20:47

Doglan gün gutlagy

DOGLAN GÜN GUTLAGY

Goşgy-gazal bilen ýüzlenyän bu gün,
Doglan günüñ gutly bolsun, halypa.
Görmedim siziñ deý sada, ak göwün,
Doglan günüñ gutly bolsun, halypa.

Zyýadadyr çeper diliñ, edebiñ,
Goy, mydama ugur alsyn edeniñ,
Şahyr gyzy mährem enäñ, pederiñ,
Doglan günüñ gutly bolsun, halypa.

Miwäniñ bollugy ýük bolmaz baga,
Beyikligni aytmak hökman däl daga,
Sözleñ özi akyp gelyär zybana,
Doglan günüñ gutly bolsun, halypa.

Dost-yaryñ gallasyn töwerek-daşyñ,
Yranmaz döwletiñ, bol bolsun aşyñ,
Mertebäñ belentde, sag bolsun başyñ,
Doglan günüñ gutly bolsun, halypa.

Çyn zehini bilen ayandyr şahyr,
Halkyñ yüreginde beyandyr şahyr,
Näçe yaşasa-da juwandyr şahyr,
Doglan günüñ gutly bolsun, halypa!

Gurbanjemal ANNAKOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 973 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbanjemal Annakоwa | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]