22:56

Saýlawyñ öñüsyrasyndaky göreş / satiriki hekaýa

SAÝLAWYŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY GÖREŞ

Biziň posýologymyzda iki sany kofehana bar. Dogry üçünjisi, Bodur Ademiň kofehanasam bar, ýöne welin ol çakyr zawodynyň ýanynda, şäheriň çetinde ýerleşýär. Onuň üçin hem bu kofehana hasaplap oturanyňa degenok, ol örän daş, üstesine-de juda kiçijik.
Posýologyň ähli erkek kişileri iki topara bölündi. Olaryň bir bölegi-hä tikinçi Ishagyň kofehanasyna barýar. Ozal posýolokda ýekeje kofehana bardy, olam Käzim agsagyňkydy (onuň çep aýagy egri dyzyndan kesilendigi üçin, ol pişşekli gezýärdi). Posýolokda oppozisiýa ýaly bir zat döränsoň, Käzimem oňa goşuldy. Käzim agsak öz kofehanasyny oppozisiýanyň ýerli merkezine öwren badyna, ilat oňa barmakdan çekinip ugrady. Ine edil şu pursatdan peýdalanyp, tikinçi Ishak tikin tikýän jaýyny ur-tut iki bölege böldi-de, birini kofehana etd oturyberdi. Ana şondan soň ilatyň dolandyryjy partiýany goldaýanlary-ha tikinçi Ishagyň kofehanasyna, oppozisiýanyň tarapyny tutýanlaram Käzim agsagyň kofehanasyna gatnap ugradylar. Ol mahallar oppozisiýanyň tarapdarlary sanlyja adamdy.
Wagty ýetip, täze saýlaw geçirildi. saýlaw oslanylmaýan netijäni berdi. Käzimiň oppozision partiýasy üstün çykyp, häkimiýetiň başyna geçdi. Munuň beýle bolup çykanyna hemmeler haýran boldy. Muňa haýran galmaýan bir Käzim agsakdy.
- Munuň şeýle boljagyny men bilýärdim – diýip, ol aýdýardy.
- Sen ony nireden bilýärdiň? – diýip, ondan soraýardylar.
- Ony men neneňsi bilmeli dälmişim? Ony iň bolmanda meniň kofehanamyň adamsynyň az bolmagyndan hem aňmak bolýardy. Kofehanamyň boş bolmagynyň sebäbi posýolkanyň ilatynyň dolandyryjy partiýany gowy görüp barmagyndandyr öýdäýmäň; asla beýle däldir; ýöne olar şol partiýadan gorkýardylar. Saýlawa gezek gelende bolsa olaryň şol partiýa garşy ses berendikleri belli zatdyr.
Men posýologa gelenimde ýagdaý hut şunuň ýalydy. Käzim agsagyň partiýasy häkimiýet başynda, Ishagyň partiýasy bolsa oppozisiýadady. Oňa deňiç Käzim agsak Ankara gidip gelipdi. Şonda oňa protez ýasapdylar.
Iki toparyň arasyndaky duşmançylyk köre-de mälimdi. Dürli toparlara goşulan adamlar biri-birleri bilen salamlaşmag-a beýlede dursun, hatda öz kofehanalaryna-da bir ýoldan gitmezdiler. Kofehanalardan başga dellekhanalary-da, dükanlary-da özara bölüşipdiler. Umuman, olar biri-birlerine sataşmazlyk üçin – Alla şundan daş edewersin – ellerinde barlaryny edýärdiler. Bardy-geldi syýasy duşmanlar bir-birlerine sataşyp agzylaryny açaýdyklary, gürrüň derrewe partiýa temasyna geçip, olam hökman gyzyl ýumruga girmek bilen gutarardy. Biz çinownikler aýratyn hem erbet ýagdaýda galardyk. Men barmazymyň öňinçäsi çinownikleriň birnäçesi başga ýerlere geçirilipdi. Bular tikinçi Ishagyň kofehanasyna gatnaýar diýip Ankara arz edipdiler we olary partiýa işlerine gatyşýan hasaplapdylar...
Bu posýolokdan entek-entekler gitmekçi bolmanymdan soň, men syýasata goşulmaýardym. Ýöne welin posýolokda şu iki kofehanadan başga baraýaýyn diýer ýaly ýeriň ýokdy. Men bitaraplygymy görkezmek üçin kofehanalaryň ikisine-de barýardym. Tikinçi Ishagyň kofehanasynda ýarym sagat ýaly oturanymdan soň, Käzim agsagyň kofehanasynda bir sagat gowrak wagtymy geçirerdim. Ine şeýdibem dili uzynlaryň şuglundan halas bolardym. Oppozisionerleriň kofehanasyna adam örän az gelýärdi we gün geldigiçe-de azalýardy. Men Käzim agsak bilen dostlaşdym we ol ikimiz ýygy-ýygydan gürrüňleşip oturýardyk...
- Men saňa oduk-buduk zatlary gürrüň bereýin welin, ýöne bu gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn. Biziň partiýamyz geljek saýlawda ýeňlişe sezewar bolar – diýip, ol bir gezek partiýanyň ýagdaýy hakynda gürrüň edilende aýtdy.
- O neneňsi beýle? Siziň partiýaňyz öz pozisiýasyny pugta saklaýar ahyryn – diýip, men garşy çykdym.
- Saklama nirede, zat nirede. Biziň kofehanamyz hyryn-dykyn doly. Tikiçi Ishagyňka bolsa hiç kim baranok. Syýasatdan başy çykýan adama onuň näme sebäpden beýle boljakdygyna düşünmek üçin, şu ýagdaý daş ýany bilen ýeterlikdir. Adamlar meniň kofehanama meni gowy görenleri üçin gelmeýärler-de, bizden gorkýandyklary üçin gelýärler. Ynha saýlaw geçerem welin, bularyň ählisiniň oppozision partiýa ses berendiklerini öz gözüň bilenjik görersiň. Eger biz, elbetde, bir çäresini edäýmesek, hut şonuň ýaly bolar.
- Siz nähili çäre görmekçi bolýarsyňyz?
- Biz häzir bir işjagazyň pikirini edýäris. Basym partiýa instruktory geler, ana, şonda...
Biraz wagt geçenden soň Käzim agsagyň kofehanasynda haý-haýly ýygnaklar geçirildi. ýene biraz wagt geçenden soň posýologa sirkiň artistleri geldi. Posýologyň ilaty henize-bu güne çenli artistleriň şeýle uly toparynyň şu ýere gelenini gören däldiris diýşip gürürň edýärdiler. Mekdep bilen metjidiň arasyndaky meýdançada ägirt uly çadyr gerdiler. Bu çadyr Ýewropanyň uly sirkleriniň çadyrlaryndan kiçi däldi.
Şol gün men tikinçi Ishagyň kofehanasyna bardym.
- Käzim agsak ýene bir zadyň garymyny-ha gazýar welin, nämäniň garymydygyny bilibilmedig-ow – diýip, mekir tikinçi aýtdy.
Onuňkydan çykyp, men Käzim agsagyň kofehanasyna ugradym.
- Ýeri, Käzim ependi, işler niçik? Şowunadyr-da hernä? – diýip, men mekirlik bilen oňa göz gypyp soradym.
- Biraz tagapyl et. Ertir hemmesini bilersiň – diýip, Käzim agsagam göz gypyp jogap berdi...
Men şol gün agşam sirke baryp bilmedim. Ýataýyn diýip irden gyşardym. Meniň özüm çadyr gerlen meýdançadan onçakly daş däldim. Sirkiň deprekdir turbalaryny sesi gelip durdy. Soň men uklapdyryn. Gije elhenç öwflemeler-haşlamalar meni ençeme gezek oýardy. Emme her gezek ýene-de şol bada uka gidýärdim.
Şol günüň ertesi ýekşenbedi. Men daşaryk çykdym. Uly çadyryň brezenti, edil ertekilerdäki äpet jandarlaryň derisi ýaly bolup, ýere ýazylyp ýatyrdy. Ortaky sütüne hiç bir zat bolman, şol durşuna durdy. Onuň çür depesinden bolsa kimdir biri aýak asyp goýupdyr. Ol Käzim agsagyň agaç aýagy bolara çemeli. Töwerekde janly-jemende ýokdy. Ilki bilen men tikinçi Ishagyň kofehanasyna bardym. Ol ýerde oppozisionerleriň birnäçesi otyrdylar. Olar nämedir bir zat barada pyşyrdaşyp, gülkä bogulýardylar. Men näme bolanlygyny soradym. Maňa jogap beren bolmady. Soňra men tikinçi Ishakdan soradym, ýöne weli olam gülkiniň arasyndan hiç bir zat aýdyp bilmedi. Meniň bolsa näme bolup geçendigini bilesim gelip içim byjyklap barýardy. Käzim agsagyňka ugradym. Onuň hemişe hyryn-dykyn mähelleli bolýan kofehanasynda şol gün diňe üç sanyjak adam otyrdy. Ýöne ol oturanlaryňam kim-kimdigini tanar ýaly däldi. Hasa bilen olaryň kelleleri şeýle bir saralypdyr welin, zordan olaryň gözleri ýyldyraşyp görünýärdi. Men biriniň alkymyna dykylyp baryp, oňa siňe seretdim. Bu Omardy.
- Omar ependi, bu näme boldugy? Seni tanar dagy eder ýaly däl-le? Keýwanyňdan daga-ha şarpyk iýäýen dälsiň-dä? – diýip, men degişmekçi boldum.
- Wah, heleýiň şarpygy degende şeýle saralýanmydyr? Meniň abat galan ýerim ýok.
- Näme boldy ahyryn, Omar ependi?
- Näme bboldy diýýärmiň? Näme bolany, biziň eýimizi berdiler. Birnäçelerini keselhana iberdiler, birnäçeleri bolsa öýlerinde iňňildisi bilen garyndaşlarynyň ýüregini ýarýar.
Iň zat bolmady diýenimiz ynha biziň şu üçimiz-dä. Meniňem-ä ýagyrnymda aňsyz ýaram bar, süňklerimem döwüm-döwüm bolaýypdyr öýdýän.
- Belki, artistkalar zerarly tutda-baslyk bolansyňyz?
- Ýok, syýasat zerarly...
- Ýeri, bu ýerde syýasatyň nämä dahyly bar, Omar ependi?
- Sen sorama, saýlawyň öňüsyrasyndaky göreşdir-dä, dogan. Etjek zadyň ýok!
- Nähili beýle bolaýdy ahyryn?
- Ýeri bolýa, saňa aýdanymyzyň zyýany ýok. Ýöne ägä bol, muny oppozisionerler beri eşidäýmäwersinler. Ine şeýle. Sen biziň oppozisionerler bilen gyr-tut bolup ýörenimiz-ä bilýärsiň. Olar bize garşy gaty uly bir kompaniýany ýaýbaňlandyrdylar. Eger şol gidişine gidiberse, onda biziň işlerimiz pyrryk boljakdy. Näme-de bolsa bir çäre görüp, oppozisionerleri sem etmelidi. Biz emele gelen ýagdaýy welaýatyň merkezine habar berip, olardan kömek soradyk. Ol ýerden instruktor geldi.
- Dolandyryjy partiýanyň garşysyna çykyş etmäge bogunlary ysmaz ýaly edip, olary mazalyja ýençmeli – diýip, instruktor maslahat berdi.
- Dogry aýdýarsyň – diýşip, biziň barymyz biragyzdan ylalaşdyk – başga alaç ýok. Olaryň mazalyja gözlerine görkezmek gerek. Ýöne welin muny bildirmez ýaly edip etmeli-dä.
- Bildirmez ýaly etmek kyn däl-le – diýip, instruktor dillendi we nähili hereket etmelidigini düşündirdi.
Biziň posýologymyza sirk geljek, onuň artistleri bolsa dolandyryjy partiýanyň tarapyny tutýarlar. Oýun tüýs gyzanda, brezent sirkde oturanlaryň ählisiniň üstüni basar ýaly edip, biziňkiler çadyryň ýüpüni kesjekler. Ine şonda, gözedürtme garaňkynyň içinde oppozisionerleriň mazaly julkuny çykarmak gerekdi. Garaňkylygyň içinde kimiň urandygynam bilibiljek gümanlary ýokdy. Ýeri, şeýdilse boljakmy?..
- Örän gowy boljak.
- Ine onsoň sirk geldi. Bitaraplara zat bolmazlygy üçin biz bir mekilrik etdik. Onuň ýaly adamlar gelse, ähli biletler satylyp gutaryldy diýilmelidi. Men kassiriň ýeňsesinde tutynyň arkasynda durdum we oňa kime bilet satmaly, kime satmaly däldigini duýdurýardym...
- Biz ýenjilmeli oppozisionerleriň daşyny gurşap aldyk. Partiýanyň kassasyndan alan pulumyza biz çakyr we onuň ýany bilen garbanar ýaly zatlary satyn alyşdyrdyk. Oppozisionerleri urmazymyzdan owal, biz olary mazaly lül etmekçi bolduk. Biz muny, olar biziň şeýtjek bolýandygymyzy aňyp, öz üstümize dňkülibermezlikleri üçin etdik. Mekirdiris, görseň?
- Mekir, diýseň mekir.
- Oppozisionerler şeýle bir iýdiler, şeýle bir içdiler welin, olaryň ýekejesi dagysam aýak üstünde durup bilmeýärdi. Biziň gizlengi dürrelerimiz, taýaklarymyz, gamçylarymyz, serdesselerimiz bardy. Mysal üçin, ynha meniň ädigimiň gonjunda, atam pakyrdan galan dürre gamçym bardy. Biziň her haýsymyz öňden bellenip goýlanja ýerimize baryp oturdyk we haýsymyzam öz urjak adamymyzy peýläp alypdyk. Käzim agsagyň yşaraty boýunça çadyryň ýüpi kesilmelidi, ana onsoň... Gowy oýlanyşylandyr görseň, ä?..
- Örän gowy oýlanyşylypdyr.
- Hawa, şoňa deňiç hemmesi diýseň gowy boldy, ýöne welin, meniň özümiziňkileriň käbirlerinde kitüwim bardy. Sen biziň partiýamyzyň çlenleri bolan Kel Nuryny, Ibibik Haýdary dagyna-ha tanaýansyň? Barypýatan naýynsap deýýuslardyr o-ol Sary Süleýman bolsa menden pul karz alyp, indi iki ýyldyr bermän ýörşüne, telim gezek barym dilsesemem beren zady bolmady. Siwri Saýdom bilen hem tersdirin. Dükançy Emin-ä meniň ganym duşmanymdyr. Biziň posýologymyzyň arçyny Aly bilenem it-de pişik ýalydyryn. Olaryň hemmesi partiýanyň çleni. “Brezent gaçaýdygy, tutda-baslyk bolnup, biri-biriňi görüp biljek gümanyň ýokdur. Ozaly bilen şolaryň bir emini beräýsem näderkä? – diýip, men öz ýanymdan oýlandym. Dürre gamçy urlanda olaryň ýüzüne meniň adymy möhür basaýasy ýok ahyryn. Oppozisonerler urandyr öýderler”. Men olaryň nir-nireräkde oturandyklaryny belledim. Arçyndan başlamagy ýüregime düwdüm. Bir gözüm şonda, beýleki gözüm bolsa Käzim agsakdadyr. Şol mahallar iki sany çyp ýalaňaç diýen ýaly gyz ýüpüň üstünde ylgallaşyp, böküşip ýördüler. Muzyka çalynýardy. Oppozisionerler göçgünlik bilen ellerini çarpyşýardylar we bokurdaklaryna sygdygyndan: “Jan saňa!” diýip gygyryşýardylar. Biziň Käzim agsagymyz sag elini murtuna ýetirdi. Bi signal berildigidi. Käzim agsak murtlaryny towlaşdyrýança, brezent birdenkä biziň üstümize eňildi. Çyra söndi. Men ur-tut ädigimiň gonjundan dürre gamçymy çykaryp, arçynyň üstüne topuldym. Dürre gamçyny salganym şoldy welin, meniň gözlerimden uçgun çykyp gitdi. Kimdir biri serdesse bilen meniň kelläme bir berdi welin, men tas şol bada Hudaýa amanadymy tabşyrypdym. Emma muňa garamazdan men arçyndan gamçyny saldym. Arçyn haramzada edil gözi çyraly ýaly bolup, şol garaňkylygyň içinde meni tanady-da: “Asykşl, bu, Omar, sen-ow!” diýdi. Jogap deregine men dürre gamçyny ýene bir gezek saldym. Ony taşlap, Kel Nuryň üstüne topuldym-da, onam mazaly saýgyladym. Bularyň almytyny berip, Ibibik Haýdaryň üstüne ugradym, emma şol halatda özümi bir urdular welin, men waý diýip, ýere ýazyldym. Her niçik-de bolsa, maňa uranyň elinden çalyp tutmak başartdy. Ýeri, uranyň kim diýsene?! Asyl ol öz partiýamyzyň çleni Nury Aga bolsa nätjek. Be-eý, geň zat, men oňa näme ýamanlyk etdimkäm?.. Men soňundan Sary Süleýmenam saýgyladym, ýöne welin edil şol halatda ýene biri serdesse bilen çep egnimiň üstüne ýapdy. Iňläp, men uranyň aýagyndan ýapyşdym. Ýöne welin bu aýak bujagaz aýaklardan däldi! Ol meniň elimde galdy, eýesi bolsa aýagyny taşlap syp berdi. Elbetde, munuň Käzim agsagyň agaç aýagydygyny aňmak kyn däldi... Ine saýlawyň öňüsyrasyndaky göreş bizi nämä alyp bardy. Men-ä entek süýreň-saraň edip, kofehana gelibildim. Näbileýin, beýlekiler dirimikä beri?
- Ýeri onsoň oppozisionerler nätdi?
- Hiç zat hem edenok. Olara näme bolsun? Biriniň burnam ganamady. Biz olary büs-bütin ýadymyzdan çykardyk. Asyl biziň partiýamyzyň çlenleriniň ählisi biri-birlerinden kitüwli eken. Käzim agsagy görmediňmi näme? Şol-da serdesse bilen çep egnimiň üstüne urup, meni seňseleden.
Edil şol mahallar goltugy pişşekli Käzim agsak kofehana girdi.
- Men muň şeýle boljagyny bildim-le – diýip, ol aýtdy. – Bu kofehana adamyň şeýle köp gelýändiginden hem görnüp durdy. Diýmek adamlar öz nejis duýgularyny gizlemäge dyrjaşýarlar.
Soňra ol sütüniň töwereginde agsaklap: “Oh-ow... Heý, meniň agaç aýagymy göreniň ýokmy?” diýip sorady.

Eziz NESIN.

Terjime eden Rahman BABAÝEW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 156 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]