23:41

Sadap / hekaýa

SADAP

Gyzymyň "äberäý" diyip tutyp duran gurjagyny görip meniň inim tikenekläp gitdi,
- Ýok gyzym seret hol ullakan hem owadan eken, men   ol gurjagy satyn almaga däl, gyzymyň görip durmagynam islämokdym.
Ýöne nätjek çaga çaga-da, bir depen ýerini depip dur, kejir. Näme etseňem  bolarly däl. Bolmady almaly boldum. Gyzymyň elinden tutyp gelişime gök gözli gurjagyň meni tisgindiren taryhyny jikme-jik aklymdan geçirdim.

* * *

Şo  habary ilki ejem tapyp geldi.
- Gyw goňşyň Sadap däliräpdir. Men Olla goňşy bilen gidip sorap gaýtjak häzir diýip ol  hilde bir buşluk habar ýaly edip dabara bilen aýdanda dogrusy menä ynanmadym, dädemem ilki gaty biperwaý kabul etdi
-Alaýt heleý senem, Gulagyňa çybyn girse agzyňdan pil bolup çykýamasy barda halys, O görgüliň how däliremäge wagty bardyr öytýäňmi, özi äri bilen oňuşmany atasy öýinde otyran naçar bolsa görgüli...  -Gepem şonda bolsa bildiňmi dädesi, ol görgülini bi heleý sygdyran däldir...
-Bä indi Olla goňşyň ikiňizem oňa nebsiňiz agyryp soramaga barýaňyzda onda?  -Hawa näme gep gözläp barýandyr öýtýäňmi toba  -Näme diýip barjak şo ýer?
-Nirä?
-Kadyr golagyňka, Sadap däliräpdir diýmediňmi, bärden baragetddin “gyzyňyza ýeldirgäpdir, sag-aman gutylsyn’ diýip bolmaza heleý, a-how muň ýalyda özleri şol dertlisinden zeýrenmese, soralyp ýörilse aýyp bolmazmy.
-Waý-eý dädesi ýaman ustawçyl boldyňla meň başyma, biz bir baryp geleli, baranymyzda zeýrener ýörerler-da.   Ejem howlukmaç çykyp gitdi. Kakamam öz aladasy bilen dümtinip ýör. Menem howlydaky ýaňy pyntyk ýaryp başlan agaçlary pudamaga çykmakçydym welin, halys elim işe barmady. Sadap eje hakda ýaňky eşdenlerim böwrime sanjy boldy durdy. Sadap ejeli çagalyk döwrüm göz öňime getirjek boldym, uly bir waka ýadyma düşenok, çalaja sudurly  ýatlamalar. Men heniz mekdep ýaşyna ýetmänkäm ejem bilen dädem, meni  Sadap ejeme goýup işe giderdiler, menem Sadap ejeme iş bolardym, ejem bilen kakamdana öler ýaly gorkardymam welin. Sadap ejemiň ýanynda baý betlik edendirin-ä. Kakam içgili gelse zat etse-de ejem meni Sadap ejemlere eltip gaýdardy. Özem ýol boýy kakama gargynyp gelýändir. “Kakaň ýene awulygyny içip gelipdir” diýip, ýogsa kakam serhoş gelende gaty alçak şadyýandy welin, onuň ýaly ýagdaýda ejemiň iňňirdisi eşdeniňden Sadap ejemlere gideniň kemem däl. Şolar ýaly ýagdaýlarda men öz ýanymdan “Sadap eje, meň ejem bolaýmal-a” diýip piki ederdip, şonyň şeýle bolmanyna gynanardym. Ejemiň igenjeň we gaharjaňlygyna gaharym gelerdi. Sadap ejemiň gujagynda ençe gezek rahat uklandyryn. Soň mekdebe gatnaldy, wagt geçýär meniň Sadap eja berkidilýän wagtym gaty azalýar, soň ulaldyk, indi Sadap eje diýip gujagynda ýatyp ýörenimiň, obaň telim oglanlaryny yzynda sil-sepil edip ýören uly gyzdygyna düşindim. Ana şeýdibem şol uly gyzy sekizinji synpa geçen ýylym kejebeläp goňşy oba göçirdik. Gynandym dogrysy, nämä gynananymam bilemok. Ondan soň dört ýyl dagy geçdi. Men mekdebi gutardym. Sadap ejem bolsa gyşdan bäri atasy öýinde. Ilki ilkiler gezmäge geldi diýdiler, soň şähere golaý bolansoň bärde bejergi alýar diýdiler. Indi indiler, önelgesizligi sebäpli baran ýeri bilen oňuşmanlygy hakda gürriň çykyp ugrady. Garaz gyşda gelen gelin heniz yzyna gidenok, howaň sowugy sowuly, baglar pyntyklap başlady, ine men elim gaýçyly agaç pudajak bolup ýörin, gepiň gysgasy üýtgeşme köp Sadap ejem  bolsa henizem öýinde...
Bu habar bir ýalan bolaýardy-da diýip oýlandym.    O barmana ejem ýetip geldi. Kakamyň  gara görimden uzap gaýdan dili, ejemi heniz agaç sekä ýetmänkä garşy aldy:
-Ýeriow goňşysyny gaýgyrýan heleý geldiňmi. Bi jana jan goňşyň abat ekenmi özi?
- It iýsinle şo goňşyňy, bizde kelle ýok, adam diýip şonam soramaga baryas-a
-Behh ne beýle gyzyberdiňle
-Kowup Diýen ýaly goýberdiler ‘Sadapjan ýaranokmyş gyz” diýdik welin, Name bolypmyş oňa, kim diýdi şony, şu adamlara-da gybat gerek diýen bolup golagyň heleýi tasan bolýa gyz -Bee diýmek ýalan ekendä, sen kimden eşdip ýörsiňeý asyl şo habary, birhilä bolupdyr ol dogurdanam -Ýalan bormy gyz, ýalan bormy Sadap zynjyrlaýmaly zyr däli aslynda, ilden gizlän bolýa enesi, eý waýaý aňyryňdan gün görinip dur welin, meň başyma arsyz boldylar.
Ejem dogry aýtýan eken, şondan soň geçse iki gün ýa geçdi, ýa geçmedi. Olla gelnejemiň kiçi gelini Altyn suw ýaly çagajygyny göterip bir zat üçin köçä çykandyr-da, Sadap ejem bir ýerlerden çykyp çagasyny elinden kakyp alypdyr, Altynyň jynssyz sesine menden başgada ylgap gelenler az däl. Biz baranda çaga eýýam Sadap ejemde ekeni, Altyn diş-dyrnak almaga çydalaşýar, özem uly ili bilen aglaýar. Sadap ejem bir eli bilen çagany bagryna basyp bir eli bilenem gaýtawul berýär, Şol barmana gatyrak itip goýberdi welin, Altyn tüwdirlip gitdi. Elindäki çagany bagryna basyp durşuna daşyna gabsap duranalar howsalaly seretdi, daşyndakylaň aljyraňly halyndan peýdalanyp çagany ogşap samrap başlady:  -Meňki meňki, bermerin,  birdenem ap ak göwsini çykaryp, çyrlap duran çagaň agzyna tutyp ugrady emäý balam em. Sadap ejäniň hassahanadaky näsaglaryňka meňzeş giň köýnegi, ýaýylan saçy gaty eýmenç görinýärdi. Şo durşynada aglaýar. Belki şondandyr hiç kim oňa bir bada degmäge çekindi. Dädem bize:  -Ýuwaş çaga birzat edäýmesin- diýdi-de özi yuwjadan Sadap ejeme tarap ýöräp ugrady, Sadap ejem dädemden haraý isleýän ýaly agy gatyşykly sesi bilen:
-Meňki gerek, meň çagama şü diýip elewredi  -Hawa Sadapjan seňki, seňki hany çagany maňa ber. Geň ýeri Sadap ejem kän çekişmesizden çagany dädeme berdi, soňaň birden yza tesdi-de, bir zatdan gorkýan ýaly eli bilen ýüzini penalady.
-Çagam çagamy beriň, urmaň meni. Çagany alan soň ýerli ýerden aýallar Sadap ejeme ýapyşdylar, ana diňe şondan soň Altyn zenanlaryň ilkinji ýaragyny haýbat bilen bulaýlap başlady:
-Ýerçeken haram heleý, öziňä topugyňa gan degirmedik tula welin, iliň çagasyna göz dikip ýörişiň şu  bolsa,  Dertden göziň açylmaz. Ilem walla däli depeginede eýe çykanokla gyz, köçede geçene ýapyşyp ýörjek bolsa, milisä aýdyp ýygnadaýmaly bolar-da...
Her kim ýerli ýerden göwinlik berensoň,Altyn çyrlap duran çagasyny bagyrtlap, öýine gaýtmak bilen boldy. Adamlar dargaşdy.
Sadap ejemiň derdem indi düşnikli. Hemmeler haldan habarly. Obaňkylar çaga çugasyna göz gulak bolmasyny beketdiler. Has kiçi çagalary bolsa “Gir öýe hana Kadyr golagyň gyzy Sadap gelýär” diýip gorkuzyp öýe ýygnardylar. Ýene birki ýerde çaga topulanmyş, hakyt çaga jyny düşipmiş diýen gürriňler häli şindi çykyp dur.
Ýöne näme dert gutylgysyz bolsa,janly adamy gözden sypdyrmazdan saklamak kyn. Birde bolmasa birde säwilik gidýär. Bir gezegem ýene bir goňşymyzyň gyzjagazy gurjak oýnap otyrka Sadap ejeme duşaýmazmy. Çagajygyň özä gaçyp gutylýar welin, Gurjak elinden gaçyp galýar. Galyň görgüli gurjak ýene bilen oňsa kaýylla. Şo gurjagy Sadap ejeme bagyş etdiler. Şondan soň ol köşeşdi, çaga kowalamasyna goýdy. Ýöne gurjagyny hemişe ýanynda. Ýekde seýrek dili ýellilerden, görgüliň  adyny “Gurjakly däli” diýip tutýanlaram bar.  Ol aralykda men okuwa girdim, obada gaty seýrek barýan. Bir öwrimde baranymda, Sadap ejemiň gaty ýarwsyz ýatanyny eşdip. Görmäge bardym. Garrapdyr görgüli. Kim geldi, näme üçin geldi. Ol zatlary bilenok. Diňe:
-Wah çagam ulalmady, diýip şol gurjagy sypalap ýatyr. -Sag bol Sadap eje, diyip turjak bolanymda -Eje diýdi, diyip bärsine öwrildi, bir gurjaga birem maňa seretdi. Görgüli şol eje diýen söz nirden çykanyny aňşaryp bilmedi öýtýän,
-Eje,eje diýip gök gözli gurjagyny silkeledi Gurjajyk dünýäniň hiç gohyndan habarsyz, gözlerini oýnadyrp dur.
-Eleşdirme, kellesi zat alymaýar diýip Kadyr goňşyň körpe ogly meni oňaýsyzlykdan halas etjek boldy.   Şondan soň uzak ýaşamandyr görgüli. Meniň göz öňimde bolsa iň soňky görenimdäki bolyşy ýaly galyp goýdy. Gök gözlije gurjak, we “EJE, EJE” diýip silkeläp otyran Sadap eje.  Perzende ýüzi düşmedigem bolsa, Men tarapdan ykrar edilen “Eje”...
Ana indem şol gök gözli gurjak bilen edil bir almany ikä bölen ýaly meňzeş gurjajyk gyzymyň elinde.
- Kaka gurjagyma näme at dakarys?
- Sadap dakarys gyzym, Sadap.

Merdan BAÝAT.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 857 | Добавил: Нawеran | Теги: Merdan Baýаt | Рейтинг: 3.0/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Igdir  
14
Perzentsizlik yzasy gursun. Bu hekaýany okap, Ogulsenem Taňňyýewanyň "Gury agaç" eseri biygtyýar ýadyma düşdi sad

0
2 Bagabat  
43
Dogrusy, hekaýa bilen baglanyşygy hem ýok welin, şü "Sadap" diýlende durmuşda bolan bir waka ýadyma düşdi. Obanyň ortarasyndaky ullakan ulag bejerilýän ussahanada ýurdumyzyň dürli etraplaryndan gelen ussalar işläp otyrlar. Şol wagtam obaly degişgen ýigitleriň biri aňyrdan ala-hasyrdy bolup geldi-de nämedir bir zatlary agtaryp, iki-ýaňa alakjap başlady. Daşoguzly ussalaryň birem onuň bolup ýörşüne dözmän, kömek etjek bolup: "Pylany näme sadabyňy ýitirdiňmi? Ýaňy oglanlaň biri men ulanaýjak muny, diýip tapyp alyp gitdi" diýdi. Ýaňky ýitigini gözläp ýöreniň ýüzi boz-ýaz boldy. Iki ädende ussanyň ýanyna golaýlady-da, onuň ýakasyndan ebşitläp tutdy. "Eý! Sen! Meň heleýime nämeler diýip dursuň?" diýip çym-gyzyl bolup gygyrýa, özem. Olary aralamak, köşeşdirmek iş boldy. Beýle gabat gelişjegini nireden biljek diýsene?! Ol zat gözleýäniň iş geýminde bir-iki sany iligiň ýokdugyny, Daşoguzda-da ilige "sadap" diýilýändigini, ussanyňam ol degişgene iligini tapyşmaga kömek etjek bolandygyny, degişgeniňem aýalynyň adynyň Sadapdygyny... Durmuşda. Hiç bir dramaturg ýa-da ýazyjy şonuň ýaly fantaziýasy güýçli bolup bilmeýär...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]