10:28

Salam berýän kän

SALAM BERÝÄN KÄN

Salam almak nämelerne gerek-kä,
Salam berilmese almaň-da näme,
Akyl bermek nämelerne gerek-kä,
Ýaşy uly bolduň-bolmaň-da näme.

Aýny bolsa ardynjyrap, alarlyp,
Telegiňe telek diýmän gitmezler,
Kä halatda maňyzlarna batmasaň,
Göwün söýen söhbetlerni etmezler.

Käte bolsa diňleýäňmi-diňläňok,
Many-many gürrüň taparlar birden,
Irkilip gidenňe-de üns bermezler,
Gün guşluga galar başlansa irden.

Alňasamaz olar ýene-de ýüz ýyl,
Ýaşap ýörjek ýaly ýeriň ýüzinde,
Gije-gündüz hemme ýerden habarly,
Obada, çölünde, dagy-düzünde.

Harsal däldir, bar zatlary tygşytly,
Nirde näçe eglenmeli hasaplay,
Iýiň-içiň, ýatyň-turuň ýörüň-dä,
Gördüňiz-ä kän günleri güzaply.

Ýetginjekkäm heniz gögele wagtym,
Ine, şeýle oýlar bardy başymda,
Bu gün gojalyga ýetişip barýan,
Ogul, gelin, agtyk, gardaş daşymda.

Salam bermelimden salam berýän kän,
Adymyň yzyna goşgular aga,
Sesimi çykarman geçip bilemok,
Telek iş edäýse ýetginjek, çaga.

Категория: Goşgular | Просмотров: 404 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Одиночество / Goşgular - 25.01.2023
Ф.Е.Коршу надпись на третьем выпуске «Вечерних огней» / Goşgular - 21.01.2023
«Я прежде боролся, скорбел…» / Goşgular - 11.01.2023
Dost / Goşgular - 23.01.2023
«К излогам гор душа влекома…» / Goşgular - 12.02.2023
Моабит дәфтәрләре / Goşgular - 09.02.2023
Тени А.С.Пушкина / Goşgular - 09.01.2023
Gyş / Goşgular - 01.01.2023
Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023
Gabriela Mistraly ýatlap... / Goşgular - 10.01.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Tasirli goshgy.Shahyr nace yashydaka?

0
2 jumagylyjovao  
88
Durmuş hakykaty.Täsirli ýazylypdyr. Sag boluň!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]