0
Blogger agzalarymyz ýokuş görmez ýaly, öñem birküç gezek aýlap-dolap, deñ-duş we sosial torlarda aktiw galamdaşlaryñyzyñ eserlerini goýmazlygy haýyş edipdim:
"...bir zady belläp geçmek isleýärin... Sülgüniñ goşgularyny käbir agzalar kitapçyda goýsa, bilmedim düşünipmi ýa düşünmezlikden ýa-da bize näbelli başga bir sebäplerdenmi - kimdir biriniñ ters ündewiniñ täsirindenmi, elgaraz, şu ýerde goşgularynyñ goýulýandygyndan bihabardygyny we nägiledigini ýañzydypdyr diýip eşitdim... Bagtygül dogan, siz paýlaşýan eserleriñi halys arassa ýürekden goýýanyñyzy bilýärin. Emma şeýle gep-gürrüñleri edýänleriñ eserlerini awtory kimem bolsa goýmasak, has gowy bolaýjak ýaly. Goý, günleri nirede gowy geçse, şo taýda bolsunlar! Hiç kimi eserini goýsun diýip zarlamzok, zorlamzok. Bu saýt edebiýatyñ külüni kireýsiz kakýanlaryñ, kakjaklaryñ ýeri. Beýle gep-gürrüñleri edip, başga eserini goýjaklary-da ürküzýänleriñ, boş atlara, sylaglara kowalaşýanlaryñ salgysy däl. Olara-da dogry düşüneliñ dezinformasiýanyñ täsiri, şeýle-de talap edilýän ugurda garaşýan atlary, umyt edýän derejeleri, ýeteris öýdýän wezipeleri, umuman hakyky edebiýatçynyñ kowalaşmajak zatlaryna bolan şahsy bähbitleri bardyr. Her kes maksat-myradyna ýetsin".
Ýene bir ýerde:
"Dogrusy, şony menem oñlamok. Awtorlaryñam ony goýma-muny goý diýip eline-aýagyna kakyp dursañam birhili, göwnüne alaýjaklar ýaly. Öñ ne günlükler bilen ýygnalýar sowatly agzalar. Gazetleriñem az okalmagyna getirýän sebäpleriñ biri-de şular ýaly birmeñzeşlik bolsa gerek. Ýa bärde goýlan başga saýtlarda goýulmasyn, ýa başga saýtlarda goýlan bärde goýulmasyn. Awtorlar şuña-da üns berseler gowy boljak ýaly. Şeýdilse, hem saýtlaryñ hili gowulanardy, hem saýtlaryñ bäsdeşligi artardy. Garaz şeýle. Bilmedim-dä... Her kim bir pikir bilen ýaşaýar bu dünýäde. Pylankese pylan et diýer ýaly bolmady". - diýip, ýazypdym.
* * *
Umuman şeýle. Meñli Aşyrowa we ş.m. özleri-de edebi saýtlara aktiw girýän ýa-da bir gyrasyndan jyklaýan, ýöne özi girmedikden bolan bolup başgalara goýdurýan, üstesine goşgularynyñ goýlanyndan we edebi saýtlaryñ barlygyndan habarsyzsyraýan deñ-duş we döwürdeş awtorlaryñ eserleriniñ başgalar tarapyndan paýlaşylmagyny men-ä oñlamok. Gerek bolsa, özleri goýsun. Saýtyñ gapysy hemmeler üçin açyk!
* * *
Hiç kim ýalñyş düşünmesin, bloggerlerimiziñ niýetiniñ gowudygyna, bulary gowy niýet bilen goýýandygyma hiç hili şek-şübhäm ýok. Özüm-ä kitapçyda şeýle çemeçil awtorlaryñ eserleri paýlaşylandan köne ýazyjy-şahyrlarymyzyñ köne gazet-žurnallaryñ gatynda galan añyrsy-bärsi ýok umman ýaly edebiýatymyzyñ iñ gowy nusgalaryndan (goşgy-poemalar, hekaýalar, makalalar) paýlaşylanyny müñ paý gowy görýärin. Gaýrat ediñ, şu günden şeýläk şuña üns berjek bolalyñ-la...
|