konsert programmamyza gulak asdyňyz. Konserti alyp bardy Gully Altyýew.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 128 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangylyç Hydyrow | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]