00:33

Pyraga ýüzlenme

PYRAGA ÝÜZLENME

Nurly dünýämidir şygryýet diýlen,
Şeýle bolsa sensiň onuň çyragy.
Derejäňden pesdir tarypam, söýgem,
Bilmedim, näme sen, beýik Pyragy?!

Onuň Aly hezretleri şygyrýet
Ýaşaýan bolsa-da dünýe döräli,
Hakyky hormatyn diňe seň bilen
Tapan bolsa gerek, beýik Pyragy.

Dogulaňda soltan dogulypmydyň
Söz diýilýän bu ummasyz mülke sen.
Öz ene diliniň şirinligini
Subut etdiň bu gadymy halka sen.

Dürden gymmat diliň bilen doldurdyň
Bu halkyň türkmençe ýetmezçiligin.
Sözüň dünýäsine sen geldiň welin,
Üýtgän ýaly boldy ugry pelegiň.

Ogly bolup bir buýsançly milletiň
Ýagşylyk bolarmy, heý, şundan beýik?!
Seniň adyň “Türkmen” diýip ýaňlanýar,
Türkmeniň ady hem Pyragy diýip.

Pyragy – köňülleň çyragy diýip,
Her sözi ömürleň şygary diýip,
Pyragyň adyny müňýyllyklara
Äkider türkmeniň Diýary diýip,
Pyragyň adyny aýdym mysaly
Gaýtalar Adamzat, Ýer şary diýip,
Gaýtalap gezsek-de her säher, her şam,
Waspyň tükenmezdir,
Eý, ylham Atam!

Asla saňa taryp derkarmyka bir,
Ägirtleriň ýigrendigi öwgümiş.
Adamlaň olary aňlap bilmegi,
Iň uly tarypmyş,
Beýik söýgümiş.

Sen bolsaň bir eýýäm çykdyň, şahyrym,
On sekiziň, on dokuzyň çygryndan.
Hiç zady geňlemez ýigrim biriňem
Ýüreginden geçip, ötdüň bagryndan.

Bilmen ýene asyrlaryň näçesi,
Saňa salgylanar, saňa daýanar.
Bilmen ýene şahyrlaryň näçesi,
Hut saňa, hut saňa öýkünip ýazar.

Ýöne olar bolup bilse diňe seň
Kölegäňe çalym etmegi mümkin.
(Pyragynyň diňe özi bolmaly
Oňa azda-kände meňzemek üçin.)

Ýoluňa şahyrlar eýerýän bolsa,
Bütin adam ogly yzyňa düşýär.
Gel, şahyrym, bile gadam basaly,
Bize nurdan doly geljek garaşýar.

Biz bile bagtyýar günlere ýetdik,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.
Jeýhun bilen bahry Hazar arasy
Bagtyýarlyk nury bilen bezeldi.

Seniň söz diýilýän Kuýaşyň bilen,
Salgysyny aldyk ýagty geljegiň.
Gadamymyz şowly bolsun ertire,
Ömri nusgalygym,
Sözi merjenim –
Pyragym!
Категория: Goşgular | Просмотров: 251 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]