10:37 Parodiýa | |
PARODIÝA
“Seňem bir gün içiň gysar, görersiň, Duýarsyň bir zadyň ýetmeýänini. Alyslara dikip gamgyn nazaryň Hemem kem görmersiň geplemäniňi.” Myrat Gurbanow Seňem bir gün içiň geçer, görersiň, Bilersiň gyssansaň ýetmeýäniňi. Iň çola ýerlere dikip nazaryň Kem görmersiň çasly geplemäniňi. Ýer gözlärsiň gözden, dilden sowaşyk, Çygylmakdan gözi nemlenen dünýäm, Şu wagt “şol ak tamyň” köşge taýdygna Düşünersiň, sen hiç zada düşünmän. Ajap, aýny wagty on dokuz ýaşyň, Ýatladýan mahalyň ýuwaň seçegin, Nämä ýorjagyňy bilmän gezersiň Bu bimahal çakda içiň geçenin. Baslygyp, berçigen arzuwlaryňdan Ýekeje arzuw bar ýeke seriňde. Has beter zatlaryň bolýanlygyny Bolup biljekdigni ýatlarsyň, dünýäm, Içiň düzüw wagty ýekesiräňde. Hoş geçen günleriň hatyrasyny Tutmagy öwreder bu gyssanan jan. ...Ýöne, biläýmedim, gutararmyka Bolmasyz “bir işden” bu gyssananjaň... 04.05.2022 ý. Sapa HOMMADOW | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||