PIKIRIÑ YZASY
Gijeki başlan ýagyş güni bilen diňmedi. Iki ýyllap ibaly ýagybilmedigine ahmyr edýän ýaly şu ýyl-a ýagyş özüniň bardygyny bildirdi. Şemaly, gary bilen bile geldi onda-da. Ýagsyn sadagasy gitdim, topraga-da nem gerek. Öýlänara togam öçdi. Güýçli ýel ýagmyr bolsa tok kesilmesi biziň indi öwrendikli zadymyz. Içigaragalmyş, telefonuňam zarýady şu wagt dynaýmalymy diýsene. Iňrik garalyp başlandan, kalbyňam niredendir bir näbelli ýerden gelen tukatlyk gurşap alýar. Şol wagt kelläňde at salyp, sähel işsiz oturaýsaň arkaýynlyk bermeýän pikirlerem beýemçisiz mähellä dönýär. Daşarylyk işleriňi bitirip öýe ýygnanylan wagty, şol pikirlerden saplanmak üçin kitaba güýmenäýýärdim welin, kitaplaryňam bary telefonda ýa kompýuterde. Elektriksiz o zatlary işlet-dä işledibilseň.
Öýüň içini şemler ýagtyldýardy. Olaryň birini öz otagyma geçirdim-de, kagyzdyr galam alyp, bir zatlar ýazmaga hyýal edip ugradym. Tümlük, ümsümlik, şem we sen. Içgepletmeleri kagyza geçirmek üçin şundan ajaýyp pursat ýok.
Kellämde pikirler howpa gabat gelen garynjalar ýaly, çar tarapa dargaýarlar, özüniň gitjek ýolunyňam dogry ýa nädogrydygy barada ikirjiňlenip, haýsy tarapa barýandygynam bilmän, ümdüzine tutdurýarlar. Jemle-dä jemläbilseň şolary. Soňky bir ýarym ýylyň içinde bolup geçen wakalar-a heniz durmuşda kynçylyk görmedik bu başymy otdan alyp oda saldy. Haýsy birinden başlaýyn. Aslynda seniň derdiň kimiň azaryna. Her kimiňem öz aladasy özüne ýetik. Eliň bilen etdiňmi, egniň bilenem çek. Dogru-da, her kimem öz durmuşyny özi ýaşaýar, bulaşdyrýanam, düzedýänem özi. Onsoň öz meseleleriňi ile aýdyp, olaryň gymmatly wagtyny alyp oturmagyň zerurlygam ýok. Henizem şu kagyz çydaýar, garşylyk görkezmän bar pikirleriňi, derdiňi, gynanjyňy, begenjiňi özüne siňdirip ýatyr. Ýene-de pikirler dargap barýar. Aslynda, şu wagt serimde eýýäm birnäçe gündir işlemäge, uklamaga, başgalar bilen gürrüňleşmäge goýmaýan pikirleri ýazmak üçin alypdym şu kagyzy. Ýogsa bu kişä peýdasyz, gury öz janymy otdan alyp oda okalaýan pikirlerden başga-da işlerim ýetik. Basym okuw başlanýar, dynç alyşdan gelen okuwçylary täze okuw möwsümine höweslendirmek üçin belli bir işlere taýýarlyk görmegim has zerur. Ah, ýöne bu durmuş,...
Iş ýerimde işdeşlerimiň aglabasy zenanlar. Köpüsi hem 90-njy ýyllaryň ajysyny çekip, durmuşda agyrlyk gören zenanlar, ýaşy uly adamlar. Şolary görenimde hemişe: "Bu mugallym diýilýän diňe ejir çekmek üçin dünýä geldimikä?!" diýen pikir kelläme gelerdi. Olaryň içinde birküç sany sanaýmalysy bolaýmasa, gününden razy bolup, ýanýoldaşy ekläp ýörenä ýok. Dynç alyş günleriniň birinde, mugallymlar otagynda otyrkak, janygyp biri: "Kakam bizi soň özüni özi ekläp bilmegi üçin" diýip okatdymyka öýtsem, "ärinem eklesin" diýip okadypdyr" diýipdi. Sözi ýüregime jüňk bolaýdy. Sebäbi birki ýyllykda ogluny öýerjek bolýan aýal: "okuwlyja, işlije gyz gözleýän" diýipdi. "Ogluň näme kär edýär?" diýlen soraga: "Heniz işe girip bilenok" diýip jogap berdi. Görüp otursak, ogly 25 ýaşaýança ne okapdyr, ne-de belli bir käriň başyny tutupdyr. "Öýlenýänçäm ejem-kakam ekledi, öýlenemsoň aýalym"diýleni bolýarda. Soňky wagtlar-a okuwlam dälde, aýlyklyja işde işleýän gyza ogluny öýerjek bolýanlaryň sanam artdy. Mezolit döwri täzeden başlajak öýdýän. Hawa, özlerini aklamak üçin "näme diňe erkek eklemelimi?" diýýänlerem tarylýar. Ejem aýtmyşlaýyn: "Maşgalada aýalyň gazanan on manadyndan, erkegiň getiren bir manady has bereketli bolýar". Häzirki döwürde gapdalyňdan aýalyňam işläp goldaw berip dursa oňa ýetesi zat ýokdur-la. Kynçylyk-da. Ýöne goldaw berse, eklese däl.
Elbetde bu pikirlerim ikitaraplaýyn jany sag gezip ýörenlere degişli. "Herekete bereket". Işläsiň gelýäni çyn bolsa iş tapdyrýar-la. Işiň pesi ýa beýgi ýok. Başaryp ýa başarmazlykda iş bar.
Başga welaýatda ýaşaýan doganymyň ogly bolupdy. Şondan gelýärkäm, maşynda oturan oglanlaryň biri "ýag bilen una diňe aýallar durýar, işsiz bolany üçin. Gybat etmäge-de bahana bolaýýar olara" diýipdi. Erkekleriň hojalyk bilen aladasy ýokdygy üçin şeýle bolaýmasyn, ýogsa şo ýerde "çilim paýlanýar" diýilse ýekäňizem öýde ýatmaýaňyz. Obaň magazini mekdebiň ýanynda ýerleşýärdi. Işe barýarkam, birgiden gara eşikli adamlary görüp "ýasyň üstünden baraýdym öýdýän" diýip çekinipdim. Asyl tutuş köçe bilen dolduryp duran erkekler ir bilen çilim almaga nobata dur ekenler. Giden bir märeke. Oňa näme diýjek?
Bu wagt bu pikirler nirden geldi kelläme, hamana dünýäň aladasy başyňa düşen ýaly, şu pikirler bilen bilen dünýe düzelýän bolsa bu wagta adamlar meň isleýşim ýaly bolardylar. Ýöne şonda-da görülýän, eşdilýän zatlar şo bolansoň "döwür nirä barýar, adamlaryň maksady nämekä" diýeniňi özüň duýman galýarsyň. Bu pikirleriň bir ýerde durman herekete geçişi ýaly, şemiň inçejik sapagynda ýanýan odam her ýana owsun atyp, iň soňkyja deminde-de ýaşaýyş üçin göreşýän ýaly hamana. Ýeri bolýar-da, häzir ol şemem söner, ýöne kelledäki pikirleriň çapgynyny togtadyp bolarmyka heý?! Wagtam bir çene barypdyr. Pikirler bilen söweşde ýeňibilmesegem, indi ertirki geljek günüň gowulyklaryna Alladan umyt baglap uklaýsagam bolar.
|