23:26

Sazlar

SAZLAR

Sazlar satylmaýar, peşgeş berilýär.
Ol hem Adam ýaly turýar,
gerinýär,
geýinýär,
daranýar,
toýda görünýär.
Sazlar satylmaýar,
Mesge ýag ýaly
Kagyza dolanyp berilmeýär ol.
Hemmäniñ añynda ýaşap ýörendir,
Ýöne, özi welin, görünmeýär oñ.
Sazlar satylmaýar.
Sebäbi, onda
halkymyñ geçmişi,
wyždany ýatyr.
Sütün-sütün ärleñ ynsaby ýatyr,
Mermer gelinleriñ nikaby ýatyr,
Ussatlañ nusgasy hasaby ýatyr.
Sazlar satylmaýar gul-gyrnak ýaly,
Aý bolup lowurdar, dür dyrnak ýaly.
Onda çuwal gyzlañ edebi bardyr,
Onda bedewleriñ gadamy bardyr,
Läheñleriñ epeý ädimi bardyr.
Sazlar çekilmeýär tokga gant ýaly,
Sazlar ekilmeýär agaçlar ýaly,
Sazlar ölçelmeýär matalar ýaly,
Olar çözülmedik matallar ýaly,
Syrly bolup galýar syrly dünýäde.
Ynsanlaryñ beýnisine münýä-de
aýlanýar, älemi jahankeşde deý,
Duýgulary örklän zyba keşde deý.
Sazlar satylmaýar harytlar ýaly
Täjirleriñ ellerinde oýnaýan.
Sazlar atylmaýar nyşana ýaly,
Sazlar atylýarlar wulkanlar ýaly.

Röwşen TAGAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 286 | Добавил: Haweran | Теги: Röwşen Taganow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
1
1 Nefertita  
991
Şu formada goşgy okasam janym hezil edayyar, şahyr ýanyp ýazypdyr, arman gynansak-da satylýar sazam, sözem...

0
2 mango  
651
Sazlar satylmaýar, peşgeş berilýär.
Ol hem Adam ýaly turýar,
gerinýär,
geýinýär,
daranýar,
toýda görünýär.
Sazlar satylmaýar,
Mesge ýag ýaly
Kagyza dolanyp berilmeýär ol.
Hemmäniñ añynda ýaşap ýörendir,
Ýöne, özi welin, görünmeýär oñ.

görünýämi, görünmeýär?
idealizm bilen özüňi aldamak nämä gerek?
her zat, her wagt satyldy, satylýar we satylar(myka diýýän).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]