11:29 Saña... | |
SAÑA...
Yşkmy sen ýüregmi ýakyp eleýän Müşkmi sen güzerne anbar dileýän Bir ömürlik kalp törüni eýelän Kimim sen? Owazmy sen kakyp giden yüregmi Şemalmy sen aldyň göwün daragmy Bent eýlän özüne goşa garagmy Kimim Sen? Geljegimem maksadymda bir meniň Düýşe meňzäp durmuşyma girenim Ýüreklermiz goşa boldy birigip Kimim sen? Ikimize bagt dilesin «Akmaýa» Aýdyň ýoldan bagt ýoluna çykmaga Arzuwlam deý ornaşypsyň ykbala, Ezizim!!! *** Aýsyz gije azaplara duwlanyp Sabryňy suw eden melegiň däl men. Aýdym aýtsa leýlisaçlar towlanyp Astynda garaşan dilegiň däl men Men däl jahyllygyň jöwherin alan Sataşmadym bälçikligiň çakynda... Gözlem gözelligňe hyrydar bolar Nazarlaryň ýyldyrym deý çakanda Seni däliligiň kaddyna elten Bagryň dilen goşgularyň maňa däl Takdyra seýleräk ýazlandyr belkem Yşk güzerne talaň salmak ýaňadan Men bir undulan gül demirgazykda Durun yşky paýawlaýan çyzykda... Ogulnur PIRJIKOWA, Türkmen döwlet maliýe institutynyñ talyby. | |
|
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||