17:20

Rus sowet dramaturgiýasy

RUS SOWET DRAMATURGIÝASY

Rus dramaturgiýasynda Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, ösüşiň täze eýýamy başlanýar. Sowet döwrüniň irki eýýamyndaky gapma-garşylyklar, esasan işçiler we krestýanlaryň buržuaziýa garşy alyp barýan synpy göreşlerini beýan etmekden ybarat bolupdyr. Şol pýesalarda rewolýusiýanyň gahrymanlaryna täzeçe keşp berip, olaryň şahsyýetlerini döwrüň talabyna görä täzeçe ýokary götermek syýasaty öňe sürlüpdir. W.W.Maýakowskiniň "Misteriýa-Buff” (1918) pýesasy döwrüň talabyna gabat gelýän ýokary derejedäki eser hasaplanmak bilen Rus Sowet dramaturgiýasynyň taryhyna girdi. Bu eser diňe bir mazmun taýdan däl-de, ýazylyş görnüşi bilenem öňki drama eserleriniň gurluşyna zarba urup, wagyz-nesihat ediji äheňde sahna çykaryldy. Döwri filosofiki pikirlenmek arkaly guýmaklyk, halkyň gylyk-häsiýetleriniň, milli meseleleriniň üsti bilen berip bilmeklik A.W. Lunaçarskiniň "Faust we şäşer” (1918), "Oliwer Kromwel” (1920), "Foma Kampanella” (1921), "Kansler we slesar” (1921) pýesalarynda has aýdyň duýulýar. Dramaturglar A.S.Serafimowiçiň "Marýana" (1920), A.S.Hewerowyň "Zenanlar” (1920), "Zaharowyň ölümi” (1920), A.A.Wermişýewiň "Gyzyl hakykat” (1919), P.A.Arskiniň "Gyzyl Sowetler üçin” (1918) pýesalarynda oba adamlarynyň gadymdan gelýän durmuşy tertip-düzgünlerini bozmak meseleleri ýiti ýagdaýda öňe sürlüpdir. 20-nji ýyllaryň ortalarynda we aýaklarynda döwrüň hakykatyny çuňňur suratlandyryp bilýän dramaturgiýa peýda bolýar. Bu döwür rus sowet dramaturgiýasynyň ýetişen döwri hasaplanýar. Açyk synpy garşylyklar howaýy-rewolýusion hereketleriň bellenilýän günlerinde beýan edilmän, belli bir sosial-psihologik keşplerde köne dramalaryň görnüşinde beýan edilipdir. Dramaturglar jemgyýetçilik öňe gidişlikleri proletar rewolýusiýasynyň ýurda getiren adatlarynyň üsti bilen adamlaryň aňyna ýetirmeklige synanyşyp başlapdyrlar. Sahnada täze pikirlere uýýan, sowet gurluşy ugrunda göreşiji gahryman-kommunist peýda bolup ugrapdyr. L.N.Seýfullinanyň we W.Prawduhiniň "Wirineýa” (1925) pýesasynda rewoýusion garaýyşly bolşewik Suslowyň obaly sadaja aýal Wirineýa täsir edip onuň aňynda täze adamy emele getirişi suratlandyrylýar. L.M.Leonowyň adybir powesti esasynda "Sakartorsuk” (1927) pýesasynda baş gahrymanyň çuňňur psihologiýanyň üsti bilen özüni köpçüligiň ýolbaşçysy, baştutany edişi görkezilýär. Rus dramaturgiýasynyň taryhynyň täze eýýamy bolan Sowet dramaturgiýasynyň we teatrynyň ugruny kesgitlän K.A.Trenýewiň "Lýubow Ýarowaýa” (1926), Ws.Iwanowyň adybir powesti esasynda "Bronepoýezd 14-69" (1927), B.A.Lawrenýowyň "Çat açmak” (1927), W.N.Bill-Beloserkowskiniň "Gom” (1925), B.S.Romaşowyň "Ýanýan köpri” (1929) pýesalary az wagtyň içinde klassyka öwrülip gidýär. Sowet klassykasyna öwrülen "Lýubow Ýarowaýa”, "Çat açan”, "Bronepoýezd 14-69” pýesalarynda rewolýusiýada halk köpçüli- gini aýaga galdyrmakda intelligensiýanyň täsiri beýan edilýär. "Rewolýusiýa bilen hemme zat ýagşy” diýen ideýa we täze gylyk-häsiýetler döwrüň pýesalarynyň esasy özeni bolup hyzmat edipdir. Halk dramalarynda köpçülik diňe bir "ses” hökmünde ulanylman, eýsem gapma-garşylyklary çözmekde aýgytlaýjy güýç hökmünde öňe çykarylýar. "Lýubow Ýarawaýda” mugallym zenan Lýubow Ýarawaýanyň, "Çat açanda” kapitan Bersenýewiň, "Bronepoýezd 14-69-da” kommunist zenan Peklewanownyň keşpleri ilkinji psihologik taý-dan güýpli işlenen Sowet dramaturgiýasynyň önümi bolupdyr. Pýesadaky rewolýusion-dialektik häsiýetler sahnada hereket edýän gahrymanlary-keşpleri dünýä sahna sungatynyň galereýasyna goşupdyr. W.N.Bill-Beloserkowskiniň "Gom” pýesasynda ýaş sowet dramaturgiýasynyň täze ideýa we çeperçilik kadalary
aýdyň duýulypdyr. Pýesada öňden gelýän düzgüne görä aýratyn estetiki gahryman orta çykarylmandyr. Oňa derek "Gomyň” gahrymanlary-rewolýusiýa we ony goraýjylar bolmak bilen esasan ýurtda bolup geçen graždanlyk urşunyň wagyz-nesihatlary pýesa siňdirilipdir. B.S.Romaşowyň "Otly köpri” pýesasynda köne dünýäniň satiriki ýagdaýyny suratlandyrylman oňa derek, ilkinji gezek Sowet dramaturgiýasynda ýurtda alnyp barylýan industrilaşdyrmak işiniň komandiriniň, paratçylykly çekilýän zähmetiň "gyzyl direktorynyň” keşpleri öňe sürlüpdir. Ýokarda atlaryny agzan pýesalarymyzyň içinde ady boýunça iň jüpüne düşeni B.A.Lawrenýewiň "Çat açmak” pýesasy hasaplanýar. Sebäbi dowam edip gelen sosial, jemgyýetçilik, gylyk-häsiýet ýaly ýagdaýlaryň arasynda köne bilen täzäniň arasynda "çat açmaklyk” bolup geçýär. Netijede rewolýusion duýgy, halkyň aýgytly hereketi üstün çykýar. Graždanlyk urşunyň beýany D.A.Furmanow bilen S.Poliwanowyň "Pitne” pýesasynda özüniň düýpli beýanyny tapypdyr. Dramaturg Ws.Iwanowyň "Gabaw” (1929) pýesasynda buržuaz eden-etdiligiň aradan aýrylmagynyň rewolýusiýanyň ýeňişi bilen tamamlanandygy suratlandyrylýar.
Sowet dramaturgiýasynda täze satiriki kömediýa žanrynyň ilkinji emele gelmegi W.W.Maýakowskiniň dramaturgiýasy bilen baglanşykly hasaplanýar. Onuň "Tagtabiti” (1929), "Hammam” (1930) pýesalarynda geçmişiň galyndylaryna, urup-adatlaryna bolan urgy, meşşançylyga, wezipeparazlyga we býurakraytiýa bolan ýiti gülki, şol bir wagtyň özünde täze adamyň gelejege azat zähmete bolan waspnamasy örboýuna galýar. W.W.Maýakowskiý "Tagtabiti”, "Hammam” pýesalarynyň üsti bilen könäni ret edýän, täzäni tassyk-laýan, Rus dramaturgiýasyndaky täze görnüşli satiriki komediýanyň düýbüni tutdy. Bu komediýalar we M.Gorkiniň pýesalary sosialistik realizmiň çäklerini kesgitlän sahna eserleri bolup rus dramaturgiýasynyň taryhyna girdi. Rus dramaturgiýasynda B.S.Romaşow hem satiriki komediografiýanyň binýadyny goýanlaryň biri hasaplanýar. Onuň "Çişirilen işlekli” (1925), "Kriworylkiniň soňy” (1926) pýesalarynda "nepçilik” (NEP - täze ykdysady syýasat Şeýle syýasat sowet döwrüniň ilkinji ýyllarynda döwlet ykdysadyýetini kesgitläpdir, ideologiýanyň kemçiliklerini ýüze çykarypdyr) A.M.Faýkonyň "Wezipeli adam” (1928) pýesasynda buržuaz ahlagynyň galyndylarynyň, wezipeparazlaryň, durnuksyzlaryň garşysyna alnyp barylýan syýasaty tomaşaça sada sözlülik bilen düşnükli edip ýetiripdir. Dramaturglar A.I.Bezymensliniň "Atyş” (1929), N.R.Erdmanyň "Mandat” (1925) komediýalary hem maz-mun taýdan "Wezipeli adam” pýesasyna golaý bolupdyr.
Rus dramaturgiýasynda 20-nji ýyllaryň aýaklarynda azat zähmet, adamyň şahsyýetiniň azatlygy, zähmete bolan höwesi, täzeden pikirlenmäni başarýan adamyň dünýä inmegi ýaly meseleler öňe sürlüpdir. Şol döwrüň taryhyna giren spektakllary bolan A.N.Afinogenowyň "Samsyk” (1929), A.G.Glebowyň "Inga” (1929) pýesalarynda adamlarda emele gelýän täze häsiýetler hakynda, adam mertebesi hakynda, azat zähmet hakyndaky öňe sürmeler döwür üçin iň wajyp sungat hasaplanypdyr. Rus intelligensiýasynyň aňynda bolup geçýän üýtgeşiklikleriň taryhy kanunalaýyk bolmaklygy M.A.Bulgakowyň "Trubinleriň güni” (1926) pýesasynda doly açylyp görkezilýär.
Ýaş sowet dramaturgiýasyndaky graždan ruhybelentlik mazmun M.Gorkiniň "Ýegor Bulyçýew we beýlekiler” (1932), "Dostigaýew we beýlekiler” (1933) pýesalarynda aýdyň görnüpdir. M.Gorkiniň rewolýusiýadan öňki dramaturgiýasyna mahsus bolan çuňňur psihologik çylşyrymly häsiýetler onuň bu pýeselarynda taryhy wakalaryň, ýiti sosial gapma-garşylyklaryň gurluşy has-da ösdürilipdir. Ol köne dünýäniň dargaýşyny baý dramaturgik güýç we öňden görüjilik bilen Ýegor Bulyçýewiň keşbinde öňe çykarypdyr. M.Gorkiniň dramatugiýasy täze sowet teatrynda öňden gelýän galyndylary ýeňip geçmekde we sosialistik realizmi döretmekde uly täsirini ýetiripdir.
Ýaş sowet döwletiniň öňünde 30-njy ýyllarda ýurdy industrializasiýany, kollektiwizasiýany döretmek we aýaga galdyrmak öňe sürülipdir. Şol wagtlar döwür bilen aýakdaş gopýan dramaturglar N.F.Pogodin, W.W.Wişnewskiý, A.N.Afinogenow, W.M.Kirşona, L.M.Leonow, K.M.Simonow peýda bolupdyrlar. N.F.Pogodinyň "Depgin” (1930), "Palta hakynda poema” (1931), "Meniň dostum” (1932) pýesalarynda sosialistik gurluşa degişli täze ösüş depginleri, täze sosialistik häsiýetler emele gelip ugrapdyr. N.F.Pogodin rus sowet dramaturgiýasyna sosialistik ösüşiň täzeçe depginlerini bermek arkaly hususy eýeçilik bilen döwlet we köpçülikleýin eýeçiligiň arasyndaky bolup geçýän garşylyklary häsiýetlendirip, döwlet eýeçiligindäki zähmetkeş adamynyň mertebesini joşgunly beýan etmekligi öňe sürüpdir. Şeýle garşylyklar täze eýýamyň, täze dünýäniň özara çaknyşygy bolup dramaturgiýanyň taryhyna girdi. N.F.Pogodin öz pýesalarynda täze döwrüň dramaturgik görnüşlerini ulanmak arkaly öňden gelýän sahna gurluşyndan daşlaşyp, biri-birinden üzňe gelýan sahna hereketiniň girizilmegini gazanypdyr. Pýesalar durmuşyň akymy boýunça gurnalyp, metbugat täzelikleri ýaly bir zada öwrülipdir. Sahnada hereket edýän keşpler ýaş industriýanyň wekilleri bolmak bilen rewolýusiýanyň zähmet adamlary üçin ýokary akyl ýetiriş pursatdygyny ýaňzydýan ideýa hökmünde hyzmat edipdir.
Täze dramaturgiýa gözlegleri W.W.Wişnewskiniň dramatyrgiýasynda hem dowam etdirilipdir. Ol öz pýesalarynda rewalýusion ideýalara ýugrulan arzuwçyllyk keşpleri gözläpdir. Şeýle, ýokary arzuwçyllyk keşpler oňuň "Ilkinji atly göşun” (1930), "Soňky çözgüt” (1931) pýesalarynda, esasanam "Optimistik tragediýasynyň” (1933) soňynda uly öwüşgünlik bilen ýokary derejä galdyrylypdyr. Şu pýesalarynyň üsti bilen W.W.Wişnewskiniň joşgunly gahrymançylyklary, kyn sosial garşylyklarlary ýüze çykarmakdaky, çuňňur filosofiki çözgütleri çözmekdäki, nesilleriň geljege bolan ynamyny döretmekdäki özboluşly öňe sürmeleri emele gelipdir. 20-nji ýyllaryň aýaklarynda 30-njy ýyllaryň başlarynda I.L.Sewinskiniňem hiç kime meňzemeýän özboluşly dramaturgiýasy peýda bolupdyr. Ol esasan şahyrana filosofiýanyň üsti bilen tragediýalar döretmäge ukyply bolupdyr.
Rus dramaturgiýasynyň ösmegine ukrain dramaturgi A.Ýe.Korneýçugyň rus diline terjime edilen pýesalary belli bir derejede goşant goşupdyr. Onuň "Eskadrilýanyň heläk bolmagy” (1933) tragdiýasynda baş gahrymanyň halk üçin janyny gurban edişi, tomaşaçynyň kalbynda halkyň ýeňişi uly güýç bolup ýaňlanypdyr.
Dramaturg W.M.Kirşonyň syýasy sýužetlari örüsini giňeldän döwlet bäş ýyllygyndan söz açýan "Polat ýollar ses edýär” (1928), 26 Baku komissarlarynyň hereketlerini beýan edýän "Ýeller şäheri” (1929), oba ýerlerinde alnyp barylýan synpy göreşleri suratlandyrýan "Çörek” (1930) pýesalary halkyň aňyna täsir etmekde belli bir sepgitlere ýetipdir. Şeýle mazmuny öz içine alýan Ýe.G.Ýanowskiniň "Gazap” (1930) pýesasam peýda bolupdyr. Azat zähmeti beýgeldýän W.P.Kataýewiň "Diňe öňe tarap” (1932) pýesasam uly şowhun döredipdir. Çylşyrymly filosofiki dünýägaraýyş meselelerine ýugrulan, aýdyň çözgütleri öz içine alýan dramaturg A.N.Afinogenowyň "Gorkunç” (1931) pýesasy döwrüň iň ýokary drama eseri hasaplanmak bilen köne ylmy işgärleriň rewolýusiýa bolan garaýyşlary suratlandyrylýar.
Şol ýyllarda bir tarapdan N.F.Pogodin bilen Ws.W.Wişnewskiniň, beýleki tarapdan W.M.Kirşon bilen A.N.Afinogenowyň aralarynda gapma-garşylykly çedeller, çekişmeler başlanýar. N.F.Pogodin bilen W.W.Wişnewskiniň arasyndaky gapma-garşylyklar, gözlegler döwrüň köp dramaturglarynyň goşulmagy bilen öňden däp bolup gelýän dramalaryň geljekde kamerniý, psihologik, gahrymançylykly tragediýalaryň ösmegine ýol açypdyr. Geljekgi dramaturgiýanyň ugruny kesgitläpdir.
Rus dramaturglary döwrüň täze hilli dramaturgiýasyny baýlaşdyrmakda dörediji zähmet adamsynyň gahrymançylyklaryny öz içine alýan köp taraplaýyn sahna eserlerini döretmeklige ýüz urupdyrlar. Şeýle öňe sürlen ugur dramaturglar A.Ýe.Korneýçugyň "Platon Kreçet” (1934), A.N.Afinogenowyň "Uzaklyk” (1935), B.Woýtehow bilen L.S.Lençanyň "Pawel Grekow” (1939), L.D.Tur bilen L.Şeýniniň "Ýüzbe ýüz” (1938), L.N.Rahmanowyň "Toprak” (1937 ý. N.Ýe.Wirtiniň "Ýalňyzlykda” atly romanynyň esasynda), "Birahat garrylyk” (1937), W.M.Gusýewiň "Şöhrat” (1936), K.M.Simonowyň "Bizuň şäherimizden bolan ýigit” (1941) pýesalarynda mese-mälim duýulypdyr. "Platon Kreçetde” lukman Kreçetiň, "Uzaklykda” ýaşlar guramasynyň (komsomol) ýolbaşçysy Malkonyň, "Şöhratda” lýotçik Motylkowyň, "Biziň şäherimizden bolan ýigitde” serkerde Sergeý Lukoninyň keşpleri çuňňur watan söýüjilige gaplanan, özleriniň kärini jandan söýýän, öňe gitmekligiň ugurlaryny kesgitläp bilýän, joşgunly, şatlykly gahrymanlar hökmünde öňe sürlüpdir. Adamyň güýjüni täzeden emele gelýän wakalara ugrukdyrmakda, olaryň zähmete bolan garaýyşlaryny ösdürmekde döwrüň dramaturglarynyň biri A.A.Kronyň "Çuňňur gözleg” (1941) pýesasy belli bir derejede meşhurlyk gazanypdyr. Dramaturg M.A.Swetlowyň şahyrana dramaturgiýasynda ýaş sowet döwletini wasp etmeklik onuň "Erteki” (1939), "Ýigrimi ýyldan soň” (1941) pýesalarynda uly güýç bilen beýan edilipdir. Şeýle beýan etmeklik dramaturglar A.N.Arbuzowyň "Tanýa” (1939), A.N.Afinogenowyň "Maşenka” (1941) pýesalarynda hem dowam etdirilipdir.
Sowet döwletiniň 20-ýyllygyna bagyşlanyp döwletiň düýbüni tutujy W.I.Leniniň keşbi N.F.Pogodinyň "Tüpeňli adam” (1937), A.Ýe.Korneýçugyň "Hakykat” (1937), K.A.Trenýowyň "Newanyň kenarynda” (1937) pýesalary sahna çykarylypdyr. Bu eserler öz döwründe rus dramaturgiýasynyň ösüp ýetişen ýokary derejesi hasaplanypdyr.
20-30-njy ýyllarda çagalar dramaturgiýasynda bolan galkynyş peýda bolup onuň sakasynda belli dramaturglar A.Ýa.Bruşteýin, W.A.Lýubimowa, S.W.Mihalkow, S.Ýa.Marşak, Ýe.L.Şwars, N.Ýa.Şestakow, I.W.Ştok durupdyrlar.
Şol döwürde W.W.Maýakowskiý, B.S.Romaşow, N.R.Erdman, A.I.Beymmenskiý ýaly dramaturglar tarapyndan düýbi tutulan sowet komediýa žanry ösüş ýoluna düşüp ugrapdyr. Ýokarda atlary agzalan dramaturglar bilen bir hatarda W.W.Şkwarkiniň "Özgäniň çagasy” (1933), K.Ýa.Finnanyň "Saşka” komediýalaram döwrüň meşhur eserlei hasaplanypdyr. Çagalar dramaturgy Ýe.L.Şwarsyň "Kölege”, "Aždarha” komediýalary göçme manyda berilmek bilen tomaşaçylaryň aňyna täsir etmekde uly üstünlikden peýdalanypdyr.
Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen rus ýazyjydyr, dramaturglarynyň öňünde sowet halkynyň söweş meýdanlarynda we halk hojalygyndaky edermenliklerini wasp edýän eserleri döretmeklik baş wezipe hökmünde öňe sürülýär. Eýýam 1942-nji ýylda dramaturglar K.M.Simenowyň "Rus adamlary”, A.Ýe.Korneýçugyň "Front”, L.M.Leonowyň "Çozuş” ýaly pýesalary halky ýeňişe çagyrmakda döwrüň iň oňat eserleri bolup rus dramaturgiýasynyň taryhyna ömürlik girdi. Dramaturglaryň bu eserlinde Watany azat etmekde So-wet halkynyň gaýduwsyzlygyň, olaryň özboluşly häsiýetleriň şahyrana filosofiki derejede berilmegi eserleri has-da beýge göteripdir. K.M.Simenowyň "Rus adamlary” pýesasynda ýönekeýje Sowet adamlarynyň ähli kynçylyklary öz üstüne alyp, gahrymançylykly ýeňişe tarap baryşy suratlandyrylsa, L.M.Leonowyň "Çozuşynda” beýik halk hereketi görkezilip, pýesanyň merkezinde bir adamyň keşbiniň üsti bilen beýleki bir adamyň ykbalyny kesgitlemek ugrundaky alyp barylýan göreşler açylyp görkezilýär. A.Ýe.Korneýçugyň "Frontynda” urşuň kada-kanunlaryny äsgermän, edepsiz, diňe özüni bilýän býura-kratlaryň üstünden graždan jemgyýetçiligiň batyrgaýlyk bilen gülüşi suraratlandyrylýar. Şol bir wagtyň özünde-de täze görnüşli sowet serkerdesiniň emele gelşi ussatlyk bilen berlipdir. Öňde baryjy Sowet serkerdesiniň häsiýetleri dramaturg A.A.Kronyň "Flot serkerdesi” (1945) pýesasynda-da geregiçe suratlandyrylypdyr. Sowet adamlarynyň ýeňişlerini şöhlelendirmek Ýu.P.Çe-puriniň "Stalingradlylar” (1944), B.A.Lawrenýowyň "Deňizdäkiler üçin!” (1946), K.Ýa.Finnanyň "Pýotr Krymow” (1943), M.I.Aligeriň "Hakykat hakynda erteki” (1945), L.A.Malýuginiň "Köne dostlar” (1946) pýesalarynda dowam etdirilipdir.
Rus dramaturgiýasynyň 30-40-njy ýyllarynda esasy ugurlarynyň biri ýurduň geçmişini, onuň taryhy ýagdaýlaryny tomaşaça aýan etmek bilen bagla-nyşykly bolupdyr. Dramaturglar I.W.Bahterýewiň bilen A.W.Razumowskiniň "Serkerde Suworow” (1938), W.A.Solowýewiň "Feldmarşal Kutuzow” (1940), çuňňur psihologik çeperçilik bilen beýan edilen A.N.Tolstoýyň "Pýotr I” (1-nji görnüşi 1930 ý, 2-nji görnüşi 1935 ý, 3-nji görnüşi 1938 ý), "Bürgüt we mäki bürgüt” ("Iwan Groznyý”, 1945), "Kyn ýyllar”, ("Iwan Groznyý” 1946), pýesalary tomaşaçylara taryhy kitap bolup hyzmat edipdir. Ýokarda beläp geçen pýesalarymyz barada käbir teatr tankytçylarynyň aýtmaklaryna görä, eserdäki hereket edýän baş personažlaryň keşpleriniň ýokary adamlar edilip gerekmejek ýerinde çenden aşa mahabatlandyrylmagy I.W.Staliniň şahsyýet kultunyň emele gelmegine uly täsir edipdir. W.A.Solowýewiň "Beýik hökümdar” (1945), W.W.Wişnewskiniň "Ýatdan çykmajak 1919-njy ýyl” (1949) pýesalarynda-da umumy adamzat duýgusyna mahsus bolmadyk häsiýetler beýge galdyrylypdyr.
Beýik Watançylyk urşundan soňky döwyr dramaturglaryň öňünde durýan wezipe uruş sebäpli weýran edilen halk hojalygyny täzeden dikeltmek hereketine baş goşan zähmet adamlaryny wasp etmekden, olaryň alyp barýan işlerini tomaşaça ýaýmakdan ybarat bolupdyr. Aýdyň we açyk publisistika ýugrulan A.W.Sofronowyň "Bir şäherde” (1947), Sowet goşunyň nemesler tarapyndan weýran edilen bir şäheriň azat edilişini we onuň dikeldişini görkezýän N.F.Pogodiniň "Parahatlygyň döredeni” (1945), durmuşda öz bagtyňy gözlemek, dünýä akyl ýetirmek ýaly zatlary öz içine alýan L.M.Leonowyň "Altyn araba” (pýesanyň 1-nji redaksiýasy 1946 ý, 2-nji redaksiýasy 1957 ý) sahna çykarylypdyr.
Rus dramaturgiýasynda kapitalistik ýurtlaryň öňdebaryjy wekilleriniň öz ýurtlaryndaky syýasy göreşlerini suratlandyrýan K.M.Simonowyň "Rus sowaly” (1947), B.A.Lawrenýowyň "Amerikanyň sesi” (1950) pýesalary ýazmaklyk ýaly zatlaram giň gerime eýe bolupdyr.Bu ýagdaý ýurtlaryň arasyndaky synpy çaknyşyklary açyp görkezýän eser hökmünde kabul edilipdir.
Rus dramaturgiýasynyň ösmegini 40-njy ýyllaryň aýaklarynda yza çeken "gapma-garşylyksyz teoriýa” diýen öňe sürmelerem bolupdyr. Sebäbi Sowetler ýurdynda çylşyrymly jemgyýetçilik gapma-garşylyklar, dürli jemgyýetçilik garaýyşlar ýok diýen diýen pikirlerden ugur alnypdyr.
Uly rus dramaturglarynyň biri N.F.Pogodin 50-nji ýyllaryň aýaklarynda W.I.Lenine bagyşlan üç bölümden ybarat "Tüpeňli adam”, "Kreml kurantlary” (1942 ý, 2-nji redaksiýasy 1956 ý) "Üçünji belentlik” (1958) pýesalaryny ta-mamlapdyr. Bu pýesalaryň üçüsindäki öňe sürmeler W.I.Lenini görediji, guramaçy, ýolbaşçy, akyldar, filosof, sowet döwletiniň düýbüni tutujy, täze kommunistik ahlagy işläp düzüji hökmynde ýokary götermekden ybarat. Şeýle öňe sürmeler dramaturg D.I.Zorynyň "Egsilmez çeşme” (1957) pýesasynda-da gaýtalanýar.
Rus dramaturgiýasynda täze peýda bolan kommunistik ahlagy, adama bolan ynamy açyp görkezmeklik A.Ýe.Kopneýçugyň "Ganatlar” (1954) öz döwründe gowy garşylanan pýesalaryň biri bolupdyr. "Leninçilik” ahlagy açyp görkezmeklik A.P.Şteýniň "Şahsy iş” (1955) "Astoriýa myhmanhanasy” (1959) pýesalarynda hem dowam etdirilipdir. Dramaturg A.N.Arbuzowyň "Irkutskiniň taryhy” (1959) atly şahyrana pýesasynda ýaş işçi ýigidiň keşbini döretmek bilen onuň keşbiniň üsti arkaly açyk göwünli, pikirlenmäni başarýan, akylly sowet adamsyny döredipdir. Onuň "Şapakdaky şäher” pýesasy ýokarda bellän eserimiziň dowamy hökmünde tomaşaça ýetirilipdir.
Rus dramaturgiýasynda ýaş adamyň-gahrymanyň häsiýetlerini terbiýelemekde, olaryň tebigy ösüşinde, gylyk-häsiýetinde, däp-dessurlarynda täzelikleri ulanmak W.S.Rozowyň pýesalarynda peýda bolupdyr. Şeýle etmek- lik onuň dramalaryny tebygy ösüşe alyp barypdyr. W.S.Rozow "Ertiriňiz haýyrly bolsun!” (1954), "Şatlygyň gözleginde” (1957), "Agşamlygyň öň ýanynda” (1962), "Toý gününiň öň ýanynda” (1964) pýesalarynda ikiýüzlilige, ýaranjaňlyga, meşşançylyga garşy çykyş edip, adamlaryň ýokary ideýalarynyň tomaşaçylar tarapyndan kabul edilmegini öňe sürüpdir. Ahlak meseleleri dramaturg A.P.Şteýniň "Okean” (1961) pýesasynda deňiz flotynyň goşunlary arkaly beýan edilipdir. Dramaturglar I.W.Ştogyň "Leningrad şa ýolunda” (1962), L.G.Zorynyň "Dostlar we ýyllar” (1961) pýesa-larynda ahlak meselesi işçi maşgalasynyň üsti bilen berlipdir. Bu pýesalarda täze döredilen personažlayň hiç-hili ylalaşygy kabul etmeýändiginede gabat gelinýär. Dramaturglar S.I.Alýoşiniñ "Hemmeler adam bolmaly” (1959), W.W.Lawrentýewiň "Öz ataňy hormatla” (1964), pýesalarynda bolsa adamyň ruhy baýlygy, durmuşa bolan täzeçe garaýşy, dünýä akyl ýetirişi yzarlanylýar. Şol bir wagtyň özünde rus dramaturgiýasynda dokumental dramalary döretmeklige-de synanyşyklar edilipdir. Dramaturglar M.F.Şatrowyň (hakyky familiýasy Marşak) "Altynjy iýul” (1964)
dokumental dramada "çepçi eserowçylaryň” gozgalaňynyň basylyp ýatyrylyşy giňden suratlandyrylypdyr. Şeýle gahrymançylykly dokumental žanr dramaturg A.D.Salynskiniň "Barabançy” (1958) dramasynda has-da ösdürilip rus razwedkaçy gyzynyň geçen ýoly beýan edilipdir. Dokumental drama žanry dramaturglar A.N.Arbuzowyň "Jahankeşdelikde geçen ýyllar” (1954), N.Ýe.Wirtaniň "Göz ýetmeýän alyslyklar” (1957), K.Ýa.Finnanyň "Howsalaly bagt” (1957) pýesalarynda Beýik Watançylyk urşunyň agyr günlerini başdan geçiren sowet halkynyň ýurdy dikeltmek ugrundaky tutanýerli zähmeti beýanyny tapypdyr. Täze häsiýetleri döretmek, ýaş nesliň dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak ýaly zamanabap hereketler A.M.Wolodinyň "Fabrik gyzy” (1956), "Meniň uly uýam” (1961) pýesalarynda geregiçe ulanylypdyr.
Sowet rus dramaturgiýasyda komediografiýa žanrynda-da belli bir ösüşler emele gelip ugrapdyr. Durmuşda şatlyk paýlaýan A.W.Sofonowyň "Aşpez” (1959), "Aşpeziň durmuşa çykyşy” (1961), "Totuguş” (1964) atly üç bölümden ybarat komediýalary döwrüň ösen komediografiýa eserleri hasaplanypdyr. Özüniň satiriki ugry boýunça S.M.Mihalkowyň "Leňňeçler” (1953), "Özüňe ýadygärlik” (1959), L.G.Zoriniň "Hoşgylawlylyk” (1958) satiralaram rus satira sungatynyň ösmegine belli bir derejede ýardam edipdir.
Ýokarda bellän rewolýusiýadan öňki we sowet rus dramaturgiýasynyň köp bölegi daşary ýurt dillerine terjime edilip häzirem ýaşamagyny dowam etdirip ýör.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 269 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]