01:01 Rus şahyry Nikolaý Rubsowy ýatlap... | |
RUS ŞAHYRY NIKOLAÝ RUBSOWY ÝATLAP...
...Bolmasam-da onuň deňi, Görmesem-de asla ony, Ýadyma kän düşüberýär, Russiýanyň Rubsowy. Oňa durmuşyň bagyşlan, Bir topar kyn şerti - tanşym. Iç hümledip bir özüniň, Çetde çeken derdi-tanşym. ...Goşgy bilen gowulary Gujaklap bilen şahyr, - Goşgy bilen ýamanlary Pyçaklap bilen şahyr. - Çyn şahyrdyr, serhet bilmez, Ýesir alar sagy-soly. (Sen şolaryň biri dälmi, Russiýanyň Rubsowy?!) Ýöne ajal namartlady, Ir äkidip Rubsowy... (Şahyrlarynyň ir ýitmegniň, Bomazmy, bir öňi-soňy?!) Russiýa awunanda, Ir giderip Rubsowy. "Poeziýa uly zyýan Çökdi" diýsem, ýalňyş bormy?! ...Russiýanyň şahyry köp, Biri-birisinden gowy! Şol gowynyň biri dälmi, Russiýanyň Rubsowy! Gurbanýaz DAŞGYNOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |