16:38

Şahyra-hanymlar hakda şahyrana oýlanmajyk

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 449 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.9/8
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Bagabat  
43
Surat, türkmen hudožnik hanymy Ogulsuraý Akmyradowna Myradowanyňky.

0
2 ssaparay  
1436
Siziň şahyra-hanym hasaplaýanlaryňyzyň arasynda menem bardygyma begendim. Minnetdar! :)

0
3 Bagabat  
43
Hemişe bir zady unudýarys.
Anonimlikdir öýdüp, bukulan bolýanymyz, bizi jinnek ýalam temmisizje edenimizi etmäge, diýesimiz gelen erbet sözlerimizi diýmäge mümkinçilik berýändir öýdýäris.
Emma, men-ä: “Allatagalanyň adalaty” diýýän.
Kimde-kim islese: “Ähli Älem adalaty” diýsin.
Ýa-da başga biri, öz ynançlaryna, öz dünýägaraýşyna muwapyk adalga bilen, bu hakykatda bar bolan, çuňňur bütindünýä hadysasyny aňlatsyn – Ine, şonuň üçin welin, bujagaz “nik, nik” oýunlarynyňam, “wirt-real” şama-şaýyrdylygyňam, jinnekçe ähmiýeti ýokmuka diýýän.
Bihuda ýerden kimdir bir, özüňe dynnym ýalyjagam ýamanlyk, erbetlik etmedik adamy, onda-da, owalbaşda ejiz, garaşly edilip ýaradylan, şol birwagtda-da, Haktagalanyň ýaratmak Gudratyndan ülüşjik bagyş edilip, Pygamberimiziň: “Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr” diýip, kesgitlän ynsanlaryny ynjytsaň, gaýypdan gelýän “petiguly” üçin, seniň pasport maglumatlaryňam, öý salgyňam, at-familiýaňam gara köpükçe ähmiýeti ýok bolsa gerek.
Çünki bu “petigulyň” mazmunynda, eýýäm, kim näme etse gözläp tapyjy, Glonass nawigatoryndan milliard esse takyk, ugur görkeziji hem agtaryp tapyjy mümkinçilik durmuka diýýän.
Onsoňam, eger-de, nämedir bir zat barada aýdara, iliňkiden üýtgeşik pikiriň bolsa, ony edeplilik bilen aýtmak üçinem, türkmen dilinde söz gyt dälmikä diýýän.
Galyberse-de, şahsy edermenligiň “jalbaryňa” sygmaýan bolsa, ony haýsydyr bir zada duwlanyp beýan etmän, aç-açan, öňe çykyp aýtmak, çyn erkeklikden nyşan bolaýmasa.
Ýöne, elbetde bujagaz, öz-özüm üçin edilen, içki hümürdimi hiç kes özüne çekmese ýagşy.
Sebäbi, käbir goşa dyrnak içre ýazylýan “adamlar” bar. Hemme zada düşünmelisi ýaly düşünip, aňrysyna geçseler-de, düşünmediksireýärler.
Bolgusyz ýerden, özüniň tanamaýan, bilmeýän, belki, bütin ömrüne ýeke saparam sataşmajak adamsyny, özi üçin mis şaýylyk bähbitsiz ynjydyp, görjek peýdalarynyň, aljak almytlarynyň nämedigine, men-ä barypýatan düşünemog-aý!
Öz-özleri, öz töwereklerinde, ýigrençden, nadanlykdan, ýaman niýetden püre-pür, negatiw ruhy-emosional fony (gurşawy) döredýärler.
Ol fonam (gurşawam), dogrusy, kimdir biriniň üstüne “syçrasa”, birazajyk degnasyna degýär. Emma, ruhy alaň-açyklyk immuniteti güýçli adama, ol wiruslar uzak täsir edip bilmeýär. Ysgynsyzja dümew ýaly, derrew geçip gidýär. Emma, şol fony öz töwereginde döredýäniň özüni welin, ol uzagyndan iýýär, gemirýär. Esasanam, ruhuny parçalaýar.
Ruh bölek-büçek bolandan soň, etdir-süňkden “bina edilen” ten näm-aý?
Ýaşap ýörseň, durmuşda her hili ýagdaýlara duş bolýarsyň. Iki müňünjileriň başky bäşýyllygydy öýdýän: iş üstünde, olaryň güman edilýändigi sebäpli, birnäçe sany şizofrenikler bilen, uzak wagtyň dowamynda gürrüňdeş bolmaly boldy. Dogrusy, ol gürrüňdeşliklere, ýörite spesialistler gatnaşyp, düşünmeýän, bulaşýan ýeriňi, aýyl-saýyl etmäge ýaman gowy kömegem edýärdiler. Emma, şonda-da, her sapar, şeýle “söhbetdeşlikden” çykyp gaýdanyňdan soň, azyndan üç-dört sagatlap, beýniňi öňki “okuna” gaýtaryp, “düzedip” bilmänjikler, kösenip, alasarmyk bir ruhy ahwalda, ters aýlanylyp, geçiläýýärdi. Olaryň gözlerine seredýäňem welin, edil hoňkaryp duran, düýbüne nazarýetmez, gurruk guýyň bar-da.
Elheder aldyrýar.
Iniňi tikenekledýär.
Bu pişe uzagraga çekäýse dagy, öz psihikaň bilen nämeleriň boljakdygam näbelli.
Ine, ol-a, öz eliň bilenjik öz daşyňa “çolanýan” negatiw fon eken, şol negatiw fon zerarly, aňkasy aşan, hiç dözer dagy eder ýaly däl, garamaňlaý, petine gar ýagan bedibagtlaryň ýanynda otursaňam, gör nähili keselbent ahwala uçraýarsyň!
Onsoň, özüň şeýle pisat gurşawyň “bendiliginde” ýaşamaga, özüňi eliň bilenjik, diliň bilenjik “höküm etseň” dagy, ol seniň özüňden sozulyp çykan “melguny niýetler, hapaçylykdan depme-dykyn duýgular, pikirler” özüňe, öz içki dünýäňe, agyz urup başlasa, halyň niçik bolarka?!
Estagpurulla.
Allaň özi gorasyn.
Göz öňüne getirmegem elhenç.

0
4 Gerceknazar96  
1464
Şahyra hanymlarymyz kän eken tüweleme. Başga-da barmyka şu wagt ýaşap ýören ussatlaşan şahyra hanymlar?

0
5 Gumlygelin  
8
@Saýlaw, şularyñ Şähribossandan başgasynyñ ärine, maşgalasyna hyzmat etmeýänine doly ynamyñyz barmy?

0
6 Gumlygelin  
8
@Bagabat, "Ämin"-diýip soñky sözüñize goşulýan. Özümi hiç wagt şahyr hasap etmesem-de "Şahyra hanymlañ" hatarynda adymy agzapsyñyz. Belki-de siziñ ynamyñyz, hormatyñyz şahyr dällerden hem şahyr döreder.
Tañryýalkasyn!

0
7 Bagabat  
43
Diýip goýbermelidir öýdýäris.
Bu ýerde ady tutulany-ha 34 sanyjak, döredijilige çyny bilen ýapyşýan zenanlar...
Olaryň üçüsi aýatda ýok, eýýäm. Annasoltan Kekilowa, Enejan Hangulyýewa, Sona Ýazowa...
“Gürle!” diýseň, biz ýalylar-a.
Iň gowy başarýan zadymyz boş-boş samahyllamak.
Annasoltan görgülijigiň döz gelenine, haýsy satanyndan sallanýandan başga guwanmaga zady ýoklaryň biri döz gelip bilerdi? Döwülmän, epilmän...
5 milliondan köp halkymyz.
Olardanam (janlary sag, ömürleri uzak bolsun), aýatda barlary (meniň ýadyma düşenleri, döredijiligi gözüme ilenleri) 31 sany naçar.
Şonam ýene-de iki essä köpeldeliň. Bilýän-u, bilmeýänimiz bilen. Bar bolsun, 62-m däl-de, 100 sany.
Näçe göterimi bolýar, tutuş halkyň?
5 millionyň 1-je göterimi 50 000 adam bolýar.
Kalkulýator diýýä: “0,002%-i”. Nol bitin müňden iki göterimi.
Ýazyjylaram (aýatda gezip ýörenlerini) sanasaň, şondan kän çykmaz.
Alymlar, ylmy iş bilen meşgullanýanlar köpräk. Ýöne olaryňam çyny bilen meşgullanýanlaryny, “ýüz görüp gapyrga syrman” sanasaň, aspiranturada okap ýören hallaryna: “Hosni Mübärek koma gitdi” diýen internet habary okandan soň: “Hosni Mübärek diýilýän haýran kim gyz?” diýib-ä birisi soraýany, ikinjisem: “Näbileli, arapmy, negrmi bir zat öz-ä” diýip jogap berýäni bolsa, üçünjisem: “Koma gitdi diýlipdir welin, Koma bolanda nire bolýa, gyz?” diýip soraýan sorty bolsa, dördünjisem: “Araplaňmy, negrleňmi ýaşaýan ýurdy öýdýän” diýip jogaplaýany bolsa, şolary hasap etmän dogruçylja hasaplasaň, olaram bar, 2 ýa-da 3 müň däl-de 5000 bolsun.
Şonda-da 0,1% göterim bolýar.
Şunuň ýaly ulaldyp alanyňda-da.
Ine şujagaz çopan hasaby bilen edilen, gümana statistikajygam dünýäniň beýleki halklary bilen deňeşdireniňde, gaty kiçem däl halkyň, umumy-tutuş döredijilik potensialy, döredijilik mümkinçilikleriniň gory.
Ýene-de: “kän eken”...
“Ärine, çagalaryna seretsin”...
“Dodak çöwür!” diýseň-laý.
Şony gowy oňarýarys.
“Şeýle diýip, bellik aýtmaga mynasyp bolmak üçin, sen goç ýigit, merdana ýigit, är ýigit, diňe zenanlara ýa-da garaw gaýtmajaklara garşy pitjiň atmagy örän, örän, örän kämil başarýan, edermen ýigit, talantlardyr-başarnyklaryň öýjügi ýigit, şahsy özüň haýsy işi gaýyrdyň?” diýen soraga bolsa, diňe: “iýdim, içdim, ýatdym, turdum, s...çd...m” diýene meňzeş, haýwany jogapdan özge jogabam tapylmaz-la weli...
Äý bolýa...
Diý, diýme, peýdasy ýog-a.
...“bildirenog-a” diýip, ýaman gow gep tapdy, @Mango agza.
Şoň üçin köpümizem şol “bildirmeýänligini” özümize ölmez-ödi bahana edinýäris-de, @Mangoň ýene-de bir tapan janagyrylyja jümlejigini gaýtalap ýörmäge endik edäýipdiris:
“Maňa näme?”.
Utanjymyzam şol, haýamyzam, jogapkärçiligimizem, adamkärçilimigimiziň bahasam.
Ýöne ata-babalarymyzyň: "Görkezeniňi görmelidir" diýen, asyrlaryň tejribesinden sykyp-sykyp emele getiren şire-sözem-ä bardyr.
Görkezýän göreldämiz, hereketimiz şol boljak bolsa, yzymyzdan gelýänlerem-ä bize "görkezenimizi görkezerler".
Bu-da bir Älemi Adalatyň iň aýdyň ýüze çykmasy-da.
Alla gaýrat bersin, hemmämize.
Düşünýänlerimize-de.
Düşünmeýänlerimize-de.
Öte geçýänlerimize-de.
Kemter gaýdýanlarymyza-da.
Özümize nigilistdir, ateistiň, egnimize sygmaýan, geýmegem düýbünden oňarmaýan "donumyzy" geýensiräp, öz-özümizden göwnühoş gomparyp ýörenlerimize-de.
Bir rowaýatda hatda çyn ateist bolmak üçinem ilki hemme dinleri doly özleşdirip, olaryň düýp-teýkaryna göz ýetirip, onsoň netije çykarmalydygy hakynda gürrüň berilýärdi.
Biz bolsa, ondan-mundan, esasanam oýnam jümlelik internet postlaryndan okan zatjagazlammyza daýanyp, direnip, çişip, balagymyza sygman, özümizi dünýäniň ähli ylymlarynyň düýbüni deşen danyşment hasaplap, düşünýän zadymyz barada-da, düşünmeýän zadymyz hakda-da agzymyza gelen samramany çem gelen ýerde eňterip başlaýarys.
Şekspiriň bir goşgusy bar:

"Ýöne adam...
Ýöne adam...
Misli aýnaň öňündäki maýmyn...
Pitjiň atýar öz-özüniň öňünde"...

Orazguly agaňam (Orazguly Annaýewiň) "Kerwensaraý" kitabynda şeýleräk äheňli goşgy bar:

"Arşa çykan ynsan, agaçdan düşüp,
Aýdaýyn men saňa iň uly aýbyň!
Bolsaňam aňly, berilse-de üşük,
Sen heniz-henizem şol öňki maýmyn".

Bellik: Bu iki şygryň akademiki tekstine laýyk gelýändigine güwä geçmeýärin. Sebäbi ýadyma düşüşine görä ýazdym.


Ilden utanmasagam, özümizden bir utanalyň, adamlar!
Ilden çekinmesegem, Hudaýdan gorkup, özümize bir haýpymyz gelsin-dä, hernä!

0
8 Edebiyatcy  
15
Söz bagyndan şirin duýgulary tirip bilen näzik duýguly zenan şahyrlarymyz başga-da kän bolmaly:
Näzik Annatyýewa,
Gözel Şagulyýewa,
Bahargül Kerimowa,
Bahargül Mejidowa
Gülnar Baýlyýewa,
Güljan Durdyýewa,
Enetäç Nurmyradowa,
Almagül Gurbanowa,
Tuwakgül Gylyjowa,
Baýramsoltan Gurbanowa,
Aýlar Hajyýewa,
Nurgözel Gozlyýewa,
Mahym Rozyýewa,
Altyngözel Amanmämmedowa,
Leýli Gurbanowa,
Aýnabat Ataýewa,
Ogulgözel Nazar gyzy,
Ogulbibi Mälikguly gyzy,
Bilbil Çaryýewa,
Dursun Tekäýewa,
Aýnäzik Esenowa,
Gunça Amansähedowa,
Laura Maksimowa,
Ranogül Baýnazarowa...
Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Her gülüň öz ysynyň bolşy ýaly, bu zehinleriň her biriniň öz gözelligi, ysy bar.

0
9 Bagabat  
43
Sag boluň,@Edebiyatсy!
Ine ýagşy işe, ýagşylary ýatlamak işine nähili ýardam bermeli!
Şeýdip, ýerli-ýerden goşulyşubermeli.
Biriniň ýadyna düşmedigini beýleki ýadyna salar.
Şeýdibem: "dama-dama köl bolar", şeýdibem biz diňe birege-birege sebäpsiz-bahanasyz "agyz urjak" bolup ýatan "itlerden", sözüň hakyky manysynda adama öwrüleris.
Hytaýlaryň bir sözi bar: "Müň li alys ýol, birinji ädimden başlanýar" (Li - hytaý uzynlyk ölçegi, häzirki döwürde 500 metrlik aralyk diýlip ykrar edilýär).

@Edebiyatcy, ýene-de bir gezek goşulanyňyza, ýatladanyňyza, ýazanyňyza minnetdar.

0
10 Babyşgalaly  
1446
Менем бир яткешлигими барлап горейин.:
- Озалкы союз доври мекдеби гутараным учин ядымда галан языжы-шахыр зенанлардан билйанлерим:
Товшан Эсенова, Ширинжемал Гелдиева, Бибисара Хапызова, Огултач Оразбердиева, Огулсенем Танныева, Бахаргул Керимова, Миве Тувакбаева, Гозел Шагулыева. Назик Аннатыева, Огулжемал Чарыева Сона Язова, Биби Ораздурдыева.
Ине шулар мана мекдеп партасындан бари таныш. Копусинин гошгулары окув китаплармызда барды. Сонкы гарашсызлык йыллары ичинде оне чыкан зенан шахырлармызы кан танамок. Йоне мумкинчилик болса гошгуларыны окарын. Шу ерде ады тутулан Шахрибоссанам бар экен. Йоне менде ачылмаяр-ла? Наме учинка?

0
11 sylapberdimuhamov  
1428
Edebiýatçynyñ sanawynda Gülnar Baýlyýewanyñ hem ady geçýär. Gaty üýtgeşik şahyr gyzdy şol. Indi ýitip gitdi. Öz stili äheñi bardy. Aslynda bir tasinjedi.
Köneürgencli bolmaly Gülnar

0
12 Mähriban  
607
Gülnar Baýlyýewanyň goşgularyny menem gowy görýädim. Gülnaryň goşgularyna teşne ýürekleriň bardygyny özüne ýetirip biljek adam bar bolsa, diýseň hoşal bolardyk.

0
13 Mähriban  
607
Başga-da, Gunça Ýoldaşowa, Tagangül Seýitmämmedowa, Sadap Muhamowa, Selbi Omarowa, Bibi Gulnazarowa, ... (aslynda-da zenanlar ýa aýdymçy, ýa şahyr, ýa suratkeş... bolup dogulýan bolaýmasa ) ýaly gowy şahyr gyzlarymyz bolmaly.
Köp sanly duýgusy näzik, mähriban, sözleri şirin, owadan şahyra - hanymlary ýatlany üçin hormatly ýazyjymyz - Serdar Ataýewe ullakan sag bolsun aýdýas.
Biz şahyr bolaly, bolmaly, dünýe bizsizem aýlanar durar. Ýöne iň bolmanda bir söz bilen dünýäni gözelleşdirmegi başarsak, nähili ajaýyp bolardy.

0
14 Bagty  
163
Serdar aga meňem adymy agzap geçipdir. Ynamyňyz goldawyňyz üçin minnetdar!

0
15 Babyşgalaly  
1446
@Багты, Сизин адыныз наме? Авторлар болуминде бармы гошгуларыныз? Бар болса окап болмазмыка?

0
16 Gurgencli  
324
@Babyşgalaly, @Bagty, agzanyň (Bagtygül Tekäýewa) goşgularyny aşaky linke basyp okap bilersiňiz:
Bagtygül Tekäýewa goşgulary

0
17 Gerceknazar96  
1464
Serdar aga türkmen şahyra jenaplary barada-da oýlanma ýazaý-da

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]