10:57

Şahyr özi barada

ŞAHYR ÖZI BARADA

Meniň döredijilik işine baş goşmagyma 1973-1978-nji ýyllarda M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okan ýyllarymda uniwersitetiň halypa mugallymlary, döwrüň tanymal şahyrlary Ruhy Alyýew, Begmyrat Ussaýew, Nazar Gullaýew, Halyl Kulyýew dagylar bilen içgin tanyşmagym, Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly, şeýle-de obadaşym Allaýar Çüriýewiň goşgularyny diňläp, olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagym, has dogrusy, olardan sapak almagym, olara öýkünip goşgy ýazmaga synanyşygym sebäp boldumyka diýýärin. Çünki şol ýyllardan başlap ownukly-irili goşgularym ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edilip başlandy.
Aýry-aýry wakalar, pursatlar adamyň hakydasyndan ýatdan çykmaz eken. 1978-nji ýylyň iýun aýynda ýazyjy “Tirkiş Jumageldiýewiň powestlerinde aýal-gyzlaryň obrazy” atly temadan diplom işini goraýardym. Şonda diplom işimiň ýolbaşçysy professor, şahyr Ruhy Alyýewiň aýdan sözleri jikme-jik ýadymda galypdyr. Ol şeýle diýdi: “Amansähet Annasähedow maňa ilkinji bolup diplom işini tabşyran talyplardan biri boldy. Diplom işi has oňat ýazylypdyr. Men oňa diňe “berekella” diýesim gelýär. Onuň işi ýokary baha mynasyp. Tüweleme, ol şahyrçylyk hem edýär. Döreden goşgularyny hem okaýaryn. Oňa döredijilik işinde ak ýol arzuw edýärin”.
Uniwersiteti üstünlikli tamamlap, ilkinji zähmet ýoluna dogduk obamyzdaky, özümiň on ýyllap bilim-terbiýe alan 5-nji orta mekdepde işe başladym. Şol günleriň birinde-de Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherinde Balkan welaýatynda ýaşaýan döredijilik işi bilen meşgullanýan ýaşlar bilen geçiriljek iki günlik döredililik seminaryna gatnaşmaga çakylyk aldym. Şol günüň ertesem ýola düşdüm. Şonda maňa welaýat merkezine barýan otlyň üstünde orta boýly, otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky nurana ýüzli bir ýuwaştap adam bilen tanyşmak miýesser etdi. Görüp otursam ol Annatagan Nurgeldiýew eken, Annatagan aga gürrüňiniň arasynda özüniň Etrek etrabynyň Madaw obasyndaky 3-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýatyndan okuwçylara sapak berýändigini, şeýle-de döredijilik bilen meşgullanýandygyny häzir bolsa ýaş ýazyjy-şahyrlaryň seminaryna çagyrylandygyny aýtdy.
Men şonda ylla aşygym alçy gopan oglanyňky ýaly onuň bilen tanyşandygyma begenjimiň çägi ýokdy. Çünki men ýazyjynyň ‘Bäş käkilik”, "Bedew takdyry”, Baýram han”, “Gara-Biý” ,”Gaplaň çagasy” ýaly kitaplary bilen tanyşdym. Şondan soň biz birek-birege öz täze ýazan goşgularymyzy okap berdik, döredijilik söhbetini etdik.
Döredijilik seminaryna ýaş ýazyjy şahyrlaryň 20-den gowragy gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow bilen şahyr Kasym Nurbadow dagylar ýolbaşçylyk etdiler. Biziň Çary Aşyrowa berjek sowallarymyz kändi. Ony şahyryň özi-de aňan eken. ”Siziň maňa berjek sowallaryňyzyň köpdügini bilýän. Ol söhbetdeşligi maslahatdan soň çaý başynda ederis, häzir men bu ýaş ýigitleriň, gyzlaryň goşgularyny diňlejek” diýdi.
Balkan welaýaty boýunça döredijilik seminaryna gatnaşan Annatagan Nurgeldiýew, Oraz Guwanjalyýew dagylar ýaş şahyrlardan - Meret Bakyýewiň, Gurbanmämmet Söýünjowyň, Şähribossan Annasähedowanyň we beýleki döredijilik işi bilen meşgullanýan ýazyjy-şahyrlaryň okap beren eserlerini üns bilen diňlediler. Çary aga şonda ýaşlara özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Halypa şahyr Çary Aşyrow ”Ähliňiziň goşgularyşyzy üns bilen diňledim. Kemi ýok. Size döredijilik äleminde ak ýol arzuw edýärin” diýip aýdan sözleri seminara gatnaşanlar bilen birlikde meni hem begendirdi. Ussat, halypa ýazyjynyň agzyndan şeýle gürrüňleri eşitmek biziň üçin bagtdy.
Seminar maslahatyň ikinji güni hem örän täsirli geçdi. Çary Aşyrow bilen bolan çaý başynyň gürrüňi uzaga çekdi. Onuň öz döredijiligi barada beren gürrüňlerini hezil edip diňledik. Maňa onuň bilen soň-soňlaram döredijilik duşuşyklarynda duşuşmak, gürrüňdeş bolmak bagty miýesser etdi. Seminardan soň köp wagt geçip-geçmänkä şol wagtky Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynda çykýan “Gyzyl ýyldyz” gazetinde şahyr Kasym Nurbadowyň ak ýol arzuw eden makalasy bilen goşgularym çap edildi.
Maňa ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew bilen ikinji gezek 1984-nji ýylyň oktýabr aýynda duşuşmak miýesser etdi. Welaýat mugallymlary kämilleşdiriş institutyna bir aýlyk okuwynda okap ýörkäm, Annatgan agany biziň bilen geçirilýän dörediijilik duşuşygyna çagyrdylar. Soňra şäheriň ýerli teleýaýlymynda ýörite gepleşik hem guraldy. Şol gepleşikde hem men Annatagan aga bilen birlikde çykyş etdim.
Soňra meni ykbal 1986-njy ýylda Büzmeýin şäherine (häzirki Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyna) getirdi. Dürli wezipelerde işledim. Nirede işlesem-de, döredijilik işimi dowam etdirdim. Döwürleýin metbugatda goşgularym, ylmy makalalarym, “Edebiýat mugallymlaryna kömek atly rublikada” iş teşribämden ýazan makalalarymyň onlarçasy çap edildi.

Amansähet ANNASÄHEDOW,
şahyr.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 269 | Добавил: Amansähet | Теги: Amansähet Annasähedow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Myhman0430  
778
Şahyr türkmen dili mugallymy bolany üçin, teswirimi (aslynda tewsir bolmaly) ýalňyşsyz ýazmaga synanyşjak bolaýyn. Gowusy, arrygymy gynamaýyn. Mugallymyň özem ýalňyş giden ýerlere kän üns bermändir.

Men şonda ylla aşygym alçy gopan oglanyňky ýaly onuň bilen tanyşandygyma begenjimiň çägi ýokdy.

Halypa şahyr Çary Aşyrow ”Ähliňiziň goşgularyşyzy üns bilen diňledim. Kemi ýok. Size döredijilik äleminde ak ýol arzuw edýärin”diýip aýdan sözleriseminara gatnaşanlar bilen birlikde meni hem begendirdi.

Soňra meni ykbal 1986-njiýylda

Amansähet "şahyr özi barada" gürrüň berende, edil ýaňyja (şu saýtda) okan makalamdaky tankyt edilýän kişini ýatlatdy. Ol Makalada K. Taňrygulyýewiň "Altyn okara" eseri tankyt edilýär. Okamagy maslahat berýän, gyzykly eken.

Öwünjeňlik biziň mentalitetimizde bar öýdýän.

0
2 Елена_Прекрасная  
462
Myhman, belkem sen biri öwunyän wagty göriplik etmän diñläp görersiñ? Meselem, men hiç hili öwünmän dine özlerini mazamlayan adamlary köp gördüm. Bar yerde diñe özlerini goyup beylekileri ayryp dymyp oturanlar bar ynanay özem olar birjigem öwnenok.

0
3 Myhman0430  
778
bo-or, Ýelene hanym, barlap görerin. zannymda göriplik bar bolsa kyn-a bolar welin, synanyşaýyn :-)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]