20:59 Şahyrlaryñ aýdyşygy | |
ŞAHYRLARYŇ AÝDYŞYGY
Döwrangeldi Agalyýew: — O nämedir, ýalkym saçar zer ýaly, O nämedir, joşa geti:r derýany, O nämedir, älem-jahan seýrany? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. Akmyrat Rejebow: — Ol bugdaýdyr, ýalkym saçýar zer ýaly, Ol tolkundyr, joşa geti:r derýany, Ol arzuwdyr, älem-jahan seýrany, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — O nämedir, çöl içinde köl bolan, O nämedir, sähra nagyş-göl bolan, Agşamlarna şugla saçyp köz bolan? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. A. Rejebow: — Ol köl — «Altyn asyr» Türkmen kölüdir, Täze oba sähraň nagyş-gölüdir, «Garagum ýalkymy» alaw közüdir, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — O nämedir, açylyp dur gül ýaly, O nämedir, nura beslär dünýäni, Ol nämedir ynsanýetiň binýady? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. A. Rejebow: — Ol göwündir açylyp dur gül ýaly, Ol döwürdir nura beslän dünýäni, Ol ömürdir adamzadyň binýady, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — Ol nämedir, toý-baýramda çalarlar, Bagşy-sazandalar ele alarlar, Owazyna ganman gulak salarlar? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. A. Rejebow: — Ol dutardyr, toý-baýramda çalarlar, Bagşylarmyz joşup ele alarlar, Owazyna ganman gulak salarlar, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — O nämedir, jana geler tebigat, Ol nämedir, ynsanýete ybadat, Ol nämedir gülleýişden alamat? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. A. Rejebow: — Bahar pasly jana geler tebigat, Ol Watandyr, ynsanýete ybadat, Bagtyýarlyk gülleýişden alamat, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — Haýsy ýurtdur, rowaçlygyň Watany, Özgerişi haýran edýän jahany? Ak mermerli binalarnyň hatary, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. A. Rejebow: — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany, Özgerişi haýran edýär jahany, Barha artýar binalaryň hatary, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. D. Agalyýew: — Ol nämedir, ýurda ýaň salýan şowhun, Ol nämedir, gökde atyp dur owsun? Arkadaga şöhrat bolsun, şan bolsun! Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber. A. Rejebow: — Garaşsyzlyk toýy — ýaň salýan şowhun, Ýaşyl Baýdagymyz atyp dur owsun. Eziz Arkadaga şan-şöhrat bolsun! Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |