14:40

Pyragynyñ perýady / hekaýanyñ dowamy

Pyragy diňe bir aglap goýmady. Ol erän polat ýaly sözler bilen durmuşyň aýylganç betbagtçylyklaryny ýalaňaçlady… Şahyr munuň bilen oňuşyp bimedi…
Säher şemaly öwüsdi. Çaga köşeşip, rahat dem alyp başlady. Galamly elini depderden yza çeken şahyr oýanyp başlan dünýäni synlaýardy.
Köpden bäri bir gaty zat onuň bykynyny gysyp durdy. Ol donunyň aşagyna elini sokup, Seýit hanyň hormatyna ýazylan kasydany çykardy. Häzir oňa özüni soňky günlerde heläk eden pikirler we şübheler şeýle bir kiçijek, biderek zat bolup görünýär! Hawa, Allahyň adama eçilen peşgeşi şol bir wagtyň özünde agyr jeza. Ol başyny näçe aşak egse-de, talanty onuň kimdigini ýüze çykarar. Allanyň peşgeşi ejiz adamdan has güýçli. Talantyň lagnat siňen tarapy şunda… Onsoň, şu päkize säherde, sadaja ak öýde, elsiz oglanjygyň gapdalynda oturan Pyragy şu jezasy üçin Allaha tüýs ýürekden şükürler etdi.
Oglanjyk sandyrap, düwünip, onuň elindäki ýyljak çöregi iýdi. Ol inçejik boýnuny uzaga uzadyp, has ulurak bölegi dişläp almaga çalyşýardy. Gapynyň aňyrsyndan at toýnaklarynyň sesi geldi. Köpek çyňsady. Oglanjyk ýygryldy. Öýden çykan Pyragy ýaş teke ýigidini gördi. Ol, näme üçindir, tekäniň öz ýanyna geljegine ynanýardy. Şonuň üçin hiç zada geň galyp durmady.
Ýaralaryny ýuwup arassalan ýigit indi has ýaş, tas oglanjyk ýaly görünýärdi. Ýöne onuň boýy örän uzyn, özi kuwwatly hem haýbatlydy. Onuň parahat gözlerinde güýçdür, aýgytlylyk duýulýardy. Bu hakyky erkek adamdy, ýaş batyrdy. Pyragy oňa elini uzadyp, öýe girmegi mürähet etdi.
Şu ilkinji duşuşykda olar bir-biri bilen gepleşmediler diýseňem boljak. Teke öz maşgala tanyşlarynyň biriniňkide ýaşajakdygyny aýtdy. Dymyp çaý içdiler. Soňra Pyragy kagyzy eline aldy-da, öten agşam ýazanlaryny okap başlady. Ol öz goşgularyny häzir diňe oňa, şu ýaş ýigide okap berip biljekdi. Myhman goşgy baradaky pikirini ýüze çykarmady. Ýöne Pyragy onuň parahat gözlerine ynanýardy. Şular ýaly gözi bolan şahyrlar şygryýete düşünýär…
Myhman gitjek wagty oglanjyk birden aglamjyrap, onuň donuna gysmyljyrady. Şu pursat Pyragynyň ýaş tekäniň gözlerinde gören zady öz ýüregnde ummasyz şatlyk bolup tolkun atdy. Diýmek, ýeriň ýüzünde söýmegi, rehim etmegi başarýan uly ýürekli güýçli adamlar bar entek!.. Ol bolsa tas adamlara ynanmasyny goýupdy.
Olar howla çykan wagtlary goja zeminde her pursat bolup biläýjek ýagdaýlaryň biri boldy. Ýaş ýigit bilen goňşy Sähetdurdynyň gyzy bir-birlerini gördüler. Olaryň gözleri diňe sähelçe pursatlyk gabatlaşdy: ýaş batyr hem gyz. Ýöne kuwwatly gizlin güýç olary şobada biri-birine baglady. Olaryň duşuşygyny Allanyň özi taýynlamadymy näme?
Gyz ýekeje pursat ýigide seredip, şobada beýlesine bakdy. Ol sazagyň gury şahalaryny döwmegini dowam etdi, ýöne hereketleri, eginleriniň öwrülişi, asyl tutuş özi bütinleý başgaça bir hadysa öwrüldi. Şu pursata çenli rahat bolan teke ýigidiniň gözlerinde bir täsin duýgy doňup galdy. Hatda agzy hem oglanjyklaryňky ýaly, çalarak açyklygyna galdy. Edil beýleki zenanlar kimin, gyz ýigitden paýhaslyrakdy we hemme zada derrew düşündi. Ýigit bolsa entegem hiç zada düşünenok…
Teke atyna atlandy-da, ýene bir gezek töweregine garaşdyrdy. Gyz oňa diňe tozanly ýol bilen çapyp barýarka garap galdy…
Birden onuň gursagy Meňlini küýsemekden ýaňa yzaly iňläp gitdi. Gyz ilkinji duşuşygyndaky ýaly görnüşde ýadyna düşdi. Şu kesel çaga onda ysgynsyz ýatan ýaşaýşy oýaraýdymyka?! Şu gün hiç bir zat soňky ýyllardaky ýaly däl.
Oglanjyk ýene uklady. Pyragy onuň başyny sypap, daş çykdy. Nirä we näme üçin barýandygyny ol anyk bilmeýärdi. Ýöne aňy çet gyraky garaňky duwalyň, darajyk girelgäniň, onuň ençe ýyl bäri ýaşaýan öýüniň suratyny çekýärdi.
Adamlar öňem şahyry hormatlap salamlaşýardylar. Ýöne şu gün Pyragy öz oý-hyýallaryndan daşlaşansoň, adamlaryň gözünde adaty bolmadyk, bir wagt unudylan bir zady gördi. Olaryň salamynda aýratyn bir sylag bardy. Näme bolduka? Ýa diňe onuň göwnüne öňkülere meňzeş däl ýaly bolup görünýärmikä? Birden hemme zat onuň aňynda dikeldi: ýykylyp barýan çaga, Seýit hanyň bürjeşip duran gözleri, Durdy hanyň dodaklaryndaky köpürjik… Şuňa çenli ol özüniň eden işi hakynda pikir etmändi.
Ol haýatyň girelgesiniň ýakynyndan birnäçe gezek eýlä-beýlä geçdi. O ýerden hiç kim çykmady. Öz-özüne sögünen Pyragy yzyna öwrülip, öýüne ugrady.
Şahyr şäher bilen barýarka, Muhamet Porsa gabat geldi. Porsy ony görmediksirän boldy. Diňe onuň ýuka dodaklarynda ýylgyryş peýda boldy. Eger başarsalar, belki, ýylanlar şeýdip ýylgyrardy.
Keramatly Hojamyrat aga zenan şaý-sepleri satylýan dükanyň ýanynda durdy. Ol salama jogap berdi, ýöne şobada beýlesine öwrüldi. Bu gowulygyň nyşany däl. Hojamyrat aga her bir adama mähirli ýylgyryp bakmagy özüniň borjy hasaplaýardy.
Hawa, indi ony gününe goýmazlar. Onuň molladygyna-da seretmezler. Ýöne Pyragy, näme üçindir, olaryň gep-gybatyndan, ýazgarmalaryndan asla gorkmaýar.
Magymguly bulanyk derýajygyň üstündäki köprüden ötüp barýarka, yzdan atyň horruldysy eşidildi. At ony köpriniň tutawaçlaryna tarap dykdy. Ol suwa ýykylmazlyk üçin tutawaçlardan ýapyşmaly boldy. Şonda göni depesinde Durdy hanyň guduz gözlerini gördi. Kiçijik han hapa sögünip, çeýe gamçysyny howada galgadyp, atyny oýnadyp gitdi.
Pyragy şu ýerde gorkdy. Arkasyna sowuk der indi. Ýöne ol özi üçin gorkmandy. Onuň ýadyna ýaş teke bilen gyz düşüpdi. Birdenem olaryň ýagdaýynyň nähili aýylgançdygyna aýdyň düşündi. Gökleň gyzy bilen teke ýigidi, üstesine-de, halanmaýan gullaryň neslinden. Gyz bolsa hut Hojamyratlaryň öz neberesinden. Hem adagly! Olaryň bir-birini unudyp biljekligini Pyragy hiç göz öňüne getirip bilmedi. Ol şahyrdy ahyry…
Teke ýigidi ertesi gün ýene geldi. Öňküsi ýaly sesini çykarman şahyry diňledi.
Şahyr o günler dünýädäki ähli zady ýadyndan çykardy. Oglanjyk hem-de onuň ýanynda oturylyp ýazylan goşgular Pyragynyň ömrüniň manysydy. Çaga gijelerine gygyrýardy.
Pyragy her gije ýaş batyra öz goşgularyny okap berýärdi…
Bu çöllerde dünýäniň iň garabagt halky ýaşaýar. Mekir Hywa, deýýus Buhara, ýyrtyjy Eýran biri-birni parçalaýar. Iň agyr ýaralar bolsa şu halkyň teninde galýar. Bu halkyň atlylary suw hakyny almak üçin Hywanyň, Buharanyň, şanyň goşunlarynyň öň hatarynda gidýärler. Teşnelikden ölmezlik üçin dogan dogany öldürýär. Tekeler, ýomutlar, gökleňler, salyrlar şol bir ene dilinde bir-birini näletleýär. Türkmen eneleri hem şol dilde ölen ogullarynyň agysyny aglaýarlar.
Hanlar halasgär bolup bilmez. Adam sypatyny ýitiren, husyt hem wezipeparaz hanlar şahyň ýa emiriň ýekeje mähirli baş atmasy üçin atasyny satmaga taýyn. Birleşik gylyjyny galdyrjak batyra şöhrat bolsun!
Golsuz oglanjyk kellesini horja eginleriniň içine çekip, goşgulary diňleýärdi. Pyragy onuň dodaklarynyň şygryň setirlerini gaýtalaýandygyny gördi. Şeýle agşamlaryň birinde üç bolup otyrkalar, Pyragy ele dutar aldy, oglanjyk onuň aýdymyny ýuwaşja aýtdy.
Iki erkegiň hem bokurdagy doldy. Çaganyň arassa, ýuwaşja sesi şahyryň ajy sözlerini aýdýardy. Edil şu görgi baryny gören, ejir baryny çeken, şeýle sowuk hem dogduk bu topragyň özi golsuz oglanjygyň aýdymynda aglaýan ýalydy.
Ýöne, ine, onuň sesi berkäp başlady. Ol sesde Pyragynyň mertlik hakyndaky goşgularynyň demir ýaly berkligi, ot çabran ýaly howury duýulýardy. Gylyçlaryň öz-özi gynyndan çykyp barýardy, at toýnaklarynyň güpürdisinden Gara Gumlar sarsýardy, duşmanlaryň başyndan ar-namys hem ölüm gylyjy inýärdi!
Ýaşaýyş Allanyň eradasy bilen ýoluny dowam edýärdi. Pyragy gije arygyň ýanyna çykanda, iki sany kölegäni gördi.
Ýagty aý özüniň päkize nuruny dökýärdi. Ak süýde ýugrulan syrly tümlügiň astynda zemin rahat ýatyrdy. Arygyň suwy sedasyzja akýardy. Alla bu howsalaly aý nuruna ýugrulan tümlügi nämedir bir ajap iş üçin ýaradan bolmaly.
Teke ýigidi bilen gyz agajyň gujagynda duruşlaryna biri-birlerine seredişýärdiler. Şahyr olaryň bu ýere şertleşmän gelendiklerini bilýärdi. Olar bu durmuşda entek öz sözlerini aýdyp görmändiler. Ýöne olar duşuşman galyp biljek däldiler.
Olar şeýdip, Hakdan gorkup hem-de oňa gözel dünýä bilen bilelikde peşgeş eden ömri üçin hoşallyk bildirip ümsüm durdular. Allahyň haýsy dogasy olaryň gözlerinden çykýan şugladan güýçli?.. Zemin şeýlebir ümsümlikdi welin, ol ýaşlaryň ýürekleriniň urgusyny eşidýärdi. Belki-de, bu Pyragynyň öz ýüregidir…
Bulara päsgel bermäge kimiň haky bar? Şahyr yzyna öwrülip, haýaljak ýöräp öýüne ugrady…
Gündiz ol ýene şol beýik duwalyň töwereginde aýlandy, onuň gapysynyň her bir sesi onuň gursagynda howsalaly agry bolup ýaňlanýardy.
Pyragy özüniň nagyşly kümüşlerini bütinleý unudyp, diňe ýazmaga başlady. Oglanjyk bolsa düýşünde owazly sözleri gaýtalaýardy.
Şäherde tanyşlary ondan gözlerini gaçyrýardylar. Gürleşmek üçin saklananlarynda-da, töweregine gorky bilen garanjaklaşýardylar. Onuň öýüne indi diňe çet-gyralarda ýaşaýan garamaýaklar gelýärdi.
Ol ýene-de aryga tarap ugrady. Kenarda oturan teke ýigidi gyzyň ellerini öz aýasynda saklap, ajaýyp, tolgundyryjy sözleri aýdýardy. Şahyryň ýüregi sarsyp gitdi. Bu sözleri birwagtlar ol öz Meňlisine pyşyrdap aýdyp beripdi. Ýaş ýigit bu goşgynyň kimiňkidigini bilmeýärdi. Ähli aşyklar eýýäm ençe ýyl bäri olary özleriniňki hasaplaýardylar.
Aýyň ýüzüni garamtyl gök bulutlar örtdi. Aý bir pursatlyk görnen wagty gyz ýüzüni asmana tutdy. Aýyň şöhlesi onuň bugdaýreňk boýnundaky inçejik, akja zynjyrjyga düşüp ýyldyrady. Munuň özi gyzyň adaglanandygyny aňladýan nyşan…
Ol ýatyp bilmedi. Pyragy özüniň baky Meňlisi bilen ýaşlyk ýyllarynda şol arygyň boýunda duşuşypdy. Ol ýene-de aýralygyň ajysyny duýdy, gyzy başgalardan – güýçlülerden hem baýlardan aklyny ýitirip gabandy. Aňyrdan gaýdan bir tolkun onuň bogazyna hykylap dykyldy. Edil birwagtlar zerurlyk zerarly Hywa gitmeli bolan pursaty gaýtalandy. Ol gussa bilen könäni ýatlap oturşyna hakydasyndan çykyşyberen setirleri ýatlady:
– Ýok, adamlar nämedir bir zady ters edipdirler. Gurhanyň aýallar hakyndaky sözleri Allanyň eli bilen ýazylan däldir. Söýgi, parahatlyk, rehimdarlyk – bularyň hemmesi Hakyň emri bilen aýallarda şöhlelenýär. Onsoň, zenan erkegiň bar ýerinde dymyp ýörse, dünýäde haýyr bilen adalata orun bolmaz.
Ol bir gezek Meňlä duşdy. Meňli şahyra parahatlyk bilen bakýardy: gündelik aladalardan ýaňa lüti çykan kyrk ýaşly aýal. Agzy-burny dymyş ýaglygy – ýaşmak bilen örtülen. Kellesinde agyr börük. Hemmesi edil beýleki müňlerçe aýallaryňky ýaly.
Ýöne bu näme? Onuň gözlerini, Pyragynyň ýaş ýigidiňki ýaly gözlerini görüp, Meňli tisginip gitdi. Elini ýüreginiň üstüne basdy. Ýaşmak tanyş possujak dodaklardan aşak gaçdy. Okara gözler giňden açylyp, täsin nurlandy. Onuň öňünde birwagtky öz Meňlisi durdy! Gymmatly gözleriň gyrasynda ýygyrtlar bolsa bolubersin, ýaňaklaryň öňki ýaly gyzarmagam hökman däl, saçlaryň çalarandygynyň hem aýby ýok. Bu şol birwagtky Meňlidi. Olar ýigrimi bäş ýyl mundan ozalky ýaly gabat durup, biri-birine bakýardylar. Soňra hiç zat diýmän aýrylyşdylar. Bu ýerde söz zerur däl.
Wagt ýaşlyk döwründäki ýaly bildirmän geçip dur. Pyragy başyna gara bulutlaryň toplanýandygyny bilýär, ýöne bu hakda pikirlenmek islemeýär. Onuň uly dünýäsiniň ýanynda kiçijek ömrüniň näme manysy bar.
Ol ýazýardy, ýazanlaryny okaýardy, ýazylanlarynyň kiçijek golak aýdymçynyň sesinde agryly yza hem gözýaşlara ýugrulyşyny diňleýärdi. Göwnüne olar birek biregi ömürbaky tanaýan ýalydy:
şahyr, oglanjyk we batyr. Oglanjyk bu günler dartylan ýaly boldy, çuňňur ejiriň ýowuz möhüri ony basym uly adm etdi. Ullakan hem güýçli batyr bolsa örän parahatdy. Ýöne onuň bu parahatlygynyň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyny Pyragydan gowy bilýän adam ýokdy.
Arygyň ýanyna baran şahyr ýaşlary aýyň yşygynyň aşagynda görmedi. Olar agajyň kölegesine süýşüpdiler. Şeýle-de bolmalydy…
Soňky gezek Pyragynyň göwnüne aşyk-magşuklary gizlin synlaýan başga-da biri bar ýaly göründi. Ol yzyna gaýdan wagty arygyň beýleki kenaryndaky gyrymsy agaçlaryň arasynda kimdir biriniň kölegesi görnüp gitdi. Ýene-de adamlar Hakyň işine goşulyp başladylar…
Ýaş batyr ilkinji gezek ýere bakdy. Onuň gulaklary gyzardy, ol öz ullakan ellerini – urşujynyň demir ýaly ellerini nirä gizlejegini bilmeýärdi. Ýöne, ine, ol şahyryň göni gözüne seredip, özüni diňlemegini haýyş etdi. Pyragy ony yşarat bilen saklady we sessiz başyny atdy.
Ol çyranyň ýagtysyna gözüni dikip, uzak wagtlap oturdy, teke ýigidi bolsa demini alman, sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ahyry Pyragy onuň şaýadynyň barlygyny ýa ýoklugyny sorady. Ýigidiň agzy açylyp galdy. Bu adam onuň näme sorajakdygyny nireden bilýärkä? Ol keramatly bolsa gerek. Ýöne şahyr bary-ýogy bir şahyrdy…
Tekäniň şaýady bardy. Çölde hywalylar çozandan soň, onuň ýanynda galan çalasyn çowdur ýigidi. Ýöne alnyp gaçylan gyza şaýady nireden tapjak? Haýsy aýal muňa milt eder? Pyragy dymyp, ýagçyranyň oduna bakýardy. Ol şeýle aýaly tanaýardy.
Olar şahyryň öňündäki toý halysynyň üstünde utanjaňlyk bilen biri-birinden öwrülip otyrdylar. Ýaş teke ýigidiniň ýanynda uzyn boýly, ýanyp duran gözli çowdur oturdy. Gyz tarapda bolsa Meňli otyrdy. Ol şahyryň çakylygyna emgenmän seslendi.
Pyragy özüniň iň gowy ýaşyl donuny geýdi. Kelesindäki gar ýaly ak sellesi dos-dogry dolanypdy. Ol asylly dabara bilen degişli soraglary berdi. Bu ýaş ýigit kim? Onuň kakasy kim bolupdyr? Atasy kim bolupdyr? Ol haýsy nebereden we bu neberä ysnat getiren adam barmy? Onuň özi är ýigide gelişmejek bir ters işler etmedimi?
Şaýat jogap berýärdi. Ol hiç zady gizlemedi. Tekäniň atasy gul bolupdyr. Onuň ýedi arkasynda igi ýok. Onuň özi erkek sözüne mynasyp. Pyragy elini galdyryp “Guluň zähmeti hem Haka edil igiň zähmeti bilen des-deň ýaraýar” diýdi.
Soňra Meňli jogap berdi. Hawa, bu gyzyň kakasy, atasy we atasynyň kakasy Hojamyradyň keramatly urugyndan. Olaryň şejeresi pygamberiň özünden gaýdýar. Ýöne gyz öz boýnundan adaglanyş zynjyryny üzüp aýyrdy… Pyragy inçejik demir zynjyrjygyň gyzyň boýnunda gyzylymtyl yz goýandygyny gördi. Ol “Alla şeýle bolmagyny isländir” diýdi.
Şahyr gyz bilen ýigide üç ýola şol bir sowal bilen ýüzlendi. Olar Hakyň eradasyna laýyklykda, şerigatyň düzgünleri boýunça bile ýaşamaga razymy? Her gezek dessura laýyklykda, ýaşlara derek şaýatlar jogap berdiler. Şundan soň, Pyragy ýaşlaryň külbike barmaklaryny birleşdirip, Alladan dileg etdi.
Magtymguly nikany hiç wagt şeýle joşgun bilen gyýmandy. Ol ömründe maşgala sapaklaryny az çatmandy: gojalary ýaş gyzlar bilen, owadanlary bedroýlar bilen, ýaşlary ýaşlar bilen birleşdiripdi. Ýöne bu işi beýle joşgun bilen edip görmändi. Hatda, dogalary ýaňyltmaç aýdan ýaly tiz gaýtalap, käbir sözleri ýuwdup goýberip, nika gyýan gezekleri-de bolupdy…
Ýöne häzir ol näme üçindir tolgunýardy. Bir sözi sypdyrsa, masgaraçylyk boljak ýalydy. Bu aşyk-magşuklary birleşdirýän her bir söz çuňňur manyny özünde saklaýardy.
Ýagçyra gös-göni ýanýardy. Adamlar demini zordan alyp otyrdylar. Diňe Pyragy pyşyrdap arş bilen gürleşýärdi. Şahyr özüniň haýyrly, paýhasly, ynsanperwer Hudaýynyň ady bilen bu iki ykbalyň baky bitewiligini tassyklady. Pyragy onuň öňünde hemişekisinden-de beter arassady.
Oturanlar uludan dem aldylar. Ol elini öňe uzadyp, ýaşlaryň barmaklaryny aýyrdy we ikisini är-aýal diýip yglan etdi. Indi golsuz oglanjygam otaga goýberilipdi. Çowdur gowrulan etli gazany alyp girdi. Onuň ortarasyndan goýnuň çala bişen ýüregini çykardy. Ýürek iki sany deň bölege bölünendi. Ýüregiň bir bölegini teke ýigidine, beýlekisini gyza berdiler. Onsoň, ýaşlar nikalaryny berkitmek üçin Gara Gumlaryň gadymy däbine laýyklykda, ýaňyja-da diri bolan ýüregi iýdiler.
Olar öýden çykdylar. Ýakymsyz güýz şemaly öwüsýärdi. Howsalaly asman bulutlar bilen ýapylypdy. Kepbäniň golaýynda beýik eýerleriniň üstüne horjun atylan iki sany at taýyn durdy. Teke ýigidi bilen gyz hemmelere hoşallyk bildirip, ata atlandylar we sessiz hereket etmäge çalyşyp, garaňka siňip gitdiler.
Çowdur şahyr bilen hoşlaşdy, atyna atlanyp, başga tarapa gitdi. Pyragy beýlesine öwrüldi, elini döşüne gysdy. Meňli hem oňa edil şeýdip sessiz jogap berdi. Soňra ol oglanjygyň başyny sypalap, ýaşmagyny ýaşynyp, öz öýüne ugrady.
Pyragy ýene-de köp wagtlap diň salyp durdy. Dagyň eteginde bir ýerlerde şagallar uwlaşdylar. Ol oglanjygy golaýyna çekip, boşap galan kepbä girdi.
Irden köçede güňleç sesler eşidildi. Daş çykan Pyragy atlylary gördi. Sähetdurdynyň öýüniň töwereginde kyrk töweregi atly çarp urýardy. Olar Hojamyradyň neberesidi.
Olar sähralarda atlaryň çapylyşy ýaly, ýaýrap giden hatarlar bilen şahyryň öýüniň duşundan zymdyrylyp geçip, daga tarap at saldylar. Ýekejesi-de şahyr tarapa başyny öwürmedi. Pyragy olaryň yzyndan sessiz seredip galdy. Ol nirä barýandygyny bilýärdi. Indi bu keramatly öwlatlaryň hiç biri onuň bilen hem, onuň çagalarydyr agtyklary bilen hem gepleşmez. Bu nebere şu günki güne çenli öz mertebesine degen hiç bir adamy bagyşlamandy. Onsoňam, Hojamyradyň neberesini hiç kim, hiç haçan şeýle derejede kemsitmändi!
Olaryň niýeti nämekä? Ýigit bilen gyzy Allanyň sözüniň birleşdirendigini eýýäm hemmeler bilýär ahyry…
Entek ýoluň tozany ýatyp ýetişmänkä, ýene-de bir topar daga tarap at saldy. Pyragynyň ýüregi howlukdy. Şahyr gulamlary – Seýit hanyň janpenalaryny, adam sypatyndaky hakyky wagşylary tanaýardy.
Şäherde howsalaly hyşy-wyşy artdy. Pyragy ýakynlaşyberende, hemmeler ümsüm bolýardy. Şahyra gizlin gorky bilen seredýärdiler. Adamlar onuň eden işini nädip edip boljakdygyna haýran galýardylar. Eýýäm hiç kim onuň ýanyna gelip bilmeýärdi. Pyragy şäheriň içi bilen adamlara seretmän, sessiz geçip gitdi. Şahyr adamlara düşünýärdi we olary bagyşlady.
Üçünji gün tutuş şäher köpriniň ýanyna ýygnandy. Adamlar uzaklara seredip garaşýardylar. Sowuk güýz howasynda tozanly, bulançak howa doňup durdy. Bu howa tikenli dykyz diwar ýaly bolup, Gara Gumlardan bärligine süýşüp gelýärdi. Şäherde bu batyl çöl şemalyny türkmen ýagyşy diýip atlandyrýardylar.
Atlylar garaňky tozanyň içinden peýda boldular, hamana, olar şu tozan bilen bile gelýän ýalydylar. Indi olar bitewi bir göwre bolup, aty ata ýakyn sürüp süýşüp gelýärdiler. Adamlaryň gazaply ýüzi gamaşyp durdy. Olar alty sany maslygy alyp gelýärdiler.
Ölüleri çaýhananyň golaýynda, ýere düşelen tagtanyň üstünde goýdular. Bendeleriň donlary uzyn gyrmyzy zolaklar bilen parçalanandy. Sähetdurdynyň agasynyň çapylan bokurdagy garalyp durdy…
Kowguçylar agşamara, gaçgaklar jülgäniň çykalgasyndan geçip barýarkalar kowup ýetipdirler. Teke ýigidi atyny yza öwrüp durupdyr. Atlylar darajyk dag ýodasynda alatozan bolup garpyşypdyrlar. Söweş kiparlan wagty iki adam daşlaryň üstünde ýatan ekeni. Olar ýene ýigide topulýarlar, ýene ikä parçalanan bir adam ýere ýazylýar.
Diňe üçünji gezekde olar ýigidiň elinden aman sypyp bilipdirler.
Sähetdurdynyň uly agasy ýigidiň boýnuna inçe arkan taşlaýar. Şo ýerdäkileriň hemmesi onuň üstüni basýar. Ýigit ýüpe çolaşyp ýatan ýerinden özüniň kuwwatly göwresi bilen kowguçylary aşagyna basmarlaýar.
Birden inçe ýüp gowşap gidýär. Imany öçen atlar çarpaýa galýarlar. Şu ortada bütinleý ünsden düşürilen gyz arkany tutup duranyň üstüne topulýar. Ol gyzyň kakasynyň agasydy. Ol eýýäm ýere ýykylypdy, gyz bolsa entägem keltejik, ýöne inli pyçagyny dyngysyz işledýärdi.
Şu pursat olaryň üstüne ýyrtyjy jandarlar ýaly uwlaşyp, Seýit hanyň gulamlary topulýar…
Gara duzly çäge ýeriň ýüzünde köwsarlaýardy. Ýaşlary ýollaryň çatrygyna getirdiler. Ýüpüni çözensoňlar, ýigit atyň arkasyndan tozanly topraga gürpüldäp düşdi. Ýigidiň kuwwatly göwresi ýüňden örülen ýogyn ýüp bilen pile ýaly saralandy. Ol dymyp ýatyşyna ýokaryk seredýärdi.
Soňra dykyz ak keçäniň ýazyp, içindäki gyzy ýere taşladylar. Gyz şobada ýüpi kertmäge, üzüşdirmäge synanyşyp urundy. Ol tozana bulaşyp toglanan wagty ýüp sürtelýän ýaralardan ýene gan akyp başlady. Ýöne olary biri-birine arkalaşdyryp baglan batlaryna gyz köşeşdi.
Saňsar daşy, nälet daşy, çölleriň gadymy kanuny, olara şu jeza garaşýardy. Eger adaglanan halyna başga biri bilen ýakynlaşan bolsa, zemin bilen asman olaryň ikisinden hem ýüz öwrer. Adamlara bir işi edäýmek galýar: günäkärleri berk daňyp, uly ýola taşlamaly. Ýoldan geçen her bir adam, Gara Gumlaryň adalatynyň hatyrasyna, iň uly daşy alyp, olara tarap zyňmaly. Olar şeýdip, daşlara gömülip, ölüp galarlar. Olaryň atlary-da näletlener.
Ýöne bu ikisi Hakyň sözi bilen birleşdirilipdi ahyry! O söz adamlaryň iň gadymy dessurlaryndan-da güýçli dälmi, eýsem? Bu hakykaty Hojamyradyň tohumy bilmese, başga kim bilmeli?!
Ýüzlerçe adamlar dartgynly ümsümlikde garaşyp durdular. Goňşy obalardan hem täze adamlar gelip, atdan düşüp durdular. Mähelle dymýardy. Diňe sal-sal eşikli Mämmet däli ýigide gargaýardy. Ol “Ähli tekeleriň, ýomutlaryň bir başdan damagyny çalmaly” diýip gykylyklaýardy, onuň wagşy gözleri hiç bir zadyň deňinde saklanmaýardy. Adamlar tirýekiniň mojuk owazyny diňläp duruşlaryna sessiz garaşýardylar.
Birden mähelle tolkun atdy. Şäherden atlaryny ylgawyna goýberen atlylar çykdy. Öz adamlary bilen Seýit han ýetip gelýärdi. Onuň gapdalynda keramatly Hojamyrat aganyň hut özi gelýärdi. Olar ýakyn gelip saklandylar. Hojamyrat aga howlukman atdan düşüp, Sähetdurda ümledi.
Gyzyň atasy mähelleden ýuwaşlyk bilen sogruldy-da, togalak, ýylmanak daşy alyp, bat bilen zyňyp goýberdi. Gyz göni atasyna seredýärdi. Daş gyzyň kiçijek döşüne uruldy. Sähetdurdy yzyna öwrülmän, birnäçe ädim ätdi-de, elini goýberdi. Mämmet däli ýerinden galkyp turup, her dogry degen daşa şatlykly gülüp başlady. Daşlaryň köpüsi ýatanlara degmeýärdi.
Birden, atmak üçin eline daş alanlaryň galdyran elleri doňup galdy. Mähelle herekete geldi. Daňylgylaryň edil aňyrsynda Pyragy durdy. Onuň egninde şol öňki ýaşyl dony, başynda gar ýaly ak sellesi bardy.
Adamlar ondan götinjekleşip daşlaşdylar… Ol nädip bu ýere gelmäge milt etdikä?! Ýa bu mydama işi oňmaýan molla ak sellesi özüni gorar diýip pikir etdimikä?
Ýöne Pyragy hiç zada bil baglamaýardy. Ol şu ýere golak oglanjyk bilen gelip, hemme zady başdan-aýak synlamalydy.
Adamlar üçin Hakyň sözi nämä durýar? Adamlaryň erkine şeýle boýun sunýan bu Sözüň özi näme!.. Olaryň hemmesi şahyra seredýärdi: hondanbärsi Seýit han, nadan Kakabaý, sülekeýini akdyryp ýören Hoşgeldi han, äpet Hojamyrat aga. Adamlar oňa çar tarapdan seredişýärdiler. Olaryň gözleri her dürlüdi: zalym hem mähriban, nadan hem dana, hilegär hem dogruçyl. Onuň edil öňünde goşa ýyldyz ýaly, agirt uly gyz gözleri bardy.
Howada diňe sowuk şemalyň endigan güwwüldisi asyl-asyl bolup durdy. Olar şahyrdan nämä garaşýarlarka? Onuň goh turuzarynamy, ýalbararynamy ýa Hakyň ady bilen gargarynamy?! Ol bularyň peýdasynyň ýokdugyny bilýär-ä. Adat olar üçin näme? Olar akyldaryň nikasyny ykrar etmediler. Olar şuny islediler. Adamlaryň aňynda adatyň bozulmagy, bu jenaýatyň jezasynyň çekilmejekdigi hakyndaky pikir asla döremeli däl. Hudaý, olaryň Hudaýy mydama olaryň oýlap tapan adatynyň tarapynda bolar. Onuň Hudaýy – rehimli, mähriban, adamçylykly Hudaýy näme?!
Keramatly Hojamyrat aganyň hut özi egilip, ullakan daşy galdyrdy. Agras ädimläp, ýatanlaryň edil ýanyna bardy, daşy galdyryp, onuň bilen ýigidiň ýüzüne güýçli urdy. Ýigit keramatly adamyň ýüzüne-de seretmedi. Hojamyrat aga beýleki tarapdan gelip, ullakan daşy alyp, gyzyň ýüzüne urdy. Mähelläniň ýokarsyndan wagşy gykylyk göterilip gitdi. Onlarça, ýüzlerçe daşlar güýlüngi ýatanlara tarap atyldy. Ýigit kellesi hem aýaklary bilen ýoluň ýumşak topragyny tozadyp, guduzlan ýaly depirjedi. Ol özüniň äpet göwresi bilen gyzy urgulardan goramaga çalyşýardy. Ýöne daşlar çar tarapdan ýagýardy. Gan gören adamlar birden wagşylaşdylar. Tirýekden akly çaşan Mämmet däli tans edýärdi, gykylyklaýardy. Hiç kimiň bosagasyndan ädip bilmeýän Mämmede birden iki adamyň ömrüniň hem ölüminiň üstünden häkimlik etmek mümkinçiligi berildi. Ol edil hapysa, porsy syrtlanyň daňylgy şiri öldürişi kimin, bu iki jany öldürýärdi. Seýit hanyň gulamlary hyňranyşyp, biri-biriniň elinden daşlary gaňyryp alýardylar.
Diňe Hojamyrat aga hemişekileri ýaly özüni parahat tutýardy. Ol indi daş yzyndan daş alyp, diňe gyza zyňýardy. Ägirt uly, zalym, deýýus goja özüniň gujagyna giresiniň gelmändigi üçin gyzy öldürýärdi.
Şemal güýçlendi. Ol duzly tozany has kän getirip başlady. Pyragy ümsüm durşuna, bu guduzlan adamlaryň depesinden hapa asmana bakýardy. Golsuz oglanjyk sandyrap, oňa gysmyljyraýardy.
Güýlünenler birwagt hereketden galypdylar. Olary şol daşlap duruşlarydy. Daşlar hereketsiz bedenlere güňleç urulýardylar. Ýoluň çal tozany adam gany bilen garjaşyp şepbeşik bolupdy. Diňe ýigidiň açyk gözleri entek janlydy.
Bir kiçijek adam atyny öňürdikledip, öňünden çykanlary gapdala iteleşdirip, mähelläniň içine gelip girdi. Bu gijä galan Durdy handy. Adam gany ony özüne çekýärdi. Ol gamçy bilen urgulary paýlap barşyna, güýlünenleriň ýanyna gelip, hereketsiz bedenleri wagşylarça gamçylap başlady. Gamçynyň ujundaky agyr gurşun daşy ýigidiň gözüne degdi. Pyragy gabaklaryny aşak goýberdi, soň adamlara ser saldy. Birden, hemmeleriň özüne bakýandygyny gördi. Oňa gaşlaryny çytan Seýit han hem, gözleri it ýylgyryşy bilen syrtarýan Hoşgeldi han hem, dikboýun nazaryny diken Hojamyrat han-da seredýärdi. Ýöne Muhammet Porsynyň gözleri has gaharly, hemme zady girdabyna ýuwutjak ýigrenç bilen bakýardy. Bu Muhammet samsyk adam däldi ahyry. Onuň özünden başga hiç kim onuň häzir şeýle peselendigini duýup bilmez.
Ýöne, ine, Seýit han öz adamlary bilen at çapdyryp gitdi. Mähelle basym dargamaga başlady. Daş zyňan adamlar serhoş düýşden aýňalan ýaly boldular. Indi olar bir-birege seredişip ellerini nirä gizlejeklerini bilmeýärdiler. Adamlar adam öldürilen ýerden tizräk gitmäge howlugyşyp, öz atlaryny gözleýärdiler.
Basym ýoluň ugrunda diňe Seýit hanyň iberen dört sany gulamy galdy. Olar ot ýakyp, oňa çoýun taňkalary goýdular. Olaryň biri goh edip ýürege düşen Mämmet dälini depip goýberdi. Däli yzaly sesleri edip, şähere eňdi.
Sakgallak gulamlar gara ýapynjalaryň ygyna geçip, oda ýylanýardylar. Olar aram-aram şahyra göz aýlap goýýardylar. Pyragy bolsa entägem oglanjygy goltugyna gysyp durdy. Olaryň ikisi hem ýoldaky üýşmek daşdan gözlerini aýyrmaýardylar… Ol juwan batyryň parahat bakýan jahyl gözlerine şeýle bir ynanypdy welin, häzir onuň ölüp galandygyna gümany bardy. Ýöne Pyragy bilen oglanjyk bir gezegem arşa ýüz tutmady.
Ýoluň ugrunda käýarym bir ýalňyz araba ýa-da atly görünýärdi. Ötegçi atlaryny saklady, daş gözläp tapdy, ony daşlaryň üýşmeginiň üstüne zyňdy. Daşlar daşa gaty ses bilen tarkyldap degýärdi.
Şu günüň dowamynda gulamlar ýene-de üç gezek namazlyklaryny tozanly topraga ýazdylar. Olar ýüzlerini Mekgä öwrüp, hereketsiz durýardylar, soňra dyza çöküp, ellerini öňe taşlap, ýüzlerini namazlyga degirýärdiler. Pyragy olara sesini çykarman seredýärdi.
Zeminiň üstüne sowuk gije abandy. Şemal öňküden hem güýçlendi. Donuň etegini üstüne ýapynan oglanjyk sowukdan ýaňa üşäp titredi. Pyragy aýagynyň üstünde zordan durdy. Ýöne olar gitmeýärdi.
Şäheriň gyra-çetlerinde görünýän otlaryň iň soňky yşyklary öçensoň, gulamlaryň ekabyry daşlaryň üýşmegine tüýkürdi. Dördüsi hem ata atlanyp, bu ýerden gitdiler.
Toýnaklaryň agaç köprä degýän güpürdileri ýatansoň, Pyragy bilen oglanjyk daşlaryň üýşmeginiň ýanyna bardylar. Pyragy ullakan üýşmekdäki daşlary bir-birden gapdala zyňyp başlady. Ol daşlary ilkibada ýuwaşjadan, soňra barha tiz zyňyşdyrdy. Oglanjyk penjesiz elleri bilen başardygyndan oňa kömek edýärdi. Öçüp barýan oduň soňky ýylpyldylary olaryň kölegelerini bökjeklemäge mejbur edýärdi: ullakan we kiçijek kölege…
Eller birhili şepbeşik bolup başlady. Birden Pyragynyň eli ýylyny duýdy! Ýigidiň ýazgyn kuwwatly egniniň ýylysy bardy. Pyragy bir adatdan daşgary güýç bilen ýigidi özüne çekdi, iň soňky daşlar ýola döküldi. Şahyr ýüpi kesişdirdi, ýöne gyzyň sowuk bedenini ýigidiň entek janly göwresinden aýyrmak kyn düşdi. Ol pyçagyň sapy bilen ýigidiň barmaklaryny ýazdyrmaga mejbur boldy…
Az-kem wagt geçdi, oduň iň soňky közleri öçüşip galdy. Gije öňküden-de beter tümlük boldy. Ýaglanan tigirler jygyldamaýardy. Aýyň sowuk şekili howadan akýan çägäniň aňyrsyndan käte bir sary tegmil bolup görünýärdi, käte bolsa bütinleý ýitip gidýärdi. Pyragy ýigidi araba ýüklänsoň, üç ädimlikde bir adamy gördi. Ol aýyň ýagtysyna goňşusy Sähetdurdyny tanady. Ýöne Pyragy araba gyzyň göwresini-de ýükläpdi.
Pyragy atyň jylawyny eline alyp, şäherden uzaklara ugrady. Arabada oturan oglanjyk mydama töweregine garanjaklaýardy. Ýaňky adam hem garama gara olaryň yzlaryndan gelýärdi.
Olar şeýdip uzak ýörediler. Soňra Pyragy atyny saklap, pil bilen ýer gazmaga başlady. Ol çukura jansyz gyzy ýatyrdy, üstüni gömüp, ujy ak mataly taýagy tümmege dürtdi. Olar ýoluny dowam etdiler, ýöne ýaňky adam olardan galypdy. Ol adam tümmegiň ýanyndady.
Olar daga galyp başlanlarynda, oglanjyk Pyragynyň egnine kakyp, yz tarapa ümledi. Ol ýerde ägirt uly ot şemalyň ugruna çabyrap, çaýkanyp ýanýardy. Näçe uzak bolsa-da, Pyragy öz öýüni tanady…
Ol uzakda ýanýan oda köp wagtlap seredip durdy. Soňra ýene atyny çekip, yzyna garaman, öňe gitdi.

Epilog

Sowuk gyş tamam boldy. Munça şemally we garly gyş ýaşulularyň ýadyna-da düşmeýärdi. Sowugyň ornuna ýylynyň aralaşýan güni bolan Nowruz öl çägäni joşgun bilen süýşürýärdi. Oňa derek Gara Gumlarda hiç wagt şeýlekin gök otlar, şeýle gyzyl güller, şeýle mawy asman… hiç wagt bolmandy.
Şeýle joşgunly baharda gyzyl gülleriň gan ýaly gyrmyzy deňiziniň içi bilen üç sany atly obadan oba aýlanýardy. Çalasyn habar çölüň üsti bilen çar tarapa ýaýraýardy. Adamlar obalarda olaryň gelerine garaşyp, taýýar durýardylar. Olaryň biri dutarda saz çalýardy, golsuz oglanjyk bolsa aýdym aýdýardy. Onuň aýdymlarynda yza, gazap we ynsan hyjuwy şeýlebir kändi welin, adamlaryň ýüregi şundan soň öňküleri ýaly parahat urup bilmeýärdi. Olar aýdym aýdýan wagtlary, üçünji – dymma, bir gözli, ýüzünde ýara yzlary bolan batyr ýaş ýigitler bilen göz astyndan habarlaşýardy. Onuň şeýlebir täsirli garaýşy bardy welin, myhmanlar gidenlerinden soň, erkek adamlar hiç zat gürleşmän, ýaraglaryny barlaýardylar.
Hawa, bular şol adamlardy: Gara Gumlarda öňde-soňda bir gezek dörejek iň beýik şahyr, iň gowy aýdymçy we iň uly urşujy. Olary ýanlary bilen birleşik gylyjyny getirýärdiler. Ol gylyjyň gyny edil şygyr ýaly täsin nagyşlar bilen bezelendi.
Pyragy döşüni dolduryp, çölüň sergin şemalyndan dem alýardy, ol indi öňki ýaly yza duýmaýardy. Ol zenanlara eginlerini ýazyp, arkaýyn ýylgyryp seredýärdi. Zenanlar hem şahyra çalasyn nazar salyp, jogabyna ýylgyrýardylar, ýüzleri al öwüsýärdi. Ol ýaşlygyň juwan paýhasy – zemindäki iň uly paýhas bilen joşýardy!
Onuň kalbynda hem başynda her pursat täze bir keşpler döreýärdi. Onsoň, sözler edil başymyzyň ýokarsyndaky ak bulutlar ýaly, azat hem erkin akyp başlaýardylar. Ol özüniň iň gözel şygyrlaryny hut şu döwürler ýazypdy.

Moris SIMAŞKO.

Edebiýat.

1. Симашко Морис. Маздак. Искупление Дабира. Повести Черных и Красных песков. Москва: Советский писатель, 1984. Bu kitapda ýazyjynyň “Mazdak” hem “Dabiriň tobasy” atly taryhy romanlary, “Ýowşan”, “Parfiýa balladasy”, “Haýýamyň hajy”, “Gara gumlarda” atly taryhy powestleri özünde jemleýän “Gara hem Gyzyl gumlaryň powestleri” atly toplumy ýerleşdirilipdir.

Terjime eden Baýram AKATOW.

https://galamdash.com/proza/pyragynyn-peryady-moris-simasko/
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 347 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Moris Simaşko | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]