20:19 Pariž ýaly owadan sen... | |
PARIŽ ÝALY OWADAN SEN... Pariž ýaly owadan sen, Ýüregiň giň, asman ýaly. Ýörän wagtyň tebigatam Saňa gulak asýan ýaly. Guşlar kesip saýramasyn, Çisňemesin goýdy ýagyş. Ýanýodadan akyp gelýäň, Ýylgyryşyň öňem tanyş. Diňe seniň aýak sesiň, Birem sesi ýüregimiň... Dünýä dymyp saňa bakdy, Täri bar-ow ýöremegiň! Gözlerime nur çaýyldy, Güýç ýygnandy bedenime. Söýdür, köýdür duýgulandyr, Razy ähli edeniňe... Ýaradanyň ýaradany, Meni bagta birikdirdiň. Häzir ýöräp gelşiň bilen Ykbalyma girip gitdiň... Ýazmyrat ÇÖRLIÝEW. | |
|
√ «Высоко с темнотой сливается стена…» / Goşgular - 11.01.2023 |
√ Howlugýaňmy? / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Они моих страданий не поймут / Goşgular - 15.01.2023 |
√ Колыбельная песня / Goşgular - 30.01.2023 |
√ "Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023 |
√ «Не знаю, право, где я видел…» / Goşgular - 30.01.2023 |
√ «Тихо вечерние тени…» / Goşgular - 02.02.2023 |
√ Deprem / Goşgular - 13.02.2023 |
√ В Боге / Goşgular - 01.02.2023 |
√ Мона Лиза / Goşgular - 09.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |