21:43 Pyşbaga bilen içýan | |
PYŞBAGA BILEN IÇÝAN
Bir pyşbaga bilen bir sary içýan Äht edişip, dost boluşyp jana-jan, Günleriň bir güni ýola çykanmyş, Ikisi-de kemerlerin dakanmyş. Ýolda içýan diýen aýnadyp dilin: "Dostum, men oýlanyp görýärin welin, Ýokdur saňa menden ýakyn, mähriban, Biz ikimiz göýä bir tende bir jan!" Şo pille hem öňden bir ýap çykypdyr, Içýan aljyrapdyr, herýan bakypdyr. Pyşbaga dostuna diýipdir: "Şepe, Näme üçin birden sen bolduň hapa?" Içýan diýen: "Ýok, meň ýüzmek adatym, ÖZüň bilýäň, gumda gezmek adatym." Dosty diýen: "Gam iýme-de mün meni, Suwdan sag-amanja geçirin seni!" Dostuny hopba edip, boýnuny sozup, Pyşbaga başlapdyr tolkunda ýüzüp. Ýolda içýan dostun ençe çakypdyr, Zäherini aýamazdan döküpdir. Pyşbaga diýipdir: "Niýetiň ýaman, Gaýtsaň päliňden, başyň bor aman. Dost diýip, duşmanyň etme sen işin, Oýlan, birden gözden akmasyn ýaşyň." Içýan diýen: "Şu boluşym besdir, bes, Kişi wesýetine edemok höwes!" Pyşbaga dostuna nägile bakyp, Bir çümüpdir. Içýan gidipdir akyp. * * * Kim duşmandan tutsa ülpet, Öz başyna geler külpet! 1914 ý. Hamza HEKIMZADA. Terjime eden G.GURBANSÄHEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1961 ý. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||