18:28

Sag bol!

SAG BOL!

Dynç alman gözlän sözlerim,
Kelama geldiñmi, sag bol!
Ynjalman sözlän gözlegim,
Deñäme geldiñmi, sag bol!

"Kim dözse-de men dözmenem
inkäre" - diýip gözlenen,
Idäp geldiñmi dözmezim,
Salama geldiñmi, sag bol!

Duýgyñy gördüm gijeler,
Pikriñi ýordum gijeler,
Bar ekeniñ-ä bijede,
Jemala geldiñmi, sag bol!

Gam bardyr gülýänlerde-de,
Nem bardyr solýanlarda-da,
Ýazma, ýazman bilýän bolsañ,
Hamala, geldiñmi, sag bol!

Zehin öz-özüni iýýär,
Millet kämilleri düýnär.
Aşyk Aýdyñ pirim diýýär:
"Penama geldiñmi, sag bol!"

Oglanlykda oýnap gördüñ,
Ýaz doñup, gyş gaýnap gördüñ,
Indi näme aýnap ýörsüñ,
Kemala geldiñmi, sag bol!

Aşyrmät GARLYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 305 | Добавил: Haweran | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]