11:23 Perişdeleriň pyşyrdysy | |
PERIŞDELERIŇ PYŞYRDYSY
Dünýä belli telekeçileriň biri Margulan Seýsembaýew özüniň iňlis dilini nädip öwrenendigini gürrüň berýär. Gözüm kompýuterde tomaşa edip oturan söhbetdeşligimde bolsa-da, haýran galmakdan ýaňa, agzym açylyp, äňim ýere degäýjek bolýar. Entegem aşakdaky gataňsy ýassygym eňegime direlip, saklaýýar. Gulaklarym hem hekgermekden ýaňa, ösgün saçymy gizläp duran papagymy galdyryp, aýbymy açyp barýar... Onuň iňlis dilini öwrenmegi ýüregine düwen wagty häzirki ýaly mümkinçilik ýok. Gürleşeýin diýseňem, golaý-goltumdan ilkinji iňňäsini iňlisçe aýdan adam tapdyrjak däl. Onsoň ol dostlary bilen jedel edipdir-de, 10000 sözli iňlisçe rusça — rusça-iňlisçe sözlügi satyn alyp, eline daňypdyr. Tä 10 sany adamyň islendik sahypany açyp, soran 10 sözüni çigit çigitlän ýaly edip düşündirmegi başarýança ony elinden aýyrmajakdygyna ant içipdir. Ynanar ýaly däl, iki ýyllap aýyrmandyr. Meniň-de haýranymy hekgerden şo-da. Ýok, onuň erkliligi... Edil şonuň agzan kitaby ýaly kiçijek sözlükler mende-de bardy. Özi-de agamyň «iňlis dilini öwren» diýip, getirip beren pursady hut onuň aýdýan döwürleri bolmaly. Eliňe daňmanyňda-da, adyndan belli bolşy ýaly, ol sözlükleri jübiňe salsaňam bolýardy... Ýöne meniň entegem «iňlis dilini öwrenip» ýörşüm. Şol kitaplaryň bolsa hatda nähili ýagdaýda gaýyp bolandygyny hem bilemok... «Eýesiz hazyna jynlar eýe çykarmyş» diýýärleremmi käte?.. Ol kitaplaryň hazyna kemi-hä ýokdy. Jynlar bilen jyňkyryşyp gördüm diýsem, ýagny olardan soradym diýsem-ä, galat aýtdygym bolar. Bu zatlar barada perişdeleriň pikirini hem sorap göremok. Çünki «perişde», «jyn» diýlen düşünjeler hyýaly zatlar hökmünde aňymyza guýlan. Ýöne käte oýlanyp görseň, käbir hallary «perişdeleriň pyşyrdysy» diýip atlandyrsaň hem bolardy, meger. Meselem, iňlis dilini öwrenmek üçin kitaby eline daňyp, mazaly özleşdirýänçä ony aýyrmajakdygyna kasam içen adam baradaky maglumatyň eşidilen pursadyny. Diň salsaň, ol gulagyňy kamata getirerçerägem bardyr. Ýogsam şol pursat gulagyň hekgerip, gözüň hanasyndan çykaýjak bolmazdy. Oňa düşünmek üçin ýörite dil öwrenmäge hem zerurlyk ýok bolsa gerek. Ýöne haýsydyr bir dili öwrenmek barada anyk karara gelmek üçin oňa diň salmak, düşünmek welin zerurdyr. Ho-ol öňki tymsaldaky şägirdine üstünligiň nämedigini, oňa nädip ýetmelidigini düşündirjek bolan halypanyň usuly ýadyňyzdamy? Ol şägirdini suwa salyp, sen-men ýok, kellesinden basyp, dem bermän, esli wagt saklapdyr. Halypasy özüniň bu zulumyndan ölümiň öýünde halas bolan şägirdinden suw astynda iň uly isleginiň näme bolandygyny, näme üçin pelesaň kakyp, janhowluna urnandygyny sorapdyr. Şägirt iň uly isleginiň howa bolandygyny, arassa howadan dem almak isländigini aýdypdyr. Bu usul bilen, halypa şägirdiniň suw astynda howa bolan islegi ýaly isleg bilen, şondaky yhlasy bilen ýapyşsa, üstünlige ýetip biljekdigini düşündiripdir. Ine, perişdeleriň şeýleräk «pyşyrdysy» hem bolup biler. Belki, kimdir biri üçin şol tymsalyň özi pyşyrdydyr?! Gaýtam biz käte şeýle pyşyrdylary eşitmejek bolup, gulagymyza «gara keçe dykýarys», elimiziň aýasy bilen gulagymyzy ýapýarys. Hökman haýran galmakdan ýaňa, gulagymyz hekgerip, äňimiz sallanýança garaşyp ýörmän, gulagymyzam, gözümizem hemişe açyk halda saklamalydyrys. Käte bolsa ölüm ýassygynda ýatan hassanyň soňky sargydyny eşitjek bolanymyzda onuň üstüne eglibräge-de, diň salşymyz ýaly, ümsüm bolup, diňşirgenmelidiris hem. Umuman, tebigatda täsin owazlar-a kän. Olaryň perişdeleriň pyşyrdysydygyny ýa jynlaryň jyňňyldamasydygyny welin diňe ýürek aýdyp bilse gerek. Aslynda, «perişdeleriň pyşyrdysy» diýen düşünjäni meniň gulagyma kim ýa näme pyşyrdadyka diýip pikir etdim. Birdenkä, depderimiň öňräkki sahypalarynyň birinde Oguljennet Bäşimowanyň Jelaletdin Rumy baradaky romanyny okap otyrkam eden belligim ýadyma düşdi. Derrew ony tapyp, belligi, ýagny şol pyşyrdyny bu ýere göçürip getirdim: «Men ýazmasam, perişdeler maňa «Näme dymýaň?» diýip sorag berýärler. Meniň dymmaga hakym ýokdur». Jelaletdin Rumynyň şo-ol gadymda aýdan bu sözleri, gelip-gelip, häzir meniň gulagymda täsin pyşyrdy bolup ýaňlandy. Onsoň men muňa perişdeleriň pyşyrdysy diýip düşündim-de, başardygymdan, ýazdym... Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |