12:20

Özü-de satlykdy, ýurdy-da satdy

Категория: Publisistika | Просмотров: 433 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Haweran  
411
Kän zat dargady(ldy), satyldy. Dargadylan, satylan diñe Soýuz däl.
Meselem, her kolhoz-sowhozyñ onlarça süri ownuk maly, birnäçe süri iri şahly maly, gektarlap şüdügär ýerler, miweli agaçlar, uly ýük awtoulaglary, traktorlar, kombaýnlar, däne we miwe ammarlary, garažlar, kaşarlar, fermalar.... Towsa göterildi bary. Soýuz dagasa-da döwlet dagamandy (nämüçindir muña düşünenem bolmady, düşündirjegem).
Olary iki üç ýylyñ içinde gürüm-jürüm edenleriñem indi köpüsi ölüp gitdi, iýilen zatlaryñ yzy doly ýitirildi... Kimiñ ýakasyndan tutjak. Döwlet emlägini "hususy eýeçilik" bahanasy bilen kör iýdi, köse gägirdi...

0
2 Ependi  
284
Ol adam näme edende-de gowluk üçin etmedi. Özüçe birzatlar açyş etjek boldy, olam bolmady, ters ugra itergi boldy, halk üçin ýaşamady. Amekanlara güp ynandy, owalam, sosialistik demokratiýadan bizar halkyň gözüni açjak boldy. Olam tersine boldy, köp ýurtlar oňa garşy göterdi. "Sag-aman şulardan çaltrak dynsak" diýän ideýa köpeldi köp halklarda. Germaniýany birleşdirdi. Esasy bölünşegem şol sebäp. Soň ýazaýaryn, wagt çäkli, işe gitmeli. "Satdy" diýeniňizde bir anekdot ýadymda, ýokarky tema degişli.

8 ýaşlyja gyzjagaz öwünýärmiş, deň-duşlarynyň ýanynda:
"- Kakam gaty baý adam eken. Öz ýurduny kän pula satyp gidipdir. Gidibem, başga ýurtda ýaşap başlapdyr. Indi, ol ýurdam "satyp gitjekmiş, başga ýurda" diýip gürrüň berýär Ejem, Daýyma. Dogrudanam kakam gaty baý adam, buýsanýan. Siziň kakaňyz ýaly uzak gün işläp bazarda köwüş satanok. Ol diňe! "Ýurt satýar!"...

0
3 Revo  
484
Aslynda SSSR suratlandyrylyşy ýaly sosialistik respublikalaryň bilelişigi däldi. Sosializm ne döwlet derejesinde, ne respublika derejesinde, ne partiýa ne-de adaty adamlaryň arasynda bardy (gullaryň arasynda gyra deňligiň bolmagy, bu olaryň sosializmi emele getireni aňladmaýar). SSSR bir adamyň diktaturasyndan başlanan we soňra kompartiýanyň we KGB-niň totalitarizmi esasynda dolandyrylan döwletdi. SSSR-iň ykdasady ýagdaýy hem sosializmi ýaly kagyz ýüzünde ýyl-ýyldan artyş görkezip, pajarlap ösýärdi. Iş ýüzünde welin 1 tonnalyk oňaýsyz holodilnikler öndürilýän bolsa-da, olar kap. döwletleriniň soňky tehnologiýalary ulanyp öndürýän döwrebap, ykjam, giň mümkinçiliklere eýe holodilnigi ýaly, kap. döwletleriniň ykdasadyýeti bilen ýaryşyp bilmeýärdi (Bellik: SSSR-de ilkinji "Wolga-10" atly kir ýuwulýan maşyn 1975-nji ýylda öndürilip başlanýar, dünýäde welin ilkinji kir ýuwulýan maşyn 1907-nji ýyla oýlanyp tapylýar we patent alynýar). SSSR ilki başda güýje daýanyp ösüş gazansa-da, ol Brežnew döwrüniň "durgunlyk" ýyllarynda ýurdy dolandyrýan adamlaryň iş oňarmaýan, dogan-gardaş, dost-ýarlaryny ýokary wezipelere çekmeleri, döwleti şahsy mülkine öwürip talamalary esasynda ähli (ideologiýa, syýasy-ykdysady) mümkinçiliklerini tüketdi. Adamlarda geljege, kommunizme bolan ynam galmady. Ýurduň dolandyryjy liderlerinde boşluk emele geldi, ýa kapitalizme ýa-da nasionalizme bolan höwes artdy. 1979-nji ýylda başlan rus-owgan urşy, sanksiýalar, arakhorlyk, narkomaniýa bolsa "durnanyň üstüne urna" boldy. SSSR-iň dargamagyna Gorbaçýowy günäkärleýänler bolsa SSSR-iň syýasatyndan, ykdysadyýetinden, taryhyndan başy çykmaýan adamlardyr. Gorbaçýow SSSR-iň syýasy sosialistik ideologiýasynyň öz mümkinçiliklerini tükedendigini görüp, täze "gaýtadan gurma" syýasatyna baş urdy. Ol şowly boldumy? SSSR dargady, diýmek şowsuz. Ýöne oň şowsuz syýasaty, agyr kesele ýolukan hassany halas etmäne çalyşany we ony halas edip bilmäni üçin diňe Gorbaçýowy günäkälemek dogrumy? Elbetde nädogry. Ol iň bolman birzatlar etmäne synanyşdy, elini gerip oturmady. Netije şowsuz, ýöne meň üçin bu şowsuz netije şowly. Ol netije näçe ýyllap dowam edip gelen "sowuk urşuň" (atom ýaraglary ulanylyp, adamzadyň soňuna nokat goýup biljek uruş) soňuna nokat goýdy. Türkmen milleti asyrlar boýy arzuw edip gelen garaşsyz döwletini gurdy. Bu garaşsyzlykdan nähili peýdalandykmy? Bu eýýam mowzukdaky SSSR-iň dargamagyna diňe Gorbaçýowy günäkär edip, hemme zady gülala-güllük etjek bolşy ýaly dälde, SSSR-iň dargamagyna SSSR-iň hemme raýatynyň günäsiniň bolşy ýaly hemmämiziň günämiz.

"ÖZÜ-DE SATLYKDY, ÝURDY-DA SATDY"

Gorbaçýow ýurdy satdy, ola ýene-de pula satdy, mugtuna satan 300 million adama näme diýjek awtor?!

0
4 yalnyzozi660812  
1367
Халкын готермежек йукуни бойнуна атсан я халк майрылып ёк болуп гитмели я-да шол йуки аркасындан булап урмалы. Халка башга алач ек. ХХ-асырын башларында орс патышасынын йукуни халк готермеди. Ленинин башда дурмагында ол йуки булап урдулар. Тазе жемгыетин дуйби тутулды. Адалатл-y-адалатсыз сыясатлар йоредилди. О довурде нэме эдилен болса-да, халк бэхбидине шол санда туркмен халкынын бэхбидине эдилен ишлери гормезлиге салмак болмаз. (Туркменистан ССР-нин доредилмеги, Гарагум каналынын чекилмеги, Мары ГРЭС-нин, Гебит- газ, химия сенагатынын доремеги ве ш.м.) Шол йылларда жепа чекен ак йурекли адамларын зэхметинин устунден атанак чекмек гаты адалатсызлык боляр. Хакыкаты айтмалы болса, Туркменистан Союза тарапдар болуп сес берди, 91-ин март айында болуп гечен референдумда. Эмма меркезде отуран булагайларын этмиши себэпли Туркменистан хем иле горэ оз ёлуны сайламалы болды. Колхоз-совхозларын эмлаклери барада айдыланда болса, ол эййэм башга меселе. Чунки СССР дарганда-да колхоз-совхозлар о вагт даргаманды. Муна себэп болан зат менин пикиримче, дунэ базарына гирмэге етерлик тежрибэмизин ёклугы дийип хасап эдйарин. Эгер шо йыллар озумизин аграр юртдыгмызы хасаба алып, пагтанын, пилэнин, узумчилик ве спирт ондурйэн карханаларымызы кэмиллешдирен болсак.. онда булар ялы хаос болмазды. Эечилигин довлет формасы дузулги дурка, мунын даргадылмагы халка гаты гыммат душди.

0
6 Haweran  
411
"Туркменистан Союза тарапдар болуп сес берди, 91-ин март айында болуп гечен референдумда. Эмма меркезде отуран булагайларын этмиши себэпли Туркменистан хем иле горэ оз ёлуны сайламалы болды".
Şu abzasda ylalaşyp bilmejek zatlarym bar. Gürrüňim munda däl.
galan pikirleriňe doly goşulýan.

* * *

Kolhoz-sowhozlar we döwlet emlägi babatda-da sagdyn pikirler orta atdyňyz. Bu boýunça şeýdilse bolardy: Meselem, pylan sowhoz baş sany müňe ýetýän bir goýun sürüsini maljanly, çopançylykdan kemal tapan watandaşlarymyza 10 ýyllyk, 20 ýyllyk, aý bar, 30 ýyllyk bolsun, kärendesine berip, "şol müddet içinde baýap, köpeldip bileniň özüňki, şertnamaň möhleti dolanda, maňa ýene baş sany tükel ýagdaýda (bir müň goýny yzyna berersiň" diýen bolsa, hem halk baýardy, hem döwletiň emlägi başbitin ýerinde durardy.
Gynansak-da, beýdilmedi, ýokarky aýdanym boldy, "kör iýdi, köse gägirdi".
Asly Gyzylarbadyň Jejirs obasyndan bir tanşym gürrüň berýär: kolhozymyzyň 50 gektardan gowrak ýeri tutup duran erikligi bardy diýýär. Kolhoz döwri bir erik agajy gurasa, kelläň bilen jogap berýäň, jogapkärçilik bar, adam zähmetine sarpa bar, biri gurasa - ýerine ýaş erik nahaly ekilýär, garaz, ilaty ir-iýmiş bilen üpjün edýän ýerler goralýar. Soýuz dargansoň, erikler eýesiz galýar, guraýar, odun deregne ulanylýar, öňki erik tokaýynyň ýerinde indi ýeller öwüsýär diýýär.

* * *

Mysaly daşdan aljak däl, öz bilýän zadymdan aýdaýyn. Çagajygam bolsam, ýadyma düşýär: sowhozyň 17 süri (her sürüsi müňe golaý goýun-geçi) ownuk malyndan, üç süri iri şahly malyndan 1994-nji ýyla çenli 5-10 sany agsak-towsak mal galdy. Soň olam gözden ýitdi. :)
Obada kolhozyň sklad-garažy (garažyň içinde birgiden tehnika - traktor, "Niwa" kombaýnlar, "57" we "ZIL" awtoulaglar...) döwlet dükany, çagalar bagy, Oba sowetiniň jaýy, Çaga dogrulýan öý we hassahana, kitaphana, medeniýet öýi-kinoteatr, tomusky kinotetar-klub, telefon-aragatnaşyk stansiýasy... bardy. Döwlet dükany 2000-nji ýyla çenli sudury ýöränem bolsa, Telefon-aragatnaşyk stansiýasyndan başga edaralaryň jaýlary satyldy.

* * *

Kitaphana ýapylanda, kitaplaryň maşynlara ýüklenip, serhet ýakasyndaky golaý zastawalaryň hajathanasyna we ş.m. ýerlere äkidilişine gözli şaýat bolupdym, şonda çaga hem bolsak, onlarça kitaby alyp galmagy başarandygymy aýdasym gelýär. Kitap tekjämdäki indi mazaly könelşen şol kitaplary görenimde häzirem ýüregim gyýym-gyýym bolýar. Eşdişime görä, kitaphanalar ýapylanda, kitaplaryň aglaba bölegi ýakylanam eken...
Şu günlere gelindi... Oba ilaty artdy, obanyň dag dereleriniň içine uzaýan birnäçe şahalary emele geldi. Indi çaga dogrulýan öýe we hassahana ýiti mätäçlik duýulýar. Gynansak-da, arçynlygyň güýji obanyň ortasynda hassahana üçin ýer talap edip almaga ýetmeýär. Şu ýerden-ä gursaň bolar-la diýip, gazyk kakjak ýerinden "degme, bu meniň ýerim!" diýip, biri çykýar-da, gelenleri yzyna kowup goýberýär. Sözüň gutaran ýeri... Fiýasko.

* * *

@Ependi agza hem sagdyn pikirleri orta atdy. Ylalaşmazça däl.

0
5 Ependi  
284
Hemme zady ýuwaşjadan etmelidi ol welin, gönümel aýdyň goýaýdy: "aç-açanlyk" syýasatyny. Şoňa welin şu wagtlaram düşünmek kyn. "Satlyk" ady şonuň üçin. "Kommunizmiň" syýasatyna entek ýene ýüzýyllyklar, ýada birnäçe ýyllyklar bardy. SSSR näme etse-de, öz başarnygyny edýärdi, ogurlamaýardy, dogrusyny edýärdi.

Ägirt uly imperiýanyň bölünmegi ýekeje sebäp: Daşary halklar bilen deňräk gitmelidi. Ol wagtlaram deň ýaranlary gowşakdy. Meselem: Hytaý. SSSR-den üýtgeşik däldi. Bu wagt bolsa deňeşdirmek mümkin däl, hiçbir derejede haýsy ugurdan alanyňda. Şolaram kommunistik partiýa, üýtgeşik zady ýok. Ýöne, olar döwre görä ýörediler. Utan tarapy hem şunda.

0
7 Revo  
484
"Лидеры авторитарных режимов, устранившие политических конкурентов, подавившие оппозицию, поставившие под контроль средства массовой информации, нередко полагают, что пришли навсегда. Они думают, что находящиеся в их распоряжении средства принуждения достаточны, чтобы обеспечить стабильность власти. Это иллюзия, дорого стоившая многим".

"Гибель империи" Егор Гайдар

0
8 Myhman0430  
778
Men-ä ekonomika-da düşünemok, syýasata-da. hasam idealogik syýasata düşünemok.
Bir ýurt dünýäniň iň giň territoriýasyna eýe bolsa, harby güýji "birinjimi ýa ikinjimi" diýdirýän bolsa, kosmosa çykyp biljek ylmy-tehnologiýasy bolsa, halky dünýäde iň köp okaýan halklaryň onlugyna girýän bolsa, tebigy baýlyklary Mendeleýewiň tablisasy ýaly bolsa olaryň çykarylyşam "iň"lerden bolsa, KGB-si ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýän bolsa.................. bolsa bolsa bolsa... (soýuz döwrüniň adamlaryna öwdüräýseň)
ýolbaşçysam şolaň hemmesiniň eýesi ýaly bolsa. Näme bilen satyn aldylarka?
Kiçiräkkäm bir üýşekde otyrkak, adamlar sabaşyberende biri geldi (soň bilip galşyma görä öň wezipeli işde işlän eken) wlast (häkimiýet, diýeniň bolup durmagy, "tüf" diýmäkäň gapyljak bolup durulmagy...) puldan has maýyl edijidigini aýdypdy.
näme bilen satyn aljak. Mysal üçin 10 milýard $ tükeniksiz pul. Onsoň 10 bilen 900 milýardyň tapawudom ýok. Sebäbi 4-5 nesil üçin ikisem tükeniksiz.
Käbir kişiler "oňa Germaniýada gowy jaýam beripdirler" diýen ýaly gülkünç gürrüňem edýä. Kakbudto sssr iň ýolbaşçysy bolanyňdan Germaniýada öýüň bolsa gowy ýaly.
Ýene düşünmeýän zadym: bolýa, Gorbaçýow satyn alnypdyr. Yzyndan gelen näme. Gatyrak "heýt" diýse ýetik dämi?

0
9 yalnyzozi660812  
1367
Ызындан гелмедилер.. Гапдалындан чыкып хакиметден четлешдирдилер.. (Ельцин). Ол гелен горгулининкам идили болмады.. Орсыетин ичиндаки автоном республикаларам элден гидип баряр... Ине онсон "Хейт" диййан гелди..Инди Путин Союзы дикелтмеседе Николай патышанын "мулкини" гайтарып алжага мензейэр.

0
10 Atsyzatly  
1393
Öňem Owgany aljak bolup Soýuzy, Ýaponiýany aljak bolup Imperiýany dargadanlary taryh görüpdi. Putinem bolup bilse, şolaryň biri bor. Rossiýanyň düzümindäki musulman döwletleriň (has-da öz gollaýan Çeçenistanynyň) garraşsyzlyklaryny alma mütdedleri gelen bolsa gerek. ("Tokaý otla at gazan", Putin bolsa şäher otlap at gazandy.)

0
11 yalnyzozi660812  
1367
Бир вагтлар "Большая игра" ады бн тарыха гирен вакалар тазеден жанланяр. Оюна гатнашян империалистлер я-да туркменчелап айтсак док- маде адамлар шу вагт уйтгешик нысак бн мешгулланып башладылар.. Ягны пулына байлыгна ер тапмаян тутжар бай Уллакан Гара Йыланы гетирип капаса габап гойды. Ол тутжар шу вагт капасада галан жанаверлерин душйан ягдайына улы кейп алмак билен томаша эдйар. Мэхнет Йылан капасадакы жандарлары хер хили усул билен озуне шам эдинйар. Ислесе богяр,ислемесе чакып олдурйар. Капасада иере зат галмаса капасадан чыкып авуны гозлемели болар. Хайсы угура гидер? Я-да хайсы тарапа гитмелидиги овредилер ол энтек белли дал. Ушукли окыжы эййам докмаде адамын Америкадыгны, нара йыланын хем талибандыгны анандыр. Шу вакалардан сон Орс президентинин хем умсум отурмажагы белли зат. Чеченистан барада айдыланда болса ол гарашсызлык алармы я олам, "йылан месгенине" оврулерми оны энтек онунден айтмак кын.. Чунки "Большая игра" инди чынлакай башланды.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]