22:32

Saňa

SAŇA

Öň dünýäň ýüzüne çekilip perde,
Kalbymyňam röwşenligi gaçypdy.
Indi aňymdanam ýitdi-de derdim,
Saňa duşup, kör gözlerim açyldy.

Seni aýdyňlykda görýän indiler,
Gözüm gyrpsam ýitiräýjek ýaly men.
Bir bakyş, bir nepes,
bu söýgiň üçin,
Sorasalar berjek dünýä-maly men.

Seň geldiň-de,
sumat boldy armanym,
Arzuwlarym boş galmady özgermän.
Barlygyňa görejimden ýer berdim,
Ýalňyzlygam gaçyp gitdi ýüz bermän.

Çekip aldyň ýowuz tümleň elinden,
Ömrüme tyllaýy ömür saçan, ýar.
Sähere çalymdaş päkligiň bilen,
Hoş geldiň, dünýämiň gözün açan, ýar!
Категория: Goşgular | Просмотров: 280 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Zergül Ylýasowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garayolly25  
1449
"Gözüm gyrpsam ýitiräýjek ýaly men"
Gowy aňlatma

0
2 Lebaply4751  
1389
Tutuş goşgy ýürege ýakyn bolupdyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]