02:20

Salgytly gedaý / ýumoreska

SALGYTLY GEDAÝ

Ýandyryp barýan yssy tomus günleriniň birinde gijöýlänler işden gelip, ýuwnup-ardynyp, işigimizdäki keçäň üstünde goşa ýassygy tirsekälp, ýaňy bir hum çäýnegi öňüme alypdym. Yssy ülkelerde müň derde derman bolýan gök çaýy agdarmaga ýetişmänkäm, howlymyzyň daşyndan körpe oglumyň heşelle kakýan sesi eşidildi. Onýança-da howlyň işigi jarka açylyp, oglum içerik ok ýaly atylyp girdi. Meniň ýanyma golaýlaşanda, badyny zordan saklady-da:
- Kaka, hanha, gedaý getirdim! – diýip, sag eli bilen işigi görkezdi.
Dogrusyny aýtsak, aýal ikimiziň ýaşymyz gaýdyşyberende ýüzümiz düşen şu oglumyz bir müçäniň iň soňky basgançagynda duranam bolsa, biziň üçin entek-enteklerem çaga ýaly bolup görünýärdi. Iň soňkymyz bolany üçindir-dä, ony birneme läliksiretmänem duramzok. Näziniň çekilýändigini, öz ornunyň mydama ene-atasynyň gözüniň üstündedigini, juda bir gözden çykgynç etmiş bolaýmasa, hele-hüle zat üçin ene-atasynyň ýanynda raýynyň ýykylmaýandygyny aňýan oglumyz mahal-mahal öz eýgerdiginden hokga-da çykaryberýär.
Ana, men şu gezegem onuň täsin habaryny nobatdaky gorsawlygydyr öýdüp, ýöne ýylgyraýdym weli, ol öz habarynyň maňa o diýen täsir etmändigine gynanyp, gaty janygyp gepledi:
- Kaka diýýän, men gedaý getirdim diýýän! Hanha, işikde dur! Gelmejegem boldy weli, men hol Wellekleň gapysyndan zorlap getirdim!.. Eli-aýagam sandyrap dur... Hakyky gedaý bolmaly...
Men gyşaryp ýatan ýerimden gozganman:
- Oglum, bi eýýamda gedaý nämişlesin! – diýdim.
Oglum meniň jogabymyň manysyna doly düşünip bilmedimi-nämemi, ýene janygyp gepledi:
- Kaka, bolsana, tursana... Onuň gidäýmegi mümkin-ä... Basymjak bolaýsana... Diňe pul dileýä... Başga zat gerek däl diýýä... Bir manat ber diýýä...
Özelenip duran oglumyň göwni üçin ýerimden gobsunmaly boldum. Onsoňam, oglumyň gep salgyndan, ol baran gapysyna salgyt salýan gedaý ýaly. Gedaýy, onda-da salgytly gedaýy görmek isledim. Ynha, görsem, daş işikde bir äpet pyýada dur. Töweregem oglan-uşakdan doly. Meni görenden, ol ýüzüni aňryk sowdy. Onda-da men oňa saglyk-gurgunlykmy diýdim. Onsoň hiç bir gedaýa gözüm düşmänsoň, ogluma:
- Hany, oglum, diýýän gedaýyň? – diýdim.
Oglum meniň iki elimden ýapyşyp:
- Kaka, ynha dur-a, göreňokmy näme?! – diýip, şol äpet pyýadany görkezdi. Öondan soň men ony synlamaga mejbur boldum. Eginbaşy çüpregräk diýäýmeseň, göwres-ä hol biz oglankak her gije diýen ýaly otarylýan ertekilerdäki zalym döwleri, ýalmawuz kempiri aman-toba getirýän gahrymanlary ýadyňa salýar. Ýöne bi zamanda, şeýle bolçulyk ýagdaýynda gedaý gezmegiň özi bir akyla sygjak zat däl-ä. Şeýle-de bolsa, meniň öňümde duran janly, hakyky gedaý bolmaly. Men nämeden başlajagymy bilmän durkam oglum:
- Kaka, ýekeje manat beräýeli oňa?! – diýdi.
- Ýok, hany sabyr et! – diýdim-de, şol aňyrsyny bakyp duran ýigidiň öňüne geçip, ýüzüne mazaly seretjek boldum weli, ol ýüzüni galdyrmady.
- Ýeri, ogul, bu nä boluş? Gedaý diýilýän senmi? Nädip beýle ýagdaýa düşüp ýörsüň?..
Ol meniň bilen gepleşmek islemän, ters tarapa tutduryp barşyna:
- Aý, Myrat aga, ýygnagy özüň geçiriber – diýdi.
Hä, indi boldy!.. Adamyň sesi bilen gözi hiç üýtgeýän däldir diýýänleri dogry eken-dä. Şol barýan meniň belet adamym. Dört ýyl mundan ozal biziň zawodymyzdan kowlupdy. Şol wagtam araga aňyny aldyranlardan biridi. Dogry ýola salmak üçin, elimizde baryny edendiris. Emma başartmady. Bizden gidensoň, ogurlyk edip tutulypdyr diýen habar gulagyma degipdi. Indem ýeten derejesi şu bolsa...
Dolanyp, çaýymy içmäge oturdym. Sähel wagtdan aýalymyň:
- Aýu, kakasy, onyň-a öýkeläp otyr! – diýen sesi geldi.
- Kim-äý ol öýkeleýän?
- Kim bor öýdýäň... Körpäňdir-dä.
- Hä, näm bolupdyr?
- Gedaýa pul bermedi diýip öýkeleýär. Ogluň göwni üçin beräýseň bolmadymy?!
Ana, gördüňizmi! Adamlaryň aglabasy meniň aýalym ýaly geçirimsiz rehimdarlyga taýýar adamlar. Rehimlilik gowy zat. Ýöne ýerini bilip, rehimli bolmaly. Ýaňky tetellä rehim eden bolup, pul bermegiň özi – jenaýat iş-ä. Şunuň jenaýatdygyna köpimiz näme üçindir düşünemzok. Ýa düşünesimiz gelenokmy. Ynha, görseň, ýaňky ýigit... Geliň, ýigit diýen sözi harlamalyň. Ýaňky ýigit däl-de, näkes. Hawa, ýaňky näkes gara garnyny otarmak üçin däl-de, eýsem belalykdan ýuwutmak üçin gapy sökýär. Ol, arak ýesir-ä.
Öňki zamanda eli-aýagy maýyplar, gaty agyr maşgalanyň güzeranyny aýlap bilmeýänler gapy gezer eken. Özem şo gedaýlaryň dili senalydy. Baran işigine alkyş baryny ýagdyrardylar, ýagşy niýetini beýan ederdiler. Iliň eçilen zadyny alardylar. Garaz, haý, özlerine uzadylýan zatlary alkyş okap, “halallap” alýardylar. Hälki “gedaý” nähili?! Bu, asyl iliň eçilenine kaýyl bolaýyn diýip gelmän, eýsem algydar ýaly bolup gelýä. Gördüňmi, onuň bir manat diýşini. Salgytly gedaý! Bularda ynsap bolmaz. Şu gün bir manat berseň, ertir hökman 3 manat 62 köpük ber diýip geljegi hakdyr. Halal zähmetden gaçyp, el serýän bihepbeler.
Şu zatlary edil meniň körpäm ýaly entek beýnisi bekemediklere düşündirmek kyn. Bular uzagyndan düşünerler diýseň, meniň aýalym ýaly saçy çalaranlara nä döw çaldy diýsene! Siz bir düşüniň-ä!
Men şu pikirlileri diňe içimden öwrüp, daşyma çykarmadym. Bolgusyz ýerden rehimdarlyk satan bolýanlara gep düşündirmek aňsat däl. Şol sebäplem arkaýyn, ümsüm çaýymy içiberdim.

Aşyrberdi KÜRT.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 03.12.1977 ý.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 278 | Добавил: Haweran | Теги: Aşyrberdi Kürt | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Gurgencli  
324
Bu ýumoryň niresinde gülmelika?

0
2 Haweran  
411
Gaýtalap oka. Ýok, okama.
Bu hekaýanyñ düýp manysyna düşünseñ, gülesiñ däl-de, aglasyñ geler.. :)

0
4 Gurgencli  
324
Gara çynymy aýtsam çyndanam şu wagt aglasym geldi...

0
3 Babyşgalaly  
1446
Язылан вагты окан адама гулкунч . 1977- нжи йыл.. Ол довур экленч ,иш проблемасы екды. Хатда йурегинде ишлемек ниети бар болан майып адамларада иш тапылярды.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]