23:08

Pul krizisi / satiriki hekaýa

PUL KRIZISI

Belli bolşy ýaly, Stambuluň “Ajaýyp ülke” otelinde adatça Safranboludan gelen myhmanlar düşläp geçýärler.
Günleriň bir güni şu otele oýnaklap duran gara gözli, kyrk bäş ýaş töwereklerindäki diýseň kaşaň geýnüwli bir jenap gelip, aýna germewiň aňyrsynda oturan administratora kiçijik penjireden ýüz tutdy:
- Gadyrdan, kyn görmän, maňa bir zady aýtsaňyz-la. Şu gün safranboludan meniň bir obadaşym gelmedi-de...
Adminstrator galyň kitabyň gatyny dörjeleşdirmäge oturdy-da, bir-iki sany sany adamyň adyny tutdy:
- Ýusuf Soýdan, Mustafa Güwen...
- Kim, kim diýdiňiz-ä? Mustafa Güwen?!. – diýip, gara göz adam şatlykly seslendi.
- Hawa, Beziz Mustafa Güwen. Atasynyň ady bolsa Ryza...
- Ana şol!.. Hut şonuň özi!.. Biziň Mustafamyz!. Ol haýsy nomerde, hä?
- Dördünjide.
Gara göz jenap ýylgyrjaklap, basgançak bilen ýokarlygyna baka gitdi.
Mustafa Güweniň ýaňy ýuwnup bolup, aýnanyň öňünde gany damaýyn diýip duran çym gyzyl çekgesini yhlas bilen süpürişdirip durşudy. Birden, garaşylmadyk ýagdaýda, şarka gapy açyldy-da, kimdir biri Mustafa Güweni pugta gujagyna gysdy, goýberer ýerde goýbermedi.
- Wa, Mustafa jan!.. Waý, gadyrdanym!.. Waý, nury didäm!.. Gelýän diýip öňünden bize duýduraýsaň, näme begenip öläýerler öýtdüňmi diýsene! Näme diýip beýtdiň-ä?
Mustafa Güwen polotensesi üsti aşyry myhmanynyň ýüzüne garady.
- Üstümde Hudaý bar, gardaş jan, habar edere-de wagt bolmady duruberdi... – diýip, ol hümürdäp jogap berdi. – Ynha geldim... Duýdansyz...
- Hany, aýdyp otur bakaly, iş-güýçleriň neneň? Sag-gurgun gezip ýörsüň gerek özi?
- Sag bol... Hudaýa şükür... Ýöne men sizi hiç tanap bilmedim-le... Ýüzüň bit tanyň ýüz ýalam-da... Özün-ä bir ýerde duş hem gelsek gelendiris-le, ýöne, ynha, şu niredeligini welin, kes kellämi, hakydama salyp bilemok...
- Ä-hä, garaz haý tanaňok-da onda? Şeý diýsene asyl! Al saňa gerek bolsa! Ýöne sen Ryza ependiniň ogly Beziz Mustafa Güwenmi özüň?.. Hany, şuny bir aýt bakaly! Göreýin.
- Hawa, bolup bilsek-hä şodurys öz-ä, ýöne...
- Ýeri, geçen günjagazlary bir ýadyňa sal onda bakaly!
- Dur, dur, sen segsen birinji diwiziýanyň dördünji topçulyk polkunda gulluk edipmidiň?.. Hä? Biz, safranbolulylar bolup, ählijämiz şo taýda gulluk edipdik...
- Onda, hany, ýadyňa salyber bakaly... Pikirlen, gowuja pikirleniber!
- Ä-hä, boldy, ýadyma düşdi! Sen şol çagalykdan Jinji Hajynyň hammamynyň aňyrsynda ýaşadyň gerek?.. Siziň bagyňyzda garaly bolardy. Bier ýola sen guýa-da gaçypdyň gerek dälmi... Dogry gerek?..
- Oýlanyber, oýlan!
- Hä, dogrudanam şeýle bolupdy! Ynanaý. Bir gün Mehmet bagban bizi tutup, mazalyja temmimizi beripdi. Hernä hudaýym, ýatan ýeri ýagty bolsun, o biçäräň! Seniňem ýadyňa düşýär gerek?..
- Aýdyber, aýdyber!
- Ýadyma düşdi, barjasy ýadyma düşdi!.. Sen Symyil Kyrkaýakzade hajynyň ogly Behlul bolmaly!
- Ynha, indi men seniň gowy ýadyňa düşdüm! Hawa, ýüz müň şükür!..
- Waý, Behlul jan!.. Sen asyl şomy beri özi?
Mustafa Güwen bilen Behlul ikisi ýaňadandan gujaklaşdylar.
- Biri-birimiz bilen görüşmänimiz bäri näçe ýyl dagy geçdikä, Mustafa? – diýip, Behlul sorady.
Mustafa azajyk pikirlenip jogap berdi:
- Ynha, eýýäm haýan ýigrimi üç ýyl bolaýypdyr.
Şundan soň Behlul gürrüň bermäge başlady:
- Dogry aýdýaň! Ýalňyşmadyň! Dogrudan hem biz Jinji Hajynyň hammamynyň aňyrsynda ýaşaýardyk... Biziň bagymyzdan garaly ogurlaýanlary hem hak...
- Anha, gördüňmi?.. Seniňem, görýän welin, bary ýadyňda-how?..
- Sübsegär Mehmet ependi bolsa bizi bir ýola taýak bilen ýenjipdi! Hernä, ýatan ýeri ýagty bolsun o bendäň!..
- Behlul, sende-de kelle-hä bar-ow, tüweleme!
- Goşunçylykdaky gulluk edýän döwürlerimizi diýsene sen! Wah, biziň dördünji topçulyk polkumyz seniň ýadyňda gerek? Biziň segsen birinji diwiziýamyzy bilýärmiň? Wah, näsini aýdýaň! Mustafa jan, ana wagt diýibem şo wagtlara aýdaýsaň! Gözüňe döneýin neneňsi günlerdi!
- Hä, düýş ýaly geçdi gitdi... Üstümde Hudaý bar, wagt dagam däldi!.. Ýogsa-da, Behlul diýýän-ä, şu Stambulyň özi... kimi görseň ätlän ýeriňde ogry-jümri, ýalançydan doludyr diýip aýdýar!.. Ýaňy sen birden üstüme towsaňda, tas gorkymdan ýüregim ýarylypdy, indi şu gutardygym-ow diýip oýlandym! Eger goşun hem sübsegär Mehmet hakda gürrüň açmadykl dagy bolsaň, birem saňa ynanmazdym!
Çagalyk ýyllarynyň dostlary hezil edinişip gülüşdiler.
- Hany, indi işleriňden gürrüň ber – diýip, Behlul aýtdy, - näme bilen meşgullanýarsyň?
- Aý... Pylan zat diýer ýaly üýtgeşik bir zat näme işlesin bu adamlarda! Häki ýöne bu ýere kyrk-elli müň manatlyjak bir haryt alaýyn diýip geläýipdim-le.
- Bo-how! Hernä maňa gabat geleniňem gowy bolupdyr, Mustafa. Biziň şu Stambulymyzda eýläňi-beýläňi garanjaklamakaň kelläňi alyp taşlaýarlar. Bile gideris... Men seni tanyş söwdagärlerimiň ýanyna alyp bararyn.
Çagalyk ýyllarynyň dostlary otelden çykyp ugradylar. Öňi bilen bular Tagtagaladaky Ýasef söwdagäriň magazinine baryp girdiler.
- Bu meniň obadaşym, şonuň üçinem... – diýip, Behlul Ýesefe aýtdy.
- Siz obadaşmy, obadaş dälmi, meniň onuň bilen işim ýok – diýip, söwdagär onuň sözüni kesdi. – Lomaý alsa, ýigrimi prosentini kemýän.
- Az bolýar! – diýip, Behlul kellesini ýaýkady. – Gör-dä, ýene birneme kemmeseň, onsoň ahmal bolma, menem bir maýy gelende seniň guýrugyňdan basaryn, eşitdim, eşitmedim-ä diýme.
- Gel, ýeri bolýar, otuz prosent!
Safranbolulynyň begenjiniň asla çeni-çaky bolmady. Ol saç syrylýan maşyndan otuz-kyrk sanysyny, ýigrimi gap gaýçy we başga-da her dürli galenteriýa harytlaryny satyn almagy ýüregine berk düwdi. Ahyry hasaplaşmaga gezek ýetende, magaziniň hojaýyny galamjygyny eline alyp:
- Her gaby on liradan kyrk gap iligimiz – dört ýüz bolýar... – diýdi.
- Näçe-näçe? Näçe diýdiňiz?! – diýip, Mustafa Güwen ýüregi ýarylan ýaly bolup sorady. – Ýerim bu seniň ynsabyňa näme boldy! Her gaby on liradan bir zat bormy ahyryn? Meniň özüm her gabyny bäş liradan satýaryn ahyryn...
- Ýa indi, sen bu adamlar şu harytlaryň nyrhyny hem bilýän däldir öýdýärmiň? Äber bärik ilijekleriňi bakaly, lomaýlyjygyna alýan, getir!
- Öten ýyl men gabyny iki liradan aldym-da...
- Öten ýyl... Öten ýyl sen meniň ýanyma gelen bolsaň, men saňa bir liradanam bererdim... Öten ýylyň gürrüňini edýäň, hany näme indi öten ýyl barmy! Erte gelseň mundan-da gymmat bolar. Bu wagt ýurda pul krizisi düşüpdir... Birem haryt gelenok.
Behlul onsoň Mustafany galenteriýaçynyňkydan äkidip, başga bir söwdagäriň ýanyna eltdi. Mustafa bu ýerde on müň liralyk söwda etdi. Mundan çykyp, olar lomaýlaýyn mata satýan söwdagäriň dükanyna geldiler. Haýsy magazine barsalar hem Behluly edil öz biri-birleri ýaly garşy alýardylar, ol tüýs alyp-ýolup barýardy.
- Tüweleme, Behlul, sen gaty zor-ow?! – diýip Mustafa haýran galmak bilen aýdýardy. – Nirä barsaň seni edil ýitirip tapan ýaly garşylaýarlar. Saňa duşmadyk dagy bolsam, elimi burnuma sokup ötägitmeli boljak ekenim-ow. Görýän welin, sen gaty uly adam bolarly!
- Men bu ýerde derňewçi bolup işleýärin, ähli zada göz-gulak bolup durmaly bolýar.
- Bo-how, şeýle bir emmasy bar diýsene asyl! Sen onda derňewçimi?..
Garaňky gatlyşýança bu iki dost elli iki müň liralyk söwda etdiler. Ikisiniňem ýadap, sütüni süýndi.
- Indi, Mustafa, Beýogluna gideli! – diýip, Behlul dostuna teklip etdi. – Sen bu gün meniň myhmanym ahyryn.
Dostlar Stambuldaky baryp ýatan haý-haýly restoranda agşamlyk nahar edindiler. Restorandan çykyp, warýeta baryp, ýene bir ýüz liranyň soňuna sogan ekdiler. Behlul her sapar: “Sen meniň myhmanymsyň!” diýip, gapjygyna elini uzadyberende, Mustafa Güwen oňa:
- Ýok, Behlul, munyň bolmaz! – diýip, ony şol bada saklaýardy. – Hut seniň arkaňdan men näçe peýda gördüm ahyryn. Sowan pullarymyzyň ählijesini men harytlaryň nyrhynyň üstüne urar goýberibererin... Bu ýerde hiç weçden ýitýän zadyň ýokdugyny gördüň gerek indi... Özüm tölärin!..
Ýary gijelerden soň dostlar zynatly bir meýhana özlerini atdylar, bir jübüt aýal bilenem aralaryny sazlap, bu agşamlaryny olar bilen Bosfordaky otelde geçirdiler. Bu zatlaryň ählisi üçin Mustafa Güweniň jübüsinden öňli-soňly müň gowrak lira çykdy.
Behlul özüniň çagalyk ýyllarynyň dosty bilen günortanlar aýrylyşjak bolanda:
- Ýagşy onda, Mustafa, men derňew geçirmäge gidýän! Agşamlyk otelde maňa garaşarsyň... – diýip hoşlaşdy.
Şundan ýarym sagat ýaly wagt geçensoň derňewçi Ýasefiň magazinine gelip girdi. Oňa gözi düşenden söwdagär ýylgyryp ugrady.
- Hi-hi-hi! Edil jürüni dikäýdik öýdýän! Berekella!
- Hany meniň paýjagazymy gus bakaly!
- Me... ýigrimi prosent peýda: müň alty ýüz bolýar...
- Al bäri!
Behlul (onuň çyn adyna Süleýman, lakamyna-da Deňizçi diýerdiler) düýnki Mustafa bilen söwda eden dükanlarynyň we magazinleriniň ählisini aňyrsy iki sagadyň içinde aýlanyp çykdy. Ol Mustafa Güweni pitige mündüreni üçin özüne düşýän haky zat goýman ýygnandan soň, bir taksini tutdy-da, adatça erzurumlylaryň ýük ýazdyryp geçýän ýeri bolan “Konforpalas” oteline baka gitdi.
Mustafa Güwen tutuş bir gijesini öz obadaşyna garaşyp geçirdi, ertesem garaşdy, ýöne Behlul gelmedi!
Mustafa Güwen Safranboluwa dolanyp gelenden soň öz obadaşy Behluly öwüp aňyrsyna çykyp bilmedi. Ine onsoň ol ahyry öňki aýdyşy ýaly-da etdi: getiren harytlarynyň nyrhynyň üstüne ýol harajady bilen keýp çekmäge sowlan pullary hem şapladyp goýaga-da, satmaga girişdi.
Süüleýman Deňizçi (Behlul) şeýdip ynha mazalyja gor edinip galdy. Ýöne Mustafa Güwenem zelel görmedi. Öz harytlaryny oňa üç esse gymmat satan söwdagärler hem öňkä görä baýlaşyp gitdiler. Iki arada Mustafa Güweniň müşderileri bolan biçäre daýhanlar kyn güne galdylar... Olar bir aýyň içinde nyrhlaryň beýle ýokarlanmagyna haýran galyp, hut agyzlaryny açyp galdylar.
Olar:
- Oho-how! Gör ahyryn bu bolýan zatlary! – diýip, kellelerini ýaýkaýardylar.
Mustafa Güwen bolsa jogap ýerine, olara Stambul söwdagärleriniň sözlerini gaýtalap berýärdi:
- Ýeri, nämä haýran galan bolýarsyňyz?.. Ýurtda haryt ýetmezçilik edýär... Pul krizisi düşüpdir...
Daýhanlar pul krizisi bilen harytlarynyň nyrhynyň näme baglanyşygynyň barlygyna açyk düşünmeseler-de, bu golaý-goltumlarda bir Mustafa Güweniň dükanyndan özge dükan bolmansoň, olara mis pully guşaklaryny sadyklyk bilen bialaç çözübermekden gaýry çäre galmady.

Eziz NESIN.

Terjime eden Ata YKLYMOW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 234 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Gurgencli  
324
Az-kem harp ýalňyşlary bar eken

0
2 Gurgencli  
324
Eziz Nesiniň keýpi ýok wagty ýazan hekaýasy öýdýän:)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]