06:04

Özüni dok görkezjek bolup agzyna ýag çalýan adam hakynda hekaýat

Özüni dok görkezjek bolup, agzyna ýag çalýan adam hakynda hekaýat

Gaty nanyñ zary bir garyp bende
Agzyny ýag çalan bolýarmyş günde.

Goñşy-golamlardan göräýse birin,
Diýýärmiş: "Ýagdanam it ýaly irdim".

Soñ agzynyñ ýagyn süpüren bormuş,
Özem hondanbärsi gep uran bormuş.

Sypaşdyryp hepbik ýaly garnyny.
pañlan bolup geçirermiş her güni.

Gyjalat berermiş oña aç garny:
"How, eýäm, mundanam mydar bolarmy?

Dilegçilik etseñ, pezzerip ýörmän,
Beren tapylardy döwüm-dişlem nan.

Rehimdar kişiler ýagdaýñy biler,
Belki, käsi palawa-da çagyrar.

Bagtyñy ýatyrýan öz ýalan gepiñ,
Bu bolşuña basym açylar sepiñ..."

Hakyky bolşuñy illerden gizläp,
Boş gabaran bolup ýa ýalan sözläp,

Ýagly görünse-de agzyñdyr murtuñ,
Bil sen, uzak gitmän, açylar syrtyñ.

Tokga gyzyl tapaýsañ-da eger sen,
Olam ömürlik däl, bäş gün doýar sen.

Goýup ýörkä özün doklañ deñinde,
Şeýle waka ýüze çykdy öýünde:

Bardy ol garypda ýag ýokly meşik,
Ana, şony süýräp äkitdi pişik.

Onuñ körpe ogly görüp bu haly,
Uly goh turuzdy ot alan ýaly:

"Waý, ogry pişigi tutalyñ basym!
Indi kakam nädip agzyñ ýaglasyn?"

Gopbam kişi galdy uly alada,
Indi, agzyñ ýaglap bilseñ, ýagla-da.

Ahmyr edip, gelse-de ol aglara.
Meşigi ýok indi ili aldara.

Kem-kem boýun alyp täze ýagdaýny,
Öñküsi dek öwünmäge ýaýdandy.

Ilki gülüşse-de goñşy-golamlar,
Ol garyp biçäre rehim kylanlar.

Onuñ oñar-oñmaz ýagdaýyn görüp,
Kim öýne çagyryp, kimse nan berip.

Gözden salmadyrlar ol pukarany,
Garybyñam muña gönendi jany.

Undup mundan öñki ýalançylygny,
Bütinleýin üýtgetdi ol gylygny...

Aldaw-hile bolmasa señ sözüñde,
Bagtyýar adamsyñ ýeriñ ýüzünde.
Категория: Goşgular | Просмотров: 597 | Добавил: Нawеran | Теги: Jelaleddin Rumy | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Rumy ýaly adamlaryň goşgylaryny okasaň ( türkmençesini okasaň ) birhili,ruhy sarsgyn ýagdaýadüşýärsiň.Elbetde, öz aňlap bilşiň çäginde.Ünsi güýçli adamlaryň oňa düşünüşi başgaçarak bolýandyr. Ýönegüýçli dykgat,arman,hemme kişä-de nesip edip baranok-da!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]