ŞAPAK
Jümle-jahanda şeýle kesapatyň görülmedik ýeri ýok, emma bizde bu kesel ýaňy-ýakynda köpçülikleýin apata öwrüldi.
Asudalyk hekgalyny ýykanam täze habarlar gepleşigi boldy. Dursun saçak ýazyp, gyzgyn palawly tabagy orta goýup, ahyryn özem aýbogdaşyny gurup oturan sakgallak adamsynyň gapdalynda çökýänçä, gaharly üýşmeleňi fon edinen eli mikrofonly inçesagt saryýagyz gyz Gresiýada bolup geçýän tolgunyşyklar hakda gürrüň berip durdy.
Birtopar hrustal ysyrgaly köne eýran lýustrasy otaga ölügsi yşygyny paýlaýardy – üç lampanyň biri köýüpdir. Penjiräniň öňüne tutulan goňur perdeden hem-de agaç tumbanyň üstündäki telewizor bilen týunerden başga myhman jaýda artykmaç goş ýokdy. Diňe ýüzüniň reňki öçen sargylt diwarlar. Är-aýal biri-birine çatylany bäri gün-güzeranyny ýetde-gütdelikde geçirýärdi, üstesine-de garry öýüň beren terbiýesine görä, stoluň başynda oturmaga öwrenişmänsoň, otagyň ortarasynda saçak ýazyp, naharam elleri bilen çemçeläberýärdi.
Bulgurlar jyňňyrdady, olara guýlan gazly içgiler wažyrdady, ekrandaky saryýagyz gyz bolsa habaryny ýetirenden soň sözüni ýaňyltmaç bilen tamamlady: «Ýewronýusyň ýörite habarçysy Nikoletta Prokripante».
– Heý-wü-üý – diýip, Dursun süýkdürip gürledi. – Ady dagyn näteňet, gyz? Nikoletta Tropikanka!
– Äý, ol-a gaýtam seň adyňam aýdyp biler öýdemok. Türkmen bolaýmasaň, diliň aýlanmaz. – Muny aýdan adamsy çörekden dişledi-de, ýöriteläp agzyny dolduryp, çalasynlyk bilen gepledi. – Oguldursun Durdymuhammedowa.
Gelin dodagyny çöwürdi:
– Hamala, öz adyň gysgajyk ýaly – diýdi-de…
Düýpsüz boşluga gürpüldäp gaýtdy. Aňyny uç-gyraksyz, ümmülmez ak duman gaplady, olam ýagtylygy bilen garagyňy eredip barýar. Gelin dilini dişläp, doňňaradaş bolup otyrdy. Özüni öçürilip gaýtadan işledilen kompýuter ýaly duýdy. Bu ahwal bir pursat, ýekeje sekuntjyk dowam etdi. Pikirleri dessine dolanyp geldi, ýöne beýnisiniň agylynda bir nokatlyk orun boşap galdy.
Ýaňy ol oýna salyp, hiňlenip adamsynyň adyny aýtjakdy welin, neneň geň görünse-de, ony ýadyna düşürip bilmedi.
Aýalynyň bu alasarmyk ýagdaýyndan bihabar adamsy onýança oliwýe işdäaçaryny lak-luk atyp, barmaklarynyň ujy bilen eýýäm palawly tabagyň düýbüni sypap otyrdy, myşşyldap symyşlaýşyna-da aldygyna naharyň tarypyny ýetirýärdi:
– Elleriňe güller bitsin! Palawyň-a bu gezek bal bolupdyr! Ýogsam şüle edäýmäň bardy…
Dursun geňirgenme bilen onuň tegelek ýüzüne, birsyhly bökjekleýän sakgal basan äňine äňetdi. «Hudaý saklasyn! Bäş ýyl bile ýaşaşan adamymyň ady nädip ýadymdan çykýarka? Hiý, bir ýorgana girip, bir öýden girip-çykýan kişiň ady unudylarmy diýsene?» Şuňa meňzeş sowallar howsalaly oý-hyýalyny elhenç tüweleý deý ýykan-ýumran edip, yzyndan gündelik durmuşyň elenmedik hem ellenmedik çäjini galdyryp, tas onuň çaňňalagyny çaşyrypdy.
Gelin gorkdy, ol bary-ýogy 27 ýaşyndady, aňkaň aşmagyna heniz ir. Ýa bu şol näletsiňmiş Alsgeýmer diýilýänimikä? Ol «Toba, toba!» diýip, üç gezek ýakasyna tüýkürdi, birneme aýňalmak üçin sowuk suwdan içdi. Halynyň perişandygyny äri ahyryn aňdy: «Näme boldy? Eýgilikmi beri?» diýip soranda, Dursun elini salgap oňdy.
– Hiç-le, sen arkaýyn iýiber – diýip, gyzma adamsynyň gaharyny getirmejek bolup, zordan ýylgyrdy. Soňra ýene onuň adyny ýada salmaga synanyşdy, öz-özünden diline geläýmeli ýalydyr welin… Berdimyratmydy ýa-da Geldimyratmydy… ýalňyşyp otursaňam näme pikir etjegini bir Biribar bilýär, başga biri bardyr öýdermi, nämemi… Ahyrsoňy ol ýatýan jaýlaryndaky seýfde saklanýan resminamalary görmegi makul bildi, şonluk bilenem köşeşdi. Işdäsi açyldy…
Şamlyk edinip, türk taryhy serialyny görenlerinden soň adamsy töwir galdyrdy-da, öz otagyna geçdi, Dursun bolsa gap-gajagy ýuwuşdurdy, soň depderçäni açyp, onda ertesi gün satyn almaly gerek-ýarak zatlaryň, iýr-iýmişleriň sanawyny düzdi. Bu işinem bir ýaňalak edensoň, her agşamky edähedine görä suwa düşdi-de, doly guradylmadyk ýalaňaç endamyna toýun reňkli ýuwkajyk ýatuw köýnegini geýip, ýatalga bardy.
Otagyň içi garaňkydy. Ol diwary sermeläp, çyra ýakylýany tapdy, ýakyp, duýdansyz lowurdan yşykdan ýaňa tisginip gitdi. Içeride şaryň ýarylşyna çalymdaş ses ýaňlandy, ýarymaý görnüşli lýustra çala sandyrady – bu köýen lampanyň pyrkyldysydy. Indi otagy iki sany körek çyra ýagtyldýardy.
Adamsy ýatalganyň üstünde gözüni owkalap otyrdy.
– Çyrany öçürdänim, düşege geç. Ertir özüm çalşaryn.
Ony gören badyna Dursunyň hälki başagaýlygy ýadyna düşdi. Kiçijik tumba meňzeş seýf ýatalganyň başujunda durdy, ýöne gijäň içinde ony dörüp otursaň geň görünjek, şonuň üçin gelin bu işi ertire goýup, düşegiň üstüne geçdi-de, ýüzüni penjirä tarap öwrüp ýatdy.
Gelniň rahatlyk tapanam şoldy, bir salymdan ýeňsesinden başlap tä boýnuna, soňra çekgesine süýşüp gelýän gyzgyn erkek demini duýdy, onýança-da ýumşajyk matanyň astyna sowuk el girip, saň gaty bolan göwse sary edermenlik bilen ýol ýasady, daş ýaly üljejigiň daşyndan aýlaw edip, ony iki barmagyň arasynda berkje gapjadandan soňra, saňňyldap duran bedeni sypap, aşaklygyna, göbege tarap ugrady. Juda golaýdan synlanyňda, aýalyň näzik teni beýikli-pesli ýerleri bilen sährany ýada salýar, şoňa görä-de ondaky çukurlary teşneligiňi gandyryp biljek guýy bilen deňäp bolýar. Ýöne häzirki ýagdaýynda Dursunyň ol çukury sowuk suwly guýa däl-de, Derwezedäki gaz kraterine döndi. Gürrüňiň bu ýerde göçme manyda guýylar ýa çukurlar, hatda gowaklar barada-da barmaýandygyny göz öňüne tutsak, ol kratere «jähennemiň derwezesi» diýilmegi sebäpli bu deňeşdirmämize täze many öwüşgüni çaýylýar.
Aýalyň ýaňky agzalan kraterinde oduň lowlap ýanýandygy metafora bolsa-da, erkegiň agşam salkynynda derläp ýatmagynyň sebäbini düşündirýär. Deriň turşumtyk ysyna Dursunyň burny gijedi, emma ol edil şu pursatyň lezzetini basarlyk derejede ýiti däldi. Gabaklaryny mäkäm gysan gelin uludan demini alyp, budunam bir-birine gysjak boldy, emma eýýäm gany gaýnap başlansoň, garşylyk görkezmäge mejaly galmady. Bu duýgyny başdan geçirmänine esli wagt bolupdy. Ýüreginiň posuny açdy diýsegem, öte geçmeris (mundan beter nirä öte geçjek diýsene!). Ol pursatdan peýdalanyp, keýpden doly ýüküni tutmak üçin gözüni açman, arkan düşüp ýatdy, emma öňküden-de beter gyjynyp, sandyrap, ýorgan-düşegi düýrüp, ýylan deý towlanyp gitdi. Adamsynyň egninden tutup, arkasyny dyrnaçaklap, özüne çekdi, onuň agramyny duýasy geldi.
Bu aýşy-eşretiň ilkinji gijesi ýalydy, üstesine-de nätanyş adam bilen… Gelin şeýle ýagdaýyň aýratyn özüneçekijiliginiň, syrynyň bolýandygyny bilip galdy.
Ol ýekelikde oýandy. Jahan ýaňy ýagtylyp ugrapdy. Suwa düşüp, heýgenek bilen ertirlik edinensoň, saçyny fen bilen guratdy, ütükläp, ýeňsesine goýberdi, ahyrsoňy täze tikdiren sary köýneginem geýip, agşamky taýýarlan sanawly kagyzyny gapjygyna saldy-da, bazara ugrady.
Ýekşenbe, ýa-da halkyň dilinde aýdylyşyna görä, dynç hem-de bazar güni. Ukudan doly açylmadyk ýaly haýal-ýagal hereket edýän satyjylar, çalasyn jerçiler, ýüzleri güne ýanan, emma işeňňirligi bilen günüňe ýanaýyn diýdirmeýän, käwagt öňünde öz peýwagtyna äwmän barýanlaň üstünden döweläp geçmäge höwesek galtakçylar, ýaş hem işýakmaz, ykbalyndan kitüw edýän dek iki sözüniň birinde ejäni ýatlaýan hammallar, özüniň gereklenýändiginden göwnühoş halda geregini artdyryp ýören alyjylar, endamynyň her bir suduryny, belentligini, çöketligini gaýtalap duran dar köýnekli gyzlar, başy uzyn topbuly gelinler, elýaglygy bilen maňlaý derini süpürip, deňinden geçýän şol gelin-gyzlary hyruçly hem hyrydar gözleri bilen ugradýan erkekler… – bu bazar märekesiniň nähili garylyp-gatyşsa-da, dyknyşman, iteleşmän, çaknyşman parahat akyp bilşine haýran galaýmalydyr welin, oňa derek, adamlar gaýtam özüne tötänden biriniň tirsegi degäýse ýa bilmezden aýagyndan basylaýsa dagy ör-gökden gelýärler.
Aslynda adamlaryň ýüzüni, ondaky her bir muskulyň, her bir damaryň hereketini synlamagyň, olary biri-biri bilen deňemegiň, öň görlenmi-görülmedik, tanyşmy ýa nätanyş – şony ýatlamagyňam öz gyzygy bar, emma Dursun bu köpçülikde hiç kime gabak galdyrmady, hiç bir kesiň ýüzi onuň ýadynda galmady. Adamlaryň oňa häki bir üns çekmek üçin goýlan indifferent manekenlerden, türkmençeläp aýtsak, oýnalmaýan perwaýsyz gurjaklardan tapawudy azdy. Oýnalýandygy ýa-da oýnalmaýandygy hakdaky jedelli pikiri uzaltsaň uzaldyp oturybermeli, ýöne bu wagt gürrüň ol barada baranok.
Gelin kişdesinden-kişmişinden, göwni islän ir-iýmişinden ýüküni tutandan soň, giň supermarkete girdi. Paty-putysyny girelgedäki yşgaba salyp, belgili açary aldy-da, ýolugra araba ýapyşyp, ony parfýumer harytlary satylýan bölümçä sary iteläp ýöredi.
Tekjeleriň arasyndan geçip barşyna şampunyň, suwuk sabynyň, gap-gaç hem egin-eşik ýuwulýan serişdeleriň arzanraklaryny arabasyna ýükläp, her gezek sanawdaky bir ýazgyň üstüni çyzýardy, birdenem kagyzyň ýüzüne seredip, sakga aýak çekdi.
Sakgal syrylýan gel
Päki
Bu zatlar kime gerek? Nädip sanawa goşuldy? Olary kim ýazdy? Dursun bir salym aňk-taňk bolup… durdy… Soňam özüne gerekmejek zatlaryň üstüni çyzyp, garalady…
Elinde agyr paketlerini göterip gelşine, öýüniň agzyndaky dyzeperde oturan sakgallak ýigit bilen nazary kaknyşdy. Dursuna gözi düşenden ol nätanyş dikelip, çala gözüni güldürdi. Bir zatlar aýtmagy niýetläp agzyny açanam şoldy welin, nämüçindir ýaýdanyp, gelinden gözüni aýyrman öňküligine oturyberdi. «Kömekleşjek bolandyr-da, ýygralyk edäýendir» diýip oýlanan Dursun onuň deňinden bir enaýy ýylgyryp geçdi.
Ikinji gata barmaly bolansoň, lifte sowuljagam bolman, basgançakdan galdy. Eli öz-özünden jaňyň düwmesine uzady. Gapyň aňyrsynda zaňyň dowamly güňleç sesi ýaňlandy.
– Wah, huşum gurasyn! – diýip, elindäki päketlerini granit plita düşelen daş işikde goýdy-da, torbasyndan açary çykaryp, gulpa dakdy, emma towlajak bolanda başartmady – gapy gulplanman eken.
Gelin gorkudan ýaňa elhenç sandyrap, çep aýagy bilen bosagadan ätledi. Öýüň içi gözedürtme garaňky. Daşarda Günüň höküm sürýändigine yşarat edýän sähelçe-de yşgalaň ýok. Bu aýylganç tümlük gara goluny uzadyp, ýakaňdan ebşitlägede öz düýpsüz boşlugyna çekip ýuwutjaga meňzeýär. Şeýle zulmatyň içinde islendik ynsan depelenip ýören kölegesindenem, iň bolmanda çala göze ilýän sudurjyk, başgaça aýdanyňda, adam-garasy bolmak mümkinçiligindenem mahrum.
Dursun içerik girip, sermenip çyraýakary gözledi, birdenem kimdir biriniň agyr eli egninden ýapyşdy. Ol tisginip, wägirenini bilmän galdy, tas ýüregi gopup, şol eliň goýlan ýerine süýşüpdi. Egnini gysymlan gömelteý el ysgyn-deramaty gaçan aýal göwresini ýeňillik bilen öwürdi.
Gapyda ýaňky sakgallak ýigit gaşyny çytyp durdy. Ýüzüne garaňky düşüp duransoň ol juda hyrsyz hem yzgytsyz görünýärdi.
Dursun:
– Seniň edýäniň näme? Maňa ýene bir gezek barmagyňy bir batyryp gör, ýerçeken! Uly ilim bilen gygyraryn! – diýip, onsuzam sesine bat berip gürledi.
– Eý-waý, seň edýäniň näme! – diýen ýigidiň sesi ondanam haýbatly ýaňlandy. Ol allaniçigsi bolan maşgalany südenekledip daşyna çykardy. – Meň öýüme giripdirdänim… Şerraý diýsäni! Güm bol şu ýerden!
Dursun kimdir birini kömege çagyrjak boldy, emma gorkusyna bäs gelip bilmän, daş işikde akan-dökän bolan zatlaryň arasynda doňup durşuna, ses-üýnüni çykarman gapynyň edil burnunyň öňünde jarkyldap ýapylşyny synlady.
Maksat BÄŞIMOW.
|