15:18

Poeziýa we gaýry barlyklar

POEZIÝA WE GAÝRY BARLYKLAR

Lew Tolstoýamy, birine-hä diýdirýärler: Afanasiý Feti okap, diýenmiş: «Şeýle ýogyn pyýadadan nädip beýle inçe duýgular çykyp bilýärkä?». Şahyr Nobatguly bilen göni we gaýybana didarlaşmak hem şo pisint täsir ederdi. «Bu çepiksi göwrede nädip munça duýgy energetikasy ýygnanyp bilýärkä?». Nobatguly poeziýasy metaforalar deňzi hem däl-de, ummanydyr. Şahyrana pikirlenmäniň şo derejede işjeň we gür metaforalaşmagy XX asyryň başga bir şahyrynda duş gelmez. Dili ilki jümlesinden soňkusyna çenli diňe metaforalar bilen sözleýär, duýgulary diňe metaforalarda ýaşaýar. Nobatguluda metaforanyň kulty bar, bu şahyr üçin kämilligiň esasy, kesgitli görkezijisi we ölçegi şo. Eýse, metafora şygryň bezegi, pikiriň eşigi däl-de, içden — şahyr zandyndan, döredijilik süňňünden gelýän başlangyç. Metafora duýgy üçin ýaşamak, bar bolmak, barlyk usuly. Metafora — poeziýanyň ene dili. Poeziýa bolsa dil hökmünde ähli gaýry dilleriň enesidir. Bu tassyklama M.Haýdeggeriň diýşi ýaly, adamzadyň ruhy döreýişi babatda-da dogrudyr, edil şonuň ýaly, her milletiň döreýşiniň we kemal tapyşynyň logikasy manysynda-da dogrudyr. Poeziýa milletiň duýgular dünýäsidir. Dünýä garaýyş bolan filosofiýa-da, dünýäni biliş bolan ylym-da, dünýäni ele alyş bolan syýasy paýhas-da, dünýäni ýaşaýyş bolan ahlaky aň-da şol toprakdan — duýgular giňişligi — dünýäduýuşdan ösüp çykýar. Çeper kyssany-ha aýdybam oturmaly. Nobatgulynyň metaforalar ummanly poeziýasy ylmy derňewi ýeneki bir derejä çagyrýar: «ylmy» diýen sypaty we mertebäni ödemek islese, seljerme «bentlerden», «çeperçilik serişdelerinden» we gaýry ýürege dahylsyz howaýylyklardan ýokary galyp, şygryň kalbyna ýetmegi başarmaly. Emma bu düşünmegiň ahyrky maksady bolubilmez. Soňky nokat, elbetde, senetkär şahsyýetiniň kalbydyr. Kalp diýmek jan we janlylyk diýmekdir. Şeýdip, düşünmek işi ylymdan filosofiýa, pikirlenmeden tebsire ösüp geçýär. Bu-da bir tebigy kanunalaýyklyk. Bize mälim biriniň aýdyşy ýaly, «Filosofiýa sungatyň doganydyr, ylym bolsa sungatyň, bolubilse, hyzmatkäridir». Filosofiýa, tebsir — bular al-asmandaky howaýylyk däl-de, jismanylygyň we janlylygyň bir süňňi. Tebsir kitaba öwrülen şahyry yzyna gaýdyp almak, onuň bilen didarlaşmak, sözleşmek, düşünişmek we elbetde, danyşmak işidir. Oňa düşünmek bolsa şahyryň ölmändigine we hiç mahal ölmejekdigine göz ýetirmek, şeýdibem özüňe-de sataşmak işidir.

Gürs, gürs, gürs...
Köşeş, ýüregim!
Beýdip damagyma direlseň birden,
Dem alyp bilmen.
Galaryn dilden.

Gürs, gürs, gürs...
Urunýaň, urulýaň sagatdanam tiz.
Ýa gaçjak bolýarmyň ölmüň öňünden?!
Ýa geçjek bolýarmyň deňinden wagtyň?!
Näme diýjek!
Ýykjak bolsa daşdeşen
Çokup,
öz höwürtge guran daragtyn!

Bir jümle sözde näçe metafora bar! Bular şygryň süňňüne (şahyr süňňüne) aralaşdygyňça, köpelip barýar. Şol bir wagtda-da metafora kulty sungat, poeziýa üçin möhüm hiliň — labzyň yzky orna süýşmegine sebäp bolupdyr diýen täsir döremegi mümkin.
Bu — aldawçy täsir. Labyzsyz, many çykmaýar, metafora-da many bile labyz nikasydyr. Megerem, labza şikes ýetme däl-de, täze hil labzyň döreýiş hakykaty bar. Eýse käbirimizde «birhili büdür-südürlik bar» pikiriniň döreýänliginden habarymyz bar. Labzy dogry almak dogry many alşyňa baglydyr. Many almak metaforany aňlaýşyňa bagly. Aňlaýyş diýilýäni bolsa okyjy aňynyň döredijilik (kognitiw) ukybyna tabyndyr. Labyz «büdür-südürligi» taryhy taýdan düşnüklidir. Ol — Ezizowdaky metafora kultunyň kanunalaýyk netijesi, ösüşiniň logiki tamamy. Şahyrana pikirlenmäniň ählumumy metaforalaşmasyna ymtylmagyň goşmaça netijesi hökmünde Ezizowda kapyýa kulty-da döredi, emma ählumumy garmoniýa kulty weli bolmady. Nusgawy pars ýa türkmen dilli şygyr (meselem: Rumy, Nesimi, Pyragy) bilen terbiýelenen, näzik owaz sulhuna eýe okyjy üçin XX asyr poeziýamyz özüniň iň oňat nusgalarynda-da labyz «büdür-südürligidir». Sebäbi? Çünki nusgawy türkmen şygry arabu-pars senedini labzy bilen bilelikde aldy. Poetiki XX asyrymyz üçin görelde we nusga bolan sowet şygryýeti bilen arada bolsa «dil böwedi» ýatýardy. Beýle danyşma göni däl-de, dilmaç arkaly poetiki sözleşmekdi. Çünki söz almadyk, metafora aldyk. Dile eýermedik, senede eýerdik. Söz yzyna düşmezlik — labyzdanam geçmeklik. Söze däl, mana, labza däl, pikire maýyldyk. Galyberse-de, könelerden parhlylykda sowet poeziýasynyň özi-de, manydan öňe geçen owaza beýle bir göwünli we (ýa) meýilli däldi gerek. Nusgawy poeziýamyzyň labyz ulgamyna-da XX asyr senetkärlerimiz aýnadan aňrydaky bägüle bakan ýaly seretdiler: gülüň beýniňi gyjyndyryjy burky-da, syzgylaryňy oýaryjy näzikligi-de (gülpamlygy-da) aýnadan aňyrda galdy. Eýse geçen asyryň altmyşlarynda doglan täze poeziýamyz täze filosofiki refleksiýa üçin oňat esasdyr.

Gör, näçe ýyl ýolukmandym,
ýene şol,
Şol gorkunç duşuşyk miýesser etdi.
Men merdem boljakdym äwmezlik bilen,
Arman bütin göwräm galpyldap gitdi.
Şol galpyldy galan eken köňlümde,
Galan eken öňküsi deý ýoýulman.
Güýzüň eňňeresne çöp-de-çalamda
Çal garpyzyň galyşy deý duýulman.

Görnüşi ýaly, bu sungatyň mahyýetini diliň däl, duýgynyň labzy düzýär. Gep sazlaşygyň bozulýandygynda däl-de, duýgy labzyny eşitmek üçin entek gulaklaryň açylmanlygynda bolsa gerek. Owaz many tohumydyr. Diýmek, many açylyşlary-da entek öňde bolmaly, çünki labyz many amalydyr. Nobatguly şahyryň metaforalary üýtgeşik ýitiligi bilen täsirli. Olar örän ýiti, dartgynly, köwsarly, apy-tupanly, otlukly duýgulanmalar gabydyr. Kalpda many gögerip-gögermezligi owaz tohumynyň kalp topragyna düşüşine hem-de jana gelşine bagly.
Uly zehin fizika däl, metafizika. Uly şahyr — germenewtik şahs. Ol öz ýaradan synalaryna eýe dörediji. Beýle synalardan ýürek/köňül esasy jübütdir. Birinjisi şahyryň dünýä, ikinjisi bolsa bakylyga bakyp duran ýüz-gözüdir. Bu amaly şahsyýet ynsan özaňlaýşynyň täze refleks ulgamydyr.

Kelläm,
Men seni depämde göterdim kelläm,
Owgan aýalynyň merhemet edip
Depesinde göterşi deý saçagyn.
Garnyma däl,
saňa atdym tapanym.
…Sen taňrynyň atan lagnat daşymyň?
Nije ýyl apalap göterip geldim.
Üstümde gulagyň sallap oturma
Meni bu dünýäde göterjek sensiň!

Beýle şahsyýet sungaty ömri bilen bitişen, ideýasy jismine siňen ynsandyr. Onuň duýgulary we pikirleri diňe daşky durmuşdan we (ýa) kitapdan däl, asyl bularyň nireden nädip gelýänligi-de entek näbelli. Ýöne her gezek gürrüňdeş bolnanda, Nobatguly şahyr bir garaşmaýan zadyňy aýdardy. «Beýik imperiýalaryň iň soňky medeni ýaňy» diýip, Magtymgula beren bahasy-da şol pikirleriň biridir. Onuň nusgawy goşugyň heýhat möwritini ötürenligi pikiri öz sadalygy hem-de birkemsiz hakykatdygy bilen genial pikirdi.

Nobatgulynyň «uky/oýalyk» inwersiýasy, «oýalykda basyrganmak» metaforasy, köpsanly şahyrana paralellikleri, özboluşly antinomiki pikirlenme strukturalary poeziýamyz üçin çeperçilik açyşlarydyr. Poetiki labzynyň içimtap howalylygy haýran galdyryjydyr. Nobatguluda hemmeler we hemme zat asmana barýar. Onuň özi-de ömürboýy haýrat makamynda ýaşady. Şahyryň hususy leksikony dilimizi baýlaşdyrdy. «Jemşidiň jamy» kitabynda bolsa onuň şahyrana zehininiň täze bir tarapy açylypdy.
Biz kitapdaky filosofiki etýudlary göz öňüne tutýarys. Tymsal žanrynda berlen «bagana», «ýarganat», «bedew», «keýik», «şir», «guw», «tut», «serçe» – bularyň bary awtoportrete ştrihler saýyp boljak simwollardyr. Bularyň gözöwrenişen allegoriýa däl-de, simwoldygyny saýgarmak gerek. Simwol janly duýgy, jismany duýgy suraty, allegoriýa bolsa howaýy pikir kapasasy. Simwol — metafizika dili, olar, A.Korben aýtmyşlaý, prafenomenden gelýärler. Nobatgulynyň käbir simwoliki tekstleri Sezan kartinalarynyň täsirini döredýär. Şeýle simwollary S.Myradowyň Zelili didaktikasyny okaýşy ýaly, reallygyň dilinde okap bilýän tebsirçi akyl gerek.

Gojaldym diýp çekme dünýäň ýasyny,
Bu dünýäde diňe wagt ýaşaýar.
Ol ýaşaýar —
Sanamaga ýaşyny
Adam ogly derkar bolupdyr wagta.
Her ýyl gatlak bolup inýär zemine,
Her ýyl perde bolup siňýär asmana,
Her ýyl halka bolup gonýar daragta,
Her ýyl kesmek bolup inýär ummana.
Ol aýlaýar gününi hem aýyny
Nobat-nobat rugsat berýär paslyna,
Gyşyna gar berip,
Ýazyn aýnadýar.
Tomsuna gor berip
Güýzün baýnadýar.
Ekýär, sökýär,
Öldürýär hem dogurýar
Dünýä döräp Adam ataň ogluna
Bakylyk güjeňläp gözün ýaýnadýar.
Ömür — ýagty jahana bir zyýarat,
Ölüm — adamzada soňky zyýapat,
Hasabynda ýalňyşaýsa eger ol
Bir silkiner, gopar şonda kyýamat
Dünýäni ýer bilen ýegsan eder ol.
Hemem çekmez ynsanyýetiň ýasyny.
Ýaşy giden, huşy giden garry deý,
Soň ýaňadan sanap başlar ýaşyny.
Bu dünýäde diňe wagt ýaşaýar...

Nobatguly Sezan duýguly, Nesimi huruçly şahyr. Şeýle diýip meňzeşsiz (unikal) «Serwi agajy» tassyklaýar. Şahyr ýokary gymmatlyklary «poeziýa» aňlatmasy bilen berýär. Şahyr üçin ähli barlyk, şol sanda durmuş poeziýa hiline geçende, özgymmatlyga eýe bolýar. Söýgüsiz, durmuş poeziýa bolmagyny bes edýär. Nobatguluda söýginiň pajygaly teswiri bar. Bu teswir söýgi waspy ýa odasy däl, ol söýgi filosofiýasy hem däl. Bu söýgi — döredijilik fenomeni, ýokary sungat dilinde labyz edilen barlyk hakykaty. Gep kitapda däl-de, barlykda, şygyrda däl-de, ruhda ahyryn.

Şahyr jismi — Barlyk elindäki syzgy guraly. Şahyr ýüregi — Barlyk kalbyndaky syzyş duýgusy.

Baýguş ýaly jakyrdady awtomat,
Süýndi gyzyl ary ýaly oklary.
Mylaýym gelin dek ýeller bada-bat
Şahyryň öňüne özün oklady.
Oka pyýalasyn öwürdi güller,
Goja daragt tutdy oňa şelpesin.
Gije bulut bilen Aýyny gizläp,
Gerdi güllä garşy gara perdesin.
Şahyr doňup galdy yzyna gözläp.
Ýüpek ýeller, güller ýaralanypdy.
Parran deşilipdi çitgaýmak howa.
Ýüregini oka öwürdi gerçek.
Görmän gyzgyn güllä hiç zady rowa,
A awtomat jadyrdady hekek dek.

Senet bakylykdyr, sungat bakylykdandyr, çünki senetkärlik başgabarlygyňy gazanmak işidir. Meniňçe, öz başgabarlygyny döredip bilenligi-bilmänligi şahyryň çyn senetkärdiginiň/däldiginiň ölçegidir. Nobatguly — çyn senetkär. Ol Garperi, Suwperi açyşlaryndan görnüşi ýaly, öz bakylyk wysalyny tapan estetiki imantalap awtor. Uçmah hüýri pisint bu gaýyp şahslar şahyryň öz döreden we wysalyna özi gowşan ruhy hemralarydyr. Adaty şahyr bar zenanyň waspçysydyr, beýik şahyr ýok zenany döredijidir. Başgabarlyk jismanylykdan, jisim dünýäsinden kemala gelýän inçe efir barlygy. Nobatguly şeýle barlygyň poetikasyny açdy. Bu biziň gözellik duýgymyzyň täze giňişligi bolsa gerek. Gözelligiň bakylykdandygy (imandandygy) munuň ýöne bir poetiki däl, eýse filosofiki mazmunly we ruhy ähmiýetli fenomendigini aňladýar.

Ýigriminji ýylyň maý aýynyň ýedisinde tanşymdan şuny eşitdim: «Topragyň tagamynyň», «Durnalaryň düşelgesiniň» duýgular deňzine gark bolup, ýüregim on sekiz ýaşda yşka düşdi. Şeýdip juwanlykda hoşsurat dünýä gözelligi açyldy. Ýigrimi ýyl soňra ikimüňünjilerde «Ýyldyz dagynyň», «Al-ýaşyl garyň», «Jemşidiň jamynyň» otly hem harasatly yşk ummanyna ulaşdym. Şeýdip kämillikde hoşmany dünýä gözelligi açyldy. Tanşymyň gürrüňi täsirlidi. Bu täsirden çykyp bilmän köp oýlandym. Ahyrynda-da, N.Berdýaýewiň «Özüme akyl ýetirişim (filosofiki terjimehal tejribesi)» kitabyndan nusga alyp, «poetiki terjimehal tejribesi» žanrynda birzatlar ýazmak pikiri döredi. Nobatgulydyr beýleki beýiklerimiziň täsiri — terbiýesi arkaly ynsanyň poetiki gelip çykyşynyň we ömrüň poetiki taryhynyň kitaby tüýs gerekli kitap bolardy. Bu — Nobatgulynyň diňe durmuşymyza we düşünjämize däl, eýsem, duýgularymyza we ykballarymyza giren, wagtaňyrsy barlykda hemişelik orun alan şahyrdygynyň tekrary bolardy. Bakylyk — taýyn barlyk däl, ýüregimizden (niýetlerimizden) we ykbalymyzdan (amallarymyzdan) döreýän barlyk.

Aman ŞYHNEPESOW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/5/75. 26.10.2022ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 188 | Добавил: Bagabat | Теги: Aman Şyhnepesow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]