19:08

Pil woýewodlykda

PIL WOÝEWODLYKDA

Abraýly hem-de güýçli,
Hem akylly bolan kişiň
Eger-de ýüregi bolaýsa ýuka,
Garaşyber erbet waka.

* * *

Woýewodlykda tokaýa goýberildi Pil.
Akylly bolsa-da pilleriň nesli,
Bütin neberesi bolsa-da sagat:
Ýogynlykda Woýewod* bardy ep-esli,
Özem dogabitdi sadady diýseň,
Degmändi ol siňegiňem göwüne.
Şol pähimli Woýewodyň öňüne
Goýunlar gelenmiş sallap boýnuny.
Olar diýen: "Bu ýyrtyjy möjekler,
Biziň halys derimizi soýup ýör".
Pil gygyran: "Ganojaklar,
Kim size ýol berdi talaňçylyga?"
Möjekler diýenmiş: "Günämizi geç!
Eý, biziň atamyz, sen dälmi ýeri,
Gyşda geýer ýaly ýeňiljek possun,
Goýunlardan ýygnaň deri,
Diýip bize tabşyran?
Bu goýunlar bolsa aňry baş samsyk;
Arz etmäge näme barmyşyn munda.
Hersindenem ýeke deri aljagmyz
Şonam gysganýalar, bular şermende".
"Şeý diýiň-le" diýip seslenenmiş Pil:
"Ýalan sözleseler bilemok çydap;
Birje deri alyň her bir goýundan,
Ýöne şondan artyk ýeke tüýüne
Siz degiji bolmaň çyndan-oýundan".

Iwan KRYLOW.
____________________________________
Woýewod* - goşunbaşy, şeýle hem gadymy Russiýada şäheriň ýa-da welaýatyň ýolbaşçysy.

Terjime eden Şadurdy ÇARYGULYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 143 | Добавил: Haweran | Теги: Iwan Krylow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]