08:41

Ruslar "Nuhuñ gämisini" ýasaýar!

RUSLAR "NUHUÑ GÄMISINI" ÝASAÝAR!

Mundan iki-üç ýyl öñ Moskwanyñ Döwlet uniwersiteti nesli ýitip-ýok bolup giden we häzir ýaşap ýören ähli janly-jandaryñ DNK-larynyñ ätiýaçlyk gaznasyny döretmäge girişipdi. Uniwersitetiñ rektory Wiktor Sadowniçiý bu maksatnamany "Nuhuñ gämisi" diýip atlandyrandygyny aýdyp, "Bu taslama "Nuhuñ gämisi" diýsek maksadalaýyk bolardy. Göz öñüne tutulan işler doly ýerine ýetirilende dünýädäki ähli janly-jandarlaryñ tohumy bir ýere jemlener. Özem diñe häzir ýaşap ýörenler däl, eýsem ýitip-ýok bolup gidenleriñem DNK-sy bolar. Bu biziñ özümiziñ öñünde goýan iñ kyn wezipämiz" diýip çykyş etdi. "Eger bu maksatnama üstünlikli amala aşaýsa Russiýanyñ taryhynda düýpli öwrülişik bolar. Russiýa Nuhuñ gämisini döreden ilkinji ýurt bolar" diýen Sadowniçiý 2018-2019-njy ýyllarda tamamlanmagyna garaşylýan maksatnamanyñ çäginde öýjüksöw jisimleri täzeden öndürip boljakdygyny, şol bir wagtyñ özünde merkezde informasion sistemalaryñ ýer aljakdygyny-da aýtdy.
Moskwa uniwersitetiniñ botanikadan zoologiýa çenli ähli fakultetdir kafedralarynyñ bilelikde alyp barýan bu tutumly işinde mümkin bolan ähli ýitip-ýok bolan we ýaşaýan janly-jandarlardan biomaterial toplanmaly.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Haýwanat dünýäsi | Просмотров: 449 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Haýwanat dünýäsi bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]