00:21

"Şaglawuk saçlaryñ ýaýyp goýberdiñ..."

"ŞAGLAWUK SAÇLARYÑ ÝAÝYP GOÝBERDIÑ..."

Şaglawuk saçlaryñ ýaýyp göýberdiñ,
Tolkunladyp, gök köýnegiñ etegin,
Ynamly...
Gadamly barýarsyñ işe,
Her geçeñde duýýaryn men öteniñ.

Duýýaryn köçeden her geçeniñde,
Deñiziñ gomundan birje bölegi
Azaşyp düşäýdimi bilmedim,
Gün berenok, ýürek dörjelemegi,
Hawa, ýürek gursagymy çitikläp,
Şol tolkuna aşyk bolup çarlak deý
Köçäniñ kenaryna barýaryn,
Umutlanyp, señ görküñi görmekde.

"Salam" diýip geçip gitýäñ deñimden,
Men bolsa, baş atýaryn çalaja,
Aşykmy men?
bu bolşum nä?
Sen ata ahyryn...
Elbet aşyk boldum, söýüp däl ýöne,
Aşyk bolsañ hökman söýmeklikmi nä?
Men görýärin, onda öz hyjuwumy,
Öz yhlasym,
Goşgym,
Joşguna görä.
Öñler her gözelden çöplärdim setir,
Bu gyz bolsa tutuşlygna bir goşgy,
Neneñ onsañ oña aşyk bolmaýyn,
Ol,
Poeziýañ bir bölegi ahyry...

Remezan MÄMETGURBANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 202 | Добавил: Remezan | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]