12:25

Perýat

Категория: Goşgular | Просмотров: 284 | Добавил: Perо | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024

Teswirleriň ählisi: 14
0
1 mango  
651
Goşgyny haladym. Diňe täzeden çalynjak surnaý sesi nädip “umytsyzlygyň, betbagtlygyň” sesi bolýar diýip sorag akla gelýär.
Surnaý. Birinjisinde - ölüm. Ikinjisinde - direliş (hasap üçin).
We o hasap günini (din güni - ýewmiddin) ýatladany üçin Meňli hanyma minnetdar.
Ýogsam, o gün barada her gün bir näçe gezek (mäliki ýewmiddin diýip) ýüzugra-awtomatiki agzap geçsek-de…
Öwrenişmek gursun…. Kä bir zatlara öwreniş-e öwrenişe ähmiýet bermän başlaýas.
Sag bol Meňli hanym.

0
2 Revo  
484
Arman, günem ýyldyzlaram asmanda-da däl, zeminde-de.

0
3 Garayolly2985  
1421
Yalñyşmasam awtor geçeniñ ülñüsinden biçim alyp, durmuş dowamatlygyny göz oñunde tutup, gelejegi hasiÿetlendiryar. Pany akymy uÿtgewsiz diyip ynanyar, dogram edyar.

0
4 Garayolly2985  
1421
Pany-şu dunÿã

0
5 Beauty_boy  
1420
Gowja goşgy eken. Haladym. Awtora üstünlik ýar bolsun.

0
6 Beauty_boy  
1420
Şu soze köp ýerde gabat gelýän. Ýöne manysyna düşünemok.

0
8 Haweran  
411
Telper - çuň däl, ýalpak.

* * *

Çagagak (Sumbaryñ okgunly suwunyñam towlanyp-towlanyp akýan, çöwlümlerinde adam ýaly mähnet lakga balyklaryñ ýatýan wagtlary) obany ikä bölüp geçýän derýada suwa düşemizde, suwuñ dyzdan ýa bilden geçmeýän ýerine daýyz diýlerdi.
Daýyz goşgy.

* * *

Edil keýigokaranyñ içi ýaly goşgyñ içi-içegesi görnüp dur, eliñ aýasynda. Ýogsa onuñ şodurşuna alyp gaýtalaýan pikirleri (meselem suruñ çalynjak, günüñ naýza boýy dogjak güni...) tom-tom şerhlere mynasyp pikirler. Yzyna ýeke perýat sözüni goşanyñ bilen täze pikiriñ aýdyldygy bolmaýar.
Umuman, goşgy bähh diýdirenok. Añ ýetmejek pursatlarymyzyñ ýöntem beýan edilen (dogrusy, beýan etmäge synanşylan) setirleri.
Synanşyga berekella diýesim gelýär.

0
11 Beauty_boy  
1420
Haweran, siz teswirleri gaty gowy, düşnükli ýazýañyz. Şu saýta giremde, koplenç siziñ ýazan bloglarynyzy ýa-da teswirleriñizi okaýan.

0
7 Revo  
484
Öňem birinden: "Ölümden soň ýaşaýyşyň barlygyna ynanýaňyzmy?" diýip sorapdyrlar. Olam: "Başga alajym barmy, özüm 82 ýaşymda, aşgazanymam 4-nji derejeli rak keseline uçran" diýip jogap beripdir.

Öňem biri Konfusiýdan: "O dünýä barada gürrüň bersene?" diýip haýyş edipdir. Konfusiý hem: "Nä bu dünýäde ýaşamany oňardyňmy, o dünýä bilen gyzyklanar ýaly" diýip jogap beripdir.

0
9 mango  
651
Birinji mysalda bu dünýäde ömrüniň soňuna gelen 82 ýaşly, 4-nji derejeli rak keselli garrynyň alaçsyz o dünýesini ýatlamasy bar.
Ikinji mysalda-da bu dünýede düzüwli ýaşap bilmeýän pahyryň o dünýe bilen gyzyklanmasy bar.
Mysallardaky garry hem özüni oňarmaýan pahyr hem o dünýesini ýatlaýar.
Ýöne, egerde garry-ha dyňzap duran ýaş bolsa, o özüni oňarmaýan pahyram deprenmez baý bolsa, elbetde o dünýesi ýada düşmezdi. Sebäbi olar Konfussi gojaň pikirine görä “ýaşamany oňarýanlaň” statusyna girýäler.
O dünýäsini garyp-gasarlar pikir etsin, ýa-da näme sen o dünýä bulen gyzyklanar ýaly ýaşamagy oňarmaýanlardanmy?
Şondan bäri çopanlar gowy ýaşamaga başlapdyrlar.
Gowy ýaşadyklaryça-da o dünýe bilen gyzyklanmalary azalypdyr.

0
10 Haweran  
411
Bärde öz subýektiw pikirleriñe halys berlip, başganyñ pikirine, ynanjyna señrik ýygyrmak, ynamsyzlyk, gizlin ýañsy (2-nji teswir) bar. Tymsal, Konfusiý bahana (8-nji teswir).

* * *

Birini bilýän. Pukaraja oglandy. Tarawa, jumga namazlaryna dagy sypdyrman gatnardy...
Günüñ birinde ol baýady, özüni tutdy. Kwartirant ýaşap ýören halyna ak mermerli jaýlardan nagt pula jaý satyn aldy, gapysynda iñ soñky "Prado Jip"-lerden ikisini-üçüsini kesertdi... Garaz, dokuzy düzlendi, aýagy-da metjitden kesildi.
Soñ bir gün tanyş-bilişler toýda ondan "Pylany, soñky wagtlar metjitde görneñok-la?.." diýse, "Metjitde näme işim bar. Hudaýdan diläp almaly zat bolsa aldym, indi baýadym. Hudaýa mätäç zadym galmady..." diýen manyda jogap berdi...
Adamyñ Hudaýa bolan ynanjy-da onuñ sosial derejesine, maddy mätäçligine görä (hemme zady maddy üpjünçilikden ybarat hasaplaýan materialistler üçin-ä hasam) artyp-peselýän borly...

* * *

Başga bir baý hajy garyndaşlaryñ biri bar. Bir gezek toýda gabatlaşanda "ýalan dünýä, ýalan dünýä" diýen bolýalar, ýalan zady ýok şu dünýäñ, hemme zadam çyn, hezil edip ýaşamaly dünýä! (Meñ üçin) çyn şu dünýäde!" diýýär.

* * *

Pygamber ýaly janlaram täze eşik geýse-de men-menligiñ howpundan ätiýaç edip, istigfar getiripdirler.
Gowy ýaşaýyşyñ Hudaýa bolan ýakynlygy, o dünýä bolan gyzyklanmany kemeldýändigi dogry.

0
12 Garadag  
128
Haweranyň pikirleri bilen ylalaşýan. Ýöne goşgy ýaman däl ýaly. Belki ekspriment derejesinde, belki ondan belentdir.

0
13 Garadag  
128
Awtoryň gahrymanynyň magşar gününe gorkusy onuň ezizlerinden aýra düşjeginden, olary tanamajagyndan kaýnaklanýar. Bu uly zat meniňçe.

0
14 Nurdan  
100
Goşgy diñe bir adamyñ däl, tutuş adamzadyñ peryady. Gapyl galmalyñ, oýanalyñ, oýlanalyñ diýen duýduryş.
Elbetde has çuñlaşdyryp, başgaça beyan edibem bolardy. Ýöne awtor beýtmändir. Sebäbi beýdesi gelmändir. Etjek diýse edibem bilerdi. Azajyk setire içki galagoplugyny, bütinadamzat efganyny sygdyrypdyr, añladypdyr, ahyrýetde azabyñ bardygyny ýatladypdyr. Kalbyñ ylahy hikmetden dolup, daşyp ýazyp dur, Meñli!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]