19:36

Sallançak / goşgular

■ Sallançak

Iki ýana üwrelip dur adaja,
Körpeje çaganyň ilkinji öýi.
Ýasalyşy bolsa-da oň sadaja,
Mukaddesliginiň ýok deňi-taýy.

Posalajyk çaga ýatyr ýylgyryp,
Ulynyň-kiçiniň ol mähribany.
Ene-de söýgüläp otyr ýylgyryp,
Hüwdi bilen üwräp sallançagyny.

Sallançaga söýgi düýplüdir örän,
Onuň beýikligi durmaýar çende.
Enäniň-atanyň mährinden dörän,
Dünýä ýatyr ahyr onuň içinde!

...Baky aýdym bolup dillerimizde,
Bäbejikden dolsun gujaklarymyz.
Bagtyýar, ajaýyp günlerimizde,
Goý, üwrelip dursun sallançaklarmyz.

■ Ejem

Uruş ýyllarynda doglupdyryn men,
Kynçylyklar möwjäp, sürýärkä höküm.
Ne gülüp, ne-de aglapdyryn men.
Kynçylyk içinde başagaý her kim.

Kakam mal yzynda çöldedi mydam,
Ejem sekiz çaga gerýärdi kükrek.
Wah, eje jan, niçik etdiňkäň çydam,
Nähili döz geldi çymşyk dek ýürek?!

Ýok, ol çymşyk ýaly däl, uly ýürekdi,
Ganym duşmanlara gahar-gazapdy.
Eziz balalaryna janserekdi,
Ýowuz günler bolsa geçmän uzapdy.

Diýrdi ogul-gyzyň göwni galada,
Şeýle boldumyka, edýärin tobam.
Ene-ataň göwni bolsa balada,
Ol şeýledi eziz, mähriban käbäm!

Ýeterlik gadryňy bildimmikäm men,
Oturyp-oturyp edýärin pikir.
Sen bolsaň şol ýyly mähriň bilen,
Düýşüme girýärsiň, şoňa müň şükür.

■ Il bilýär

Geçip barýar aý-günler,
Asla yza garaman.
Nähili geçdi düýnler,
Barmy ýürekde arman?!

Pişekli gojalara,
Söýget berip bildimmi?
Haýpym gelip olara,
Hormatlap egildimmi?

Gussaly gözler görsem,
Çygjardymy didelem?
Gyýyldymmykam, eýsem,
Halyna şol bendeleň.

Kömek diläp gelene,
Berip bildimmi ýardam?
El berdimmi eline,
Oýlanyp ýörün her dem.

Her kişi iş etse hak,
Ýagşylykda beýgelýär.
Özüm niçik iş etdim,
Muny diňe il bilýär.

■ Säher görnüşleri

Kalbym joşýar, ganatlanýar göwünim,
Elwan säherlerde seýle çykamda.
Şu pursat beýgelýär has-da eginim,
Nuh «perzendi» bu daglara bakamda.

Baglar aýdym aýdýar, saz çalýar çeşme,
Diň salýar ene Ýer täsin meýmiräp.
Leýlisaçlar göýä edýär kereşme,
Çar ýanyna elwan-elwan gül büräp.

Ýylysyna süýt deýin gül säheriň,
Gör-ä, toprak naşyja gaýmaklapdyr.
Gün nurun dökende, syryp ak derin,
Güneşiň gujagna özün oklapdyr.

Guşlar saýrap-saýrap atyrdy daňy,
Dowul tapan ýaly horaz gygyrýar.
Bu gözel görnüşden beslenip «aňy»,
Şemal ýuwaşjadan täsin sygyrýar.

Säher sowlar, durmaz şol terliginde,
Howlugyň, seýil ediň, galmaň siz ahmal.
...Säher asman-Zemin aralygynda,
Gaýtalanyp duran üýtgeşik ahwal.

Amanmyrat MAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 356 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Maýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]