23:09 Saňa duşanyma bahar günäkär! | |
SAÑA DUŞANYMA BAHAR GÜNÄKÄR!
Saňa duşanyma bahar günäkär! Uz ýörişläp geldiň, meňzäp bägüle, Şol gün irden şol duralga barmazdym, Bilen bolsam düşjegimi nä güne. Saňa duşanyma bahar günäkär! Şol ýyl bahar gelipdi has üýtgeşik, Jadyly säherde jadylap meni, Kalbyma giripdiň gursagmy deşip. Saňa duşanyma bahar günäkär! Senli ýatlamalam gömerden giňdi. Durnanyň gözünden dury kalbyma Hijran indi, Ataş indi, Ot indi! Saňa duşanyma bahar günäkär! Söýdürip dünýäniň naýbaşy gyzyn. Gymmat wadalarňy arzanja satyp, Nirelerde ýaşap ýörsüň ýalňyzym. Saňa duşanyma bahar günäkär! Günäli gözleriň meni ýyksa-da, Seni bagyşladym, Ýöne nämüçin! Bahar gelse azap berýär Maksada... Maksat ESENOW. | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |