16:45

Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Edermenligi

PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI

EDERMENLIGI

Pygamberimiz häsiýeti ýumşak bolsa-da gaýratly, edermen, gahryman kişidi. Her hili hadysalar ýüze çykanda Onuñ özüni alyp barşy muña janly şaýatdyr.
Mekge döwründe yslama çagyryşynu bes etdirjek bolup, Ol akyla sygmajak kynçylyklara sezewar edilýärdi. Emma ol bu kynçylyklardan heder etmän, Allasyny sygynyp, saýlap alan ýolundan edermenlik bilen ýöräpdi. Gorkuzjak bolup edilen hereketler, atylýan haýbatlar, özlerne çekmek üçin hödürlenen baýlyklar Onuñ sabyr-kanagatyny, gaýratyny, gahrymançylygyny azajyk-da egsebilmändi. Ol ýoluna tiken dökülip, arkasyna palan atylanda-da özüne baýlyk, hökümdarlyk we her hili maddy eşretler hödürlenende-de saýlap alan ýolundan asla dönmändi. Bu zatlar onuñ ýoluny zerre ýaljagam üýtgedip bilmändi. Ol Alla, yslam ýolunda alyp baran söweşinde özüni hakyky mert ýigit edip görkezipdi.
Hezreti Alu (r.a) şeýle gürrüñ berýär:
- Söweşlerde hezreti pygamber ýaly duşman bilen ýakalaşyp bilen adam ýokdy. Söweş gyzyşyp, üstümize howp abanan wagty biz Resuly Kerime arkalanardyk.
Hezreti Enes (r.a) hem:
- Başymyza howp abananda Allanyñ Resuly bizi gorardy. Resulalla ynsanlaryñ iñ gowsudy, iñ jomardydy, iñ gaýratlysydy. Bir gije Medinäniñ ilaty bir ses eşidip, ondan gaty gorkupdyr. Olar ses gelen tarapa gidipdirler. Pygamberimiz bolsa sahabalary gorkuzan bu sesi eşiden badyna gylyjyny eline alyp, Ebu Talhanyñ ýalañaç atyna atlanýar-da, Medinä aýlanyp, ýagdaýy bilýär. Bir haýukdan soñra Resulalla boýny gylyçly Ebu Talhanyñ atyna münüp, gaýdyp gelýärkä, yza galan Medinäniñ ilatyna duş gelýär. Olara:
- Näme dowla düşüp ýörsüñiz? Gorkara zat ýok - diýip, howsala düşen ilaty köşeşdirendigini gürrüñ berýär.[1]
Uhud söweşiniñ birinji ýarymynda pygamberimiziñ söweş taktikasy bilen ýeñiş gazandyk, doly ýeñiş gazanylmanka, esgerler olja toplamaga başladylar, ýeriñizden butnamañ diýlip tabşyrylan okçular hem olja gyzyp gidipdirler. Şol wagt hem duşmanyñ atly goşuny arka tarapdan çozdy, şeýlelikde, musulmanlar iki oduñ arasynda galdylar. Şol söweşde 70 musulman şehit bolan bolsa-da, pygamberimiz ýolbaşçylygy elde saklap, sowukganlylyk bilen yslam goşunyny öz töweregine toplady. Garşylyk görkezip, goranmak bilen duşman goşunyny duruzdy, ýeñdi, soñundan hem Mekgä tarap kowup, olary birnäçe günläp yzarlady. Pygamberimiz şeýle bir gahrymanlyk hem-de edermenlik görkezdi welin, duşman goşuny täzeden ýene söweşe girişmäge ýürek edip bilmedi.
Hewezin jeñinde yslam goşuny Huneýn köprüsine ýetende, duşman mergenleriniñ hüjümine sezewar bolupdy. Yslam goşuny bu garaşylmadyk ýagdaýdan çykalga gözleýärdi. Şol wagt hem pygamberimiz sarsmaz gala ýaly bolup durdy hem-de söweş meýdanyndan ýekeje ädim hem yza çekilmedi, gaýtam atyny duşmanyñ üstüne sürüp, yslam esgerlerine-de:
- Nirä gaçýañyz? Men Allanyñ Resuly, Abdylmutallybyñ agtygy, Abdyllanyñ ogly Muhammet! - diýip gygyryp, goşuny togtadyp, ýeñiş gazanmagy başardy. Bu urşy görenlerden biri soñ şeýle gürrüñ berýär:
"Men şaýat, pygamberimiz bir ädim hem yza çekilmedi. Söweş ot ýaly çabyran mahaly hemmämiz Resuly Kerimiñ töwereginw toplandyk. Onuñ bilen deñ durmagy hem biz uly bir edermenlik saýýardyk".

Terjime edenler:
Ýalkapberdi MYRATGELDI,
Baky ANNADURDYÝEW.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 347 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hüseýin Algül | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]