23:29

Salar Baba Harydarynyñ Oguznamasy

SALAR BABA HARYDARYNYÑ OGUZNAMASY

Türkmen halk döredijiligi pähimdar ata-babalarymyzyñ asyrlaryñ dowamynda döreden çeper gymmatlygy bolmak bilen, onda türkmen halkynyñ durmuşy, däp-dessurlary, edim-gylymlary, gylyk-häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri, watançylyk, söýgä wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly duýgy-düşünjelerdir arzuw-islegleri dürli wakalar arkaly çeper beýan edilipdir. Muny gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýan halk döredijiliginiñ taýsyz nusgasy bolan "Oguznamalar" we oguznamaçylyk däbi esasynda döredilen edebi gymmatlyklar-da doly tassyklaýar. Bu hakda hormatly Prezidentimiz: "Oguznama ýurdumyzyñ özüne mahsus döreýiş we ösüş taryhy bar. Hytaý, ýunan, arap, pars dillerindäki taryhy-edebi çeşmeler, arheologik tapyndylar, ylmy barlaglar oguznama ýordumynyñ adamzadyñ has gadymy döwürlerinde döräp, giñ geografik çäklerde ýaýrandygyny hem-de türkmen edebiýatynyñ dünýä edebiýaty bilen aýrylmaz arabaglanyşykda ösendigini ykrar edýär. Munuñ özi halkymyzyñ ruhy dünýäsiniñ elmydama kämil bolandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr" diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, oguznamaçylyk däbini uzak asyrlaryñ dowamynd her söz ussady özüniñ döredijilik aýratynlygyna laýyklykda ösdürilipdir. Şeýlelikde, ol eserler halkyñ milli gymmatlygy hökmünde nesilden-nesle geçip, dowam etdirilipdir. Muña mysal hökmünde dünýä edebiýatynyñ genji-hazynasynda baky orun alan Ulughan Ata Bitigçiniñ, Dana Atanyñ, Ýazyjy ogly Alynyñ "Oguznamasyny", Abylgazy Bahadur hanyñ "Türkmenleriñ nesil daragty" eserini, "Gorkut ata" şadessanyny, "Oguznamalaryñ" Pariž hem Kazan şäherlerinde saklanýan nusgalaryny, XVIII-XIX asyrlarda ýaşan belli Gündogar taryhçysy Fazlalla Reşideddiniñ "Jamy at-tawarih" kitabyndaky "Oguz hanyń jahangirleriniñ hekaýatyny", beýik söz ussady Nurmuhammet Andalybyñ "Oguznama" poemasyny görkezmek bolar. Giñ ýaýrawa eýe bolan "Oguznamalaryñ" ähmiýetli nusgalarynyñ biri-de asly Nusaýdan bolan XVI asyr türkmen alymy Salar Baba Gulaly ogly Harydarynyñ "Oguznama" eseridir. Ol ylmy jemgyýetçiliginde "Salar Baba Harydarynyñ "Oguznamasy" ady bilen belli bolupdyr. Bilşimiz ýaly, gadymy döwürlerde pähim-parasatly hökümdarlar özünden soñky nesilleriñ taryhyny, geçmiş medeniýetini bilmegini nazarda tutup, ygtybarly taryhy çeşme galdyrmak üçin atly ýazarlara kitap ýazmagy tabşyrypdyrlar. Ürgenç hany Aly Soltan hem bu ýörelgä eýerip, türkmen taryhçysy Salar Baba Gulaly ogly Harydara Gündogar halklarynyñ taryhyny beýan edýän eser ýazmagy tabşyrypdyr. Şeýlelikde, Salar Baba Harydary bu işe yhlasly girişipdir we 1555-1556-njy ýyllarda "Taryhy Salar Baba" uly bir taryhy ese ýazypdyr. Şu ýerde biziñ esasy ünsi çekmekçi bolýan zadymyz Salar Babanyñ bu işe girişende taryhda öñde bar bolan "Oguznama" ýordumyny dowam etmegi özüne maksat tutunanlygydyr. Şeýlelikde, ol bu asylly maksadyna amal etmek üçin özünden iki ýarym asyr öñ ýaşap geçen Gündogar taryhçysy Fazlalla Reşideddiniñ 1300-1310-njy ýyllar aralygynda ýazan "Jamyg at-tawaryh" ("Taryhlaryñ ýygyndysy") atly eserine salgylanypdyr we onuñ "Oguz han we onuñ nesliniñ taryhy" hem-de "Türk soltanlarynyñ we padeşahlarynyñ zikri" atly bölümlerini esas edip alypdyr. Bu barada edebiýatçy alym Nazar Halymow Fazlalla Reşideddiniñ 1990-njy ýylda türkmen dilinde neşir edilen "Oguznama" eserine ýazan sözbaşysynda Salar Baba Gulaly ogly Harydarynyñ Reşideddiniñ bu eserunu parsçadan şol döwrüñ türki diline terjime edendigini, taryh we medeniýet babatda eseriñ örän uly ähmiýete eýedigini belläp geçipdir. Alym Ahmet Bekmyradowyñ "Andalyp hem oguznamaçylyk däbi" atly kitabynda beýan edilişi ýaly Salar Babanyñ öz eli bilen sünnäläp ýazan bu gymmatly işi Türkmenistanyñ Milli golýazmalar institutynyñ 526-njy bukjasynda aýawly saklanýar. Taryhda mälim bolan "Oguznama" eserlerine adamzat nesliniñ şejeresini beýan etmek mahsus alamatlaryñ biri bolupdyr. Salar Baba Harydary hem şu düzgüne eýerip, öz eserinse Nuh aleýhyssalamyñ Ýer ýüzüni öz neberelerine paýlanda, Türküstan sebitlerini ogly Ýafese berendiginden başlap, bu şejeräni yzarlapdyr. Ol şejere şundan ybarat: Ýafesiñ Düýp Begi atly ogly bar. Onuñ hem Garahan, Körhan Lerhan, Orhan atly dört ogul perzendi bolýar. Wagty ýetil Gara han atasynyñ ýerine tagta çykyp, hökümdarlygy ele alýar. Ondan bir ogul dünýä inýär. Ol gije-gündizläp enesiniñ süýdüni emmeýär. Enesi çagasynyñ bu halyna gamgyn bolýar. Ol gaýgy-hasratda gezip ýörkä, bir gije düýş görýär. Düýşünde ogly enesine eger süýdüni emdirmek isleýän bolsa, ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip, Tañrynyñ şerigatyny kabul etmegi teklip edýär. Oglanyñ ejesi üç gijeläp şu düýşi görensoñ, adamsyndan ýaşyryn perzendiniñ sargydyny kabul edip, beýik Tañra iman getirýär. Günler-aýlar dolup, ýyl dolanýar, çaga bir ýaşyny doldurýar. Dil çykaryp, zybanyndan dür saçyp şeýle diýýär: "Maña Oguz diýip at goýuñ. Men mydama köşkde bolaryn". Oglany Oguz diýip atlandyrýarlar. Oguz kämillik ýaşyna ýetýär. Ol nirede gezse-de, beýik Tañryny ýatlap gezýär. Edep-terbiýesi bilen özüni uly ile aldyrýar. Isle ok atmak bolsun, isle-de at çapmak, hemmeleriñ diline düşýär. Ýigit kämil çykansoñ atasy Gara han oña inisi Körhanyñ gyzyny adaglap, alyp berýär. Oguz ejesine diýşi ýaly, ol gyzy hem Hudaýa iman getirip, Tañra uýmaga çagyrýar. Emma gyz bu teklibi inkär edýär. Şonuñ üçin hem Oguz onuñ bilen nikasyny bozýar. Bu ýagdaýda atasy ogluna beýleki bir iniai Lerhanyñ gyzyny alyp berýär. Ýagdaý ýene şeýle bolýar: Oguz gyzdan Haktagala iman getirmegi teklip edýär, gyz teklibi kabul etmeýär. Ahyrynda oña kiçi inisi Orhanyñ gyzyny alyp berýär. Oguz oña hem musulman bolmagy teklip edýär. Gyz razyp bolup, Oguz oña öýlenýär. Şu ýerse bir ýagdaýy eseriñ yslamlaşdyrandygyny belläp geçmelidiris. Mälim bolşy ýaly, Oguz hanyñ ýaşan döwründe yslam dini bolmandyr. Emma muña garamazdan ol esere goşulypdyr. Munuñ sebäbini eseriñ şol döwrüñ yslam dünýäsinde mynasyp orna eýe bolmagy bilen düşündirmek mümkindir. Çünki eseriñ ýazylan wagty XVI asyrda yslam dini ynanç hökmünde kabul edilipdir. Bu bolsa eseriñ süññüniñ yslam dini bilen gurşalmagyna getiripdir. Salar Baba Harydarynyñ Fazlalla Reşideddiniñ eserinden gözbaş alan "Oguznamasynyñ" belli bir derejede "Oguznamanyñ" Kazan şäherinde saklanýan nusgasyna esaslandyrylandygy-da belläp geçmek zerurdyr. Eserlerdäki umumy häsiýete eýe bolan bu ýagdaýlar okyjyny beýn edilýän wakalara bolan garaýşyny ösdürmäge, pikirini çugdamlamaga esas döretse, ylmy agtaryşlary alyp barýan alymlara eserleri deñeşdirip öwrenmäge mümkinçilik döredýär. XVI asyr türkmen alymy Salar Baba Gulaly ogly Harydarynyñ Oguz han we oguz ýaşaýyş durmuşy hakynda söhbet açýan "Oguznama" eserini ylmy esasda öwrenmek milli medeni, edebi we taryhy mirasymyza çuññur sarpa goýulýan häzirki döwrümizde möhüm ähmiýete eýedir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,

mirasgär.

 

# watan_2016

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 793 | Добавил: Нawеran | Теги: Atamyrat Şagulyýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 afrasyyap  
13
Görpoglyñ, Magtymgulyñ, Gorkut atanyñ kitaplaryny täzeçe neşir etdiler Oguznamany etdilermikä neşiryatdakylarymyz?

0
2 Oguzhan_aga  
65
"Şu ýerde bir ýagdaýy eseriñ yslamlaşdyrylandygyny belləp geçmelidiis. Məlim bolşy ýaly Oguzhanyn ýaşan dövründe yslam dini bolmandyr" - Atamyrat Şaguly atamyz Adam alýhissalamyñ musulman bolanyny eşitmedik bolary. Her vagt her dövür bolsun ýeke Hudaýa ynanylan bolsa şol yslamdyr. Munuñ ady ha "yslam" ha başga zat diýip tutular, esasy zat Allahü teala şirk goşmazlykdyr (her hili put ýasap ýa sygyra bir zada çokunyp)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]