21:04

Sapak / hekaýa

SAPAK

Tarhan özüne gelende ogullarynyň bolýan otagynda oýandy. Ol başyny ýassykdan göterdi. Juda kynlyk bilen göterdi. Kepjebaş ýylanyň endigine eýerýän kellesini göni saklamaga çalyşdy. Başartmady. Beýle etmäge öňe-yza hallan atýan göwresi ýol bermedi. Başujunda ýorgana
dolanyp, düwdek bolup ýatan çepiksije göwrejiklere gözüniň gytagyny aýlady. Tanajak boldy. Tanap bilmedi. “Ogullarym bolaýmasa” diýip çak urdy.
Ýöne Tarhany bilesigelijiligi biynjalyk etdi. Boýnuna zorsalyp, eginaşyr arka tarapyna seretdi. Henize-bu güne çenli beýle agramy görmedik ýognas boýnuň oňurgalary “hoturt” edip ses etdi.
“Beh, deregim dargap ýörmükä?” Tarhan öz-özüne sowal berdi. Edil başujunda ýatanlar iki uly ogly ekeni. Aýagujunda başyna ýorgan büräp ýatanyň kiçi ogly Mizandygyny bildi. Ol söýeg-diregsiz ýerinden galmaga hyýal etdi. Emma onuň hyýaly hyýallygyna-da galdy.
Özbaşdak gozganyp bilmejegine gözi ýetensoň, diwardan ýapyşyp, zoraýakdan ýerinden galdy. Diwardan elini aýryp, gapa tarap ýörejek boldy. Bolmady. Diwar goýbermedi. Özüne çekdi. Tarhanyň özbaşdak hereket edip bilmejegine gözi ýetdi. Onsoň diwara ýapyşyp, usullyk
bilen gapa tarap süýşdi. Diwardan asylgy ýüz görülýän aýnanyň deňine baranda ýylan gören baýtal ýaly serpikdi.
Aýnadan özüne seredýän nätanyşyň betnyşan keşbini görüp düýrükdi. Ol Tarhan näme etse, şony gaýtalady. “Beh, kimkä bi? Suratdyr diýseň gymyldaýaram bi”. Tarhan özüniň bu sowalyna jogaby aýnadaky yşarata içgin-içgin seredenden soň tapdy. Ol ýene-de öz-özüne sowal berdi: “Nužil, şu menmikäm? Geçen hepde sakgalymy syramda-da beýle däldim ahyryn”. Tarhan ütükläbem
düzedip bolmajak bürşük-bürşük ýüzüni eli bilen düzederin öýtdi, gödeňsi elleri bilen dözümli owkalady.
Düzedip bilmedi. Aýalyndan dalda isledi. Ýöne çagyrmaga bogny ysmady. Eger keýpi çag bolsa, ne ýagşy. Keýpi bozuk bolsa, Hudaý görkezmesin. Öňem ýarylaýyn diýýän kelläňi diňe daşyndan däl, içi bilen bile “owkalaýar”. Tarhan şeýle pursatlarda öňräkki döwürleri ýatlaýar. Çagalyk döwri şu günki gün ýaly ýadynda: oba dükanyna geçginli haryt gelende geçmän ýatan harytlaryny şoňa ýanap satardylar.
Ýaramaz harydy almajak bolsaň, gowy zatdanam nesibäň ýokdur. Eden dawaň, turzan dawa-jenjeliň ýer tutmaz. Oba dükançysy Öwezgeldi aga: “Men muny özüm oýlap tapamok, ýokardan gelen görkezme. Men bir ýumuş oglany, diýleni edýän” diýip eginlerini gysar. Sabyryň pamykdan mymyk, mahmaldan mylaýym sesi /elbetde, bular onuň keýpine bagly/ iň gowy em ýogsam
edil şu wagt. Ýöne häzir onuň keýpiniň çagdygyna Tarhanyň ynamy ýok. Şonuň üçinem ýaýdanýar.
Bu ejirden gutulmagyň ikinji bir ýolam bar: özüni özüne em etdiräýmeli. Ýöne onuň emmaly ýeri bar. Şol “em bolsun” edilen ýüz-ýüz elli gram “parawoza” öwrülip, yzyna “wagon” baryny tirkäp, ötägidäýýän ýagdaýlaram seýrek bolanok. “Sabyrdan delalat bolmasa, bialaç şol “emi” etmeli bolar”. Tarhan netijä geldi.
Gyryljyrap duran sesi bilen aýalyny çagyrdy.
-Sabyr, eý, Sabyr, hany gel-ä bärik!
Ýorganyň astyndan kakasyny synlap ýatan Mizan onuň sesinde öten agşamky höküm-haýbaty duýmady. Naýynjarlyk, ejizlik duýdy. Tersine, gapydan abşarylyp giren ejesiniň hereketlerinde, sesinde öňki ejizligiň ýerini dogmuň eýeländigini gördi.
-Ýeri, indi näme bolanmyş?
Mizan ejesiniň bu haýbat atmasynyň ýüreginiň töründe baslygyp giden haýpygelijilikden, ýukaýüreklikden has ýukadygyny, onuň sähel sebäp zerarly ýyrtylyp, para-para bolaýmaga ýakyndygyny ýüregi bilen syzyp ýatyr.
-Bolan zat kän, maňa ajy çaý demläp, kellämi owkalap ber.
Sabyr janagyryly arlady.
-Wah, seň özüň bilen deň bolsaň-a, çaý däl-de, zäher bermeli. Kelläňe deregem bagryňy owkalamaly. Arman...
Sabyr yzyny aýtmady. Dogrusy, aýdyp bilmedi. Aňyrdan dyňzap gelen ýüki ýetik sözler darajyk bogazdan geçip bilmediler, dykyn boldular. Ol uky mazasyny görmedik ýüzüni elleri bilen tutup, ses-sedasyz çykyp gitdi. Hemişe ganyny gyzdyrýan aýal iňirdisi bu gezek Tarhanyň gazap galasynyň derwezesini açyp bilmedi. Tersine, jana aram beriji hoşluk duýdy. Daş çykan Sabyr uzak eglenmän dolandy.
-Çaý goýduňmy?
Tarhan kellesini owkalap oturyşyna sorady.
-Goýdum – diýip, Sabyr gysgajyk jogap gaýtardy-da, sözüni hökümli dowam etdi. – Bol gyşar, kelläňi owkalatjak bolsaň.
Tarhan “hyk-çok” edip gyşardy-da, kellesini aýalynyň dyzyna goýjak boldy. Munuň niýetini aňan Sabyr dyzyny gapdala sowdy-da, Tarhanyň ýere ýetip gelýän kellesiniň astyna ýassygy süýşürdi.
Soňra:
-Suwjarmasana! – diýip, nägile äheňde seslendi.
Tarhan sesini çykarmady. Sabyryň mymyjak elinden, käte ýüzüne çabrap gidýän deminden jany aram tapýar, melul bolýar. Ine-de, onuň howatyrly garaşýan zady boldy. Sabyr pessaý, gahar-gazapdan, nägilelikden agramy ýetik äheňde:
-Öten agşamkyny bilýäňmi? – diýdi.
Tarhanyň gözleri tegelendi.
-Nämäni?
-Agşamky bolan, dogrusy-ha, eden zatlaryňy?
Ol aýalynyň sözlerine özüçe düşündi. Mekirje ýylgyrdy. Şeýle-de bolsa anygyna ýetesi geldi.
-Ýeri, näme edenmişim ilden çykgynç?
Sabyryň gazap gyrgysy göge göterildi.
-Mönsürän bolma! Gowusy “Näme etmedim?” diýip sora! Tas goňşularyň toýuny bulapdyň. Gelen myhmanlaryň üstüne düwläp, agzyňa ak gelse-de, goýberdiň, gara gelse-de. Her kim höwesler edipjik toýa ýetýär. Sen olaň şol höwesine, toý keýpine sogan dogradyň-a! Dört bolup, göterip getirdiler. Ýer ýarylmady, menem girmedim utanjymdan. Ölüp dynyp bolýan bolsa bolmaýamy? Arman bolanokmyş. “Dine syganok, öz janyna kast edene jynaza düşenok” diýýäler. Sygaýanda-da
men nädip saňa ynam edip, çagajyklarymy goýup gidip bilerin?! Aýt ahyry, nä-ädip? Görümde dikler oturaýmanmy onsoň?!
Soň hamsykdy. Gepläp bilmedi. Sabyr biraz demini dürsäp, sözüni dowam etmäge hyýallandy. Tarhan muny aňdy. Yzyny diňlemäge onuň takady ýetmedi.
-Bolýa-la how, goý, yzyny aýtma.
Sabyryň peltesine ot düşdi.
-O saňa bolýa, bize welin bolanok. Sen-ä öwrenişibem gidensiň-le. Şu güne çenli “Boldy et! Gapyl! Gepleme!” diýip, agzymyzy petikläp geldiň. Besdir, indi dymyp oturjakgäl! Sen gowusy, bir zady aýt: ýeri, indi biz näme etmeli? Nädip ile çykmaly? Goňşularyň gözüne nädip görünmeli? Eýsem, öňki gep-gürrüňleri az görýämidiň? Aýt!
Tarhan aýalyna jogap berip bilmedi. Eýsem, ol näme jogap berip bilsin?! Soňra Sabyr bir elini Tarhanyň kellesinden aýryp, otagyň burçunda goýlan içi näbelli suwuklykda ýarpy mejimäni görkezdi. Tarhan onuň nämedigini gören badyna bildi. Sabyr mejimä tarap ýüzüni çytyp ümledi.
Seret, uzak gije gusup çykdyň. Iňlediň, urundyň. Ne özüň ýatdyň, ne-de bizi ýatmaga goýduň. Gije şol mejimeden ikini döküp geldim. Ilki itiň ýalagyna guýdum artyby. Item iýmedi şony. Ysyrgandy-ysyrgandy-da, kellesini silkip pyşgyrdy. Soňam gidiberdi seňkildedi-de. Onsoň mellegiň içinden çukur gazyp, şoňa guýdum-da, elinläbem gömdüm.
Ýogsa, dünýäni tutjag-a oň ysy. Şol hazan alan ysdan ýaňa öýüň içinde-de durar ýaly bolmady. Nädip aňryňyz alyp, içip bilýäňiz şol artyby. Senden soň hajathana baranyňam bir salkynlap kellesi sämäp, gözleri ümezläp dur. Soňabaka gan gusup ugradyň. Lagta-lagta gan gelýä agzyňdan. Bize nebsiň agyrmasa-da, özüňe bir haýpyň gelsin-ä, Tarhan!
Tarhan etmişli çaga ýaly müýnli başyny aşak salyp otyr. Aýalynyň aýdýanlarynyň magadyna ýetmek üçin geçen agşamy ýatlajak bolýar. Diňe saçagyň başyna geçip, “guý-ha guýa” başlanlary ýadyna düşýär. Yzy könelen kino lentasy ýaly, bulam-bujar, salgym. Enesinden galan köne halyň gülüni dyrmap oturyşyna naýynjar dillendi:
-Ýeri, indi men näme etmeli, Sabyr? – diýip, pessaý ses bilen aýalyndan sorady. Sabyr Tarhanyň maňlaýynda hereketini togtadan ellerin owalaryna ýetirdi. Bu onuň äriniň halyna haýpy gelýänliginiň alamaty. Tarhan muny anyk bilýär. Bu iki tarap üçinem güzaply dymyşlyk uzaga çekdi. Tarhan Sabyryň degerli bir zatlar aýdaryna bitakat garaşdy. Sabyram Tarhana näme maslahat berjegini bilmän ýaýdandy. Aýalynyň merdemsi sesi Tarhany bulam-bujar pikirleriň batgalygyndan sogrup aldy.
-Etmelisimi? Men-ä seň ýeriňe bolan bolsam, Hudaýym bolmaly bir etmäwersin welin, “Göni gelen keýigiň iki gözünden gaýry aýby ýok” edäge-de, dogry baryp, goňşulardan, eger gitmedik bolsalar,
myhmanlaryndanam ötünç sorardym.
Aýalynyň bu maslahaty elli ýaşap, henize-bu güne çenli adamdan ötünç sorap görmedik Tarhanyň depesinden sowuk suw guýlana dönderdi. Tisgindirdi. Sabyryň amala aşmajak arzuwlarynyň ýene biri saýdy. Ýöne syr bermedi. Ýöwsel sorag berdi.
-Gelşiksizräk bolmazmy ol, Sabyr?
Sabyr kesgitli jogap berdi.
-Bolmaz! Eger ötünç soramasaň, ana şol gelşiksiz bor, Tarhan.
Tarhan ýaýdanjyrady.
-Be-eý, baryp göräýsemmikäm onda? Birhiliräk öz-ä.
-“-mikäm” däl, hökman bar. Günüň soňy şu gün däl, erte ýene toýa-ýasa gatnaşmaly olar bilen.
Tarhan kynlygyň yzyna ýaýdanmaçlygyny tirkäp, zoraýakdan ýerinden galdy. Göwünli-göwünsiz ädimläp, gapynyň agzyna bardy. Ony Sabyryň sesi sägindirdi:
-Gyýw, ötünç soradygyň derrew yzyňa dolangyn. Öňem biriniňki ýaly edäýmegin!
Tarhanyň gyzyklanmasy artdy.
-Hä, öňem biri näme edenmiş?
-Öňem özüň ýalyň biri ýakyn garyndaşynyň toýunda serhoş bolup, ähli garyndaşlarynyň göwnüne degip çykanmyş. Ertesi özüne gelende bolan zatlary aýalyndan eşidip, ötünç soramak üçin ýola düşen. Öýkeleden ähli dogan-garyndaşlaryna öýme-öý aýlanyp: “Meni bagyşlaň, eşeklik edipdirin. Meň bilen deň bolmaň. Indi beýle zat gaýtalanmaz” diýip, ötünç sorap çykypdyr. Iň soňunda-da toý eden garyndaşynyňka baran. Ötünç sorap gaýdaýjak bolsa, öý eýesi: “Toýçulykdyr, onça-onça zat bolman bolmaz – diýipdir. – Ýogsa, toý diýiljekmi oňa?! Hany gel, geç saçak başyna. Maňa ýoldaş bol. Toý eýesi bolamsoň, aýak üstünde bolaýyn diýip, bir owurdam dadyp bilmedim. Seňem kelläň sämäp durandyr şu wagt, bilipjik durun.
Şeýdýä-dä bi ertesi, agyr düşse”. Bu teklip onuň gulagyna hoş ýakyp, “Gökdäki dilegine yerde gowşupdyr”. Näzini artdyrman, saçak başyna gonýar. Iki-üç gezek içilensoň, ýene-de düýnki-düýnkülik. Onsoň ol oturan öýünden başlap, ötünç soran öýlerine baryp: “Ýaňy men ýalňyşypdyryn, hemme zat öňki-öňkiligine galsyn!” diýip gaýdanmyş. Seňkem şoňa baraýmasyn diýjek bolýan. Hödür-kereme bakman, ötünç soradygyň gaýtgyn.
-Aý, edil beýdäýesim ýok-la.
Tarhan ynamsyz jogap berdi.
-Saňa ynam ýok. Şol hazan almyşa gezek gelende, “ýukaýüregrägem” seň özüň.
Sabyr äriniň ýaýdanyp durşuny görende, öz ýanyndan begendi. “Ejap edýär. Azajygam bolsa, utanç-haýa galypdyr munda. Barynyň başyna ýetäýmändir hernä” diýip pikir etdi. Ol Tarhanyň ýagdaýyna düşündi. Tarhan biraz ikirjiňläp duransoň, ýaýdançly dillendi:
-Häzir-ä irrägem ýaly. Turanam däldirler häli görseň. Soňrak baraýyn-la bolmasa.
-Nätseň şeýt. “Hiçden giç ýagşy” diýleni. Bir wagt barsaň bor. Ýöne bargyn. Hökman bargyn. Goňşy gerekdir. Öten agşamkyny hasaba almasaň, häli-häzire çenli agyrap-ynjaşan ýerimiz ýok. “Ýer alma, goňşy al” diýlip ýöne dil ujundan aýdylaýan-a däldir.
Sabyr sözüne dyngy berdi. Ara düşen agyr ümsülikden soň, Sabyr çalaja ardynjyrady. Bu ýagdaý juda seýregem bolýan bolsa, bu Tarhana mälim alamat. Bu aýalynyň has hem aýgytly gürrüňe geçjekdigini aňladýar.
-Tarhan, senem indi goýaýsaň nädýä şol artybyňy? Çagalaň ýetişdi, tüweleme! Gyzyň üçinem gapyň haçan açylsa açylaýmaly. “Kakasy pylan hili” diýdirmejek bolsaň.
Ol Sabyryň sözüni agzyndan aldy.
-Goýjak how, menem şony, goýjak! Bolmanda-da oň bilen ömrüm ötýänçä süýrenişmek niýetim ýok. Ýöne sen bir zada düşün, birden tapba kesäýmek howplumyş. Şoň üçinem kem-kemden azaldyp goýmalymyş. Şeý diýip dogtor aýdýamyş. Men özümden oýlap tapamok muny. Hana, Selim mollum şuňa mysal. Aýaly onuň öňünde: “Ýa maşgalaňy saýla, ýa-da çüýşäňi” diýip şert goýupdyr. O-da maşgalasyny saýlapdyr. Ilki derde ulaşdy. Dogtorlar: “Birden tapba kesme azajykdan azaldyp-azaldyp goý” diýipdirlerem ýogsam. Gulak asmandyr. Uzaga-da gitmedi-dä, gulak asmasa. Soňy näme boldy? Näme bolany belli, holha, “Kowsul agzamda” bir tümmejik gum bolup ýatyr indi. Ýa senem şony isleýäňmi?
Tarhana öňki dogmunyň bir bölegi dolandy. Ol soňky jümläni gahar bilen aýtdy. Bu haýbat Sabyry sakawlatdy.
-Go...goýaweri! Agzyňdan haýyr aç! Toba diý! Heýem men seň ölümiňi islärinmi?!
Sabyr ýakasyny penjeläp öňe çekdi-de, içine üç gezek “Tüf-tüf” etdi. Uludan dem alyp, sözüni dowam etdi.
-Gör-dä özüň. Elli ýaşadyň indi. Ak giripdir başyňa. Aňam saljak bol içine. Gelşigi ýok şü bolup ýörşüň. Oturan jaýyňa-da gaýyn atam pahyr dirikä edilen yramont. Şondan soň ideg görmese näme bi jaý. Il malynam saklanok muňňaly jaýda. Indi saňa-da töwerek-daşyňa göz aýlara çen-ä boldy.
Sabyryň bu dogumsyramasy ömür aýalyna gulak asmadyk, asýanlaram ýigrenip gelen Tarhanyň inini tikenekletdi. Oýlanmaga mejbur etdi. “Beh, ejizläp ýörmikäm?” Ol öz-özüne sowal berdi. Tarhan öňki hökmürowanlygyny gaýtarmak isledi. Aýalyna azm urdy.
-Häýk, seniň bir... Boldy et, how, indi mazgyny oýnap, meýnini çokalamaňy alahek ýaly? Bar, çaýyňdan habar tut!
Sabyr tasanjyrap çykyp barşyna hüňürdedi.
-Bar ökde zadam alajagözen ýaly porsamak. Başga oňarýan zady ýok.
Aýaly çykyp gidensoň, içini hümledip kän oturdy. Birdenem saçlaryny penjeläp:
-Hawa, sen elli ýaşadyň-a, elli ýaşadyň – diýip, agy gatyşykly hiňlenjiräp başlady. Ejesi, kakasy aradan çykanda çygjarmadyk göz yzgarlady.
Ýorganyň astyndan jyklap, kakasyny synlap ýatan Mizan eginleriniň silkinip-silkinip gidişinden, onuň aglaýandygyny aňdy.
Hemişe özüne dözümli daran, beýleki çagalaryndan pes saýan kakasyna ýüregi gyýyldy. Özüne şunça erk etjek boldy. Saklanyp bilmedi. Olam aglady. Özüniň aglaýanyny kakasyna bildirmejek bolup jan etdi. Ýöne başarmady.
Tarhan arka tarapynda eşidilen “hykgylda” tisgindi. Şol tarapa nazar aýlady. Mizanyň başyna bürenip ýatan ýorganynyň “hykgyldysy” bilen sazlaşyp, aşak-ýokaryk galyp-düşýänini gördi. Bir zatlar diýesi geldi. Ýöne sesini çykarmady. Niýetinden el çekdi. Kynlyk bilen ýerinden galyp, gapa tarap ýöneldi.
Dolanyp gelende, Mizan ýatan ýorgan-düşegini ýygnap, nirädir bir ýerlere ýitirim bolupdyr. Tarhanyň çaýam demlenilip, pejiň gapdalynda basyrylyp goýlupdyr, gapdalyna ýassygam taşlanylypdyr. “Şü Sabyram tapbiler-ow!” diýip, öz ýanyndan hoşal boldy. Ol ajylykdan ýüki
ýetirilen çaýdan käsesini doldurdy. Gapdalynda ýatan ýassygy goltugyna gysdyrdy. Gapdal gyşardy. Ýassygy çekende aşagyndan çykan bir bölek kagyz onuň ünsüniň ýakasyndan ebşitläp özüne çekdi. Gyşaryp ýatyşyna kagyza elini ýetirdi. Endigine eýerip, depderden goparylan bir tagta kagyzy gözlerine golaý getirmäge hyýallandy. Emma beýle etmäge zerurlyk görmedi. Kagyzyň ýüzüne gyssanmaç ýazlan hat iridi. Tarhan haty sesli okady.
-“Arak ak bolsa-da, burnuňy gyzyl, abraýyňy gara eder”. A.P.Çehow.
“Bäh, öz-ä köp eşidilýän at welin, bagşymyka ýa artysmyka?” diýip, Tarhan öz-özünden sorady. Birdenem onuň beýnisiniň beýleki künjeginde harasat gopup, ýyldyrym çakan ýaly boldy. Çaltlyk bilen kagyzdaky ýazgyny täzeden gözden geçirdi. Ýüzi lap-lap gyzdy. Kalbyna sowuklyk aralaşdy. Ýüregi buza bürendi. Yzly-yzyna owurtlan gyzgyn çaýam kalbyny ýylatmady. Ýüreginiň buzuny eredip bilmedi.
“Bu Mizanyň işidir. Oňa “Güň, tentek” diýýäs welin, beýle zatlar tentegiň tapjak zady, güňüň kellesine geljek pikirler däl” diýip, Tarhan netije çykardy. “Bäh, indi aýalyň, çagaň ýüzüňe gelip başlan bolsa, sen hakynda ýaramaz pikirde bolsa, onda il-gün nähili pikirdekä? Ol köre mälim zat. Goýmaly! Aragy goýmaly! Bu masgaraçylygyň aşagyndan çykmaly. Sabyr dogry aýdýar: Arak demiň ýa iýmitiň däl goýup goýmaz ýaly. Diňe nan-suwuň bilen, dem almagyňy goýup bolanok, Allaň
buýrugy bolmasa. Galan zady goýup bolýar. Hana, uly il goýup ýör-ä, hiç kime hiç zadam bolanok. Sen bolsa “Bor, goýaryn” diýmäge derek “Pylana pylan zat bolupdyr” diýen ýaly mojugyndan mojuk gürrüňleri tapýaň.
Men düşünip otyryn, o gürrüňleň bary aragy goýmazlyk üçin tapylýan bahana. Goý indi senem. Töweregiňe göz aýla, özüň ýalylaň, ýeklän-tükläni bolaýmasa, bary namazlyga mündi. “Goýaryn, Sabyr, hökman goýaryn. Men söz berýän” diýip, Tarhan öz ýanyndan pyşyrdap aýtdy. Ýöne muny özünden özge hiç kim eşitmedi. Şeýle-de bolsa, bu Tarhanyň berk hem ahyrky gelen netijesidi.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 372 | Добавил: Bagabat | Теги: Kakabaý Çaryýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kitap / nowella - 16.03.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Ýazyjy Kakabaý Çaryýewiň edebi söhbetdeşlikde agzaýan "Sapak" atly hekaýasy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]