03:18

Poeziýa duýgudaşlyk

POEZIÝA DUÝGUDAŞLYK

(G. Ezizowa)

Ne beýle tukat sen,
Gözleňde gubar.
Birtopar jalataý ýigitler bilen,
Beýikligňe bakman, berkligňe bakman,
Oýnap otyrsyň humar.

Duman gaplap alyp äpet seriňi,
Düşnüksiz oýlara berilip ýörsüň.
Dursuň gapylarda syryp deriňi,
Barmaly gapyňy saýgarmaýarsyň.

Roýuň agyr oýda, halyň perişan,
«Saralan bu seleň sährany synlap»,
Girip barýaň ol ýuwdarha girdaba,
Gitdigiçe asgynlap.

Men saňa düşünýän,
Düşündikçe eýmenýän.
Bu gün ýas büräpdir gohly güzeriň.
Bir saňa düşünýän,

Bir saňa uýýan,
Galplary eleýän.
Hem asman kybapdaş gözleri bile,
Ýürekleri eýelän.

Ýok indi dünýäde iň eziz dostuň,
Sen onuň hossary,
O seniň hossaryň —
GURBANNAZARYŇ.

* * *

Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz,
Ýalandan ýykmaň.
Çyndan ýykyň,
Gaýdyp dikelmez ýaly.
Arzuwyn, umydyn ýakjak bolsaňyz,
Köredip goýmaň,
Kül ediň,
Uçgunam döremez ýaly.

Şatlanan gününde üýşüp daşyna,
Gussa bürenende,
Gaçyň-da,
Geçiň siz,
Kalbyňyz goraň.
Ol ýeke-de çeker, asla basylmaz,
Derdi elemden.

Onuň betbagtlygy size bagt berip,
Gussa çoýsa ruhunyň barlygy.
Ruhy guluňyz,
Ýok edip ony.
Ýedi gat Zeminiň astyna gömüň,
Dirilmez ýaly.

Ýöne welin indi galp sözler bilen,
Iki dünýäň dälisine öwürmäň.
Başarmasaňyz-da
Pursat dörediň,
Ýaşary ýaly.

Maksatmyrat ÇARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 296 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Üzärlik / Goşgular - 06.01.2023
Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023
M.A.Врубелю / Goşgular - 09.01.2023
Одиночество / Goşgular - 25.01.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023
Unutdym / Goşgular - 08.01.2023
«Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023
Ene / Goşgular - 10.02.2023
«Когда мы любим безотчётно…» / Goşgular - 10.02.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp goshgylar. Birinji goshgy hazirki zaman shahyrlary we
,, chahyrlary" barada nyshanañ 10-lygyndan urupdyr. Ikinji goshgy bolsa, tuys mertligiñ gurruñini edyar.

0
2 Garaýolly  
27
,, shahyrlary"

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]