22:47

Saña...

SAÑA...

Men Hudaýdan suw damjasyn soradym,
Hassa bolup, solup, saraldyp meñzim.
Meniñ derdim ondan gayry Kim biler,
ALLAM sowgat berdi-ümmülmez deñzin.

Yalkym saçyan nurly ýyldyz soradym,
Yaradan bagş etdi mawy asmany.
Güýz şemaly yüpek saçlarym darap,
Alyslara alyp gitdi gussamy.

Dileg saldym -birem bitmän galmady,
Gõwnüm gõrüp, eljiretdi ol meni.
Yer yüzüniñ baýlygyny soramda,
Hazyna yerine...
Bagş etdi SENI.

* * *
Ýok,men puşman edip, ahmyr çekmerin,
Saña sõýgi bilen bakanym üçin.
Okünmen mukaddes sõygi sõzüni,
Didäme nagyş dek çekenim üçin.

Buýsanaryn syratyña-keşbiñe,
Eziz adyñ doga edip dakaryn.
Berlip, meni mežnun eden yşgyña,
Gõzlerim intizar, yola bakaryn.

Ykbal gõçüm etse - pes gelmez dõwüm,
Bakyşyñdan tiz durlanar nepesim .
Señ yssy mähriñden dolupdyr gõwün,
Mesgen etdim ysk dagynyñ depesin...

Katra yaş gelmesin gara gozlerme,
Nalaman, yazgytda baryn gõrerin.
Seniñ sõyyän diyen yeke sõzüñe,
Ezizim! Janymy peşges bererin.

Gülälek NURBERDIÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 411 | Добавил: Ermeni71 | Теги: Gülälek Nurberdiýewa | Рейтинг: 3.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Весна несла свои дары…» / Goşgular - 14.01.2023
Deprem / Goşgular - 13.02.2023
Seret, ýene gar... / Goşgular - 03.02.2023
«Плывущий за руном по хлябям диких вод…» / Goşgular - 03.02.2023
Ракета / Goşgular - 24.01.2023
Ökünç / Goşgular - 19.01.2023
К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
Ýene bir gün... / Goşgular - 06.01.2023
Новогодняя / Goşgular - 15.01.2023
Ирисе / Goşgular - 15.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]