23:45 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Bardyr her bir söze zyñyp otyran Ýa-a gaýşyp, terse zyñyp otyran. Her bir gürleýän ýañra-da däldir, Belki, dana däldir dymyp otyran. *** Artykmaç abraýa zaram-a däldiñ, Giñişdiñ, o diýen daram-a däldiñ, Ýaranjañlañ õwgüsinden ýaryldyñ, Üwläp çiširilýän saram-a däldiñ. *** Özi õz ýanyndan bagşy bolardy, Õz sesi özüne ýagşy bolardy. Betbagt giç doglypdyr, şu sesi bilen Öñräk doglan bolsa, jerçi bolardy. *** Hudaýy agtaryp näçe gezdiler, Tapylmansöñ, gözlemekden bezdiler. Eger tapylaýan bolsa-da, ony Ýaranjañlar bize ýetirmezdiler. *** Şabyrdap ýaganda baharyñ ýagşy, Ezildiler oña ýigitler ýagşy. Gara gyşdan üşäp çykan adama Baharyñ ýagşyna ezilmek ýagşy. *** Ýaragsyz nyşana atyp bolanok, Paýhasyñ soñyna ýetip bolanok. Ol başarsa akyl satjak, wah, ýöne Özüñde ýok zady satyp bolanok. *** Bir zady aýdaýyn, şuny berk belläñ: Mydam eden işi ters bolar gendäñ. Sakawlap, sakawa öýkünen bolyp, Özem sakaw bolyp galaýdy bendäñ. *** Gaýtalap özünden öñkileri ol, Gaýtalap özünden soñkylary ol, Ine indem öz-özüni gaýtalap, Boşan küýze ýaly hoñkurady ol. *** Oñat günler geçip gidip barýandyr, Erbet günler geçip gidip barýandyr. Günler saña dost duşmanyñ kimdigin Ýuwaş-ýuwaş açyp gidip barýandyr. *** Sen ulalsañ, dost guwanar adyña, Duşman bolsa badak salar badyña, Dostyñ bilen tersleşenñi duýdygy, "Dost men" diýip, duşman geler ýanyña. *** Kyndyr bu durmyşyñ kadasyn bozmak, Gül täleýi - ýazda güllemek, solmak. Goý, bize hiç haçan nesip etmesin Gül bolyp açylsak, bigadyr bolmak. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |