13:38 Ruhdaşyma | |
RUHDAŞYMA Dördi kem otuz ýyl "görüşmedik" biz, (Göwün görmedignem küýseýär aşa.) Haýp geçdi ýaşlygym — iň oňat ýyllam, Haýran, bilipdirin şunça ýyl ýaşap... Görmedik gözlerim janymy alýar, Eşdilmedik sesiň maňa "allan"-dyr. Ruhum güllän bolsa ýekeje ýerde, Bir ýerlerde saňa duşup gülländir... Hatyň ýok. Habar ýok — Höwes ýok. Dynç ýok Ejiriň dürlüsin gören ýürekde. (Heýhat, ruhum, indi nämä örtenýäň?! Geziber howaýy göwün ýüwürt-de!) Ýetdik paýym — ömrüm gury ýaşalar, Sataşmasam saňa ýyllaň birinde. Gowulyga ýorgun, gama batmagyn Bir perişan düýşleriňe giremde... 04.11.2018 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ «Всех повестей его герои плоховаты…» / Goşgular - 27.01.2023 |
√ «Я призываю вас шашкой…» / Goşgular - 15.02.2023 |
√ Ýazylmady dile görä / Goşgular - 31.01.2023 |
√ «Годы твои – гора…» / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Sönmezek umyt / Goşgular - 21.01.2023 |
√ Çagaly öý / Goşgular - 04.01.2023 |
√ «Нет, мне не надо ни солнца, ни яркой лазури…» / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Sabam sen / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Deprem Şiiri / Goşgular - 13.02.2023 |
√ «День идёт…» / Goşgular - 08.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |