13:02

"Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün..."

"RUHUMY BAR ZATDAN BOŞATDYM ŞU GÜN..."

Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün,
Başymda-da alada ýok, söweş ýok
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.

Indi sabry-kararym ýok çykmaga
Meýlis keýpi bilen säher düze-de.
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri
Birmahal hilesiz geçirjekdim men.
Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip,
Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men.

Oňat işleň başynda-da durmadym,
Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda.
Belki, şoň üçindir ýagty dünýede
Söýen ýokdy meni ejemden başga.

Siziňem şäherňiz ýaranok maňa,
Meger bärde uzak durmasam gerek.
Gözlemeli borun nämedir bir zat
Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek.

O belli, ýüregmiň boşan künjüne
Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly.
Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş,
Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.

Kakamyrat ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 274 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Milaýa0409  
1391
Söýgi, mähir gerek köñle gyş dolmaz ýaly...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]