17:07

Seni ýigrenmäge hakym ýok meniñ...

SENI ÝIGRENMÄGE HAKYM ÝOK MENIÑ...

Seni ýigrenmäge hakym ýok meniñ!
Hakym ýok, daragtyñ güýji kökünde!
Ýetişmeris hatda gynanmaga-da,
O pikirler bilimizi bükende.
Ýöne ikimiziñ yşkymyz bardyr,
Ýöne ikimiziñ derdimiz bardyr,
Arşa sapar eýlän ykbal ýükünde.

Seni söýmezlige hakym ýok meniñ!
Çynarymyñ başy ýetdi asmana.
Meñ öñdenem uly hormatym bardy,
Özüne, s-o-ñ özgä gulak asýana. ..
Indem, sözlerime sygmadyk yşky,
Indem, gözleriñe sygmadyk yşky,
Barýaryn men Gök boýnundan asmaga...

Seni unutmaga hakym ýok meniñ,
Birleşişi deýin Ýer bilen Gögüñ
Birleşip gidendir göwünlermizem,
Birleşip gidendir ýüreklermizem,
Şol sebäplem, juda gorkunç görünmez,
Synagdan geçene içi hem görüñ,
Diñe yşkyñyzyñ goýnundan örüñ!

... Seni ýigrenmäge hakym ýok meniñ,
Sen meniñ daragtym, sen meniñ köküm!
Seni söýmezlige hakym ýok meniñ,
Ol Tañrydan gelen ylahy höküm!
Seni unutmaga hakym ýok meniñ,
Sebäbi sen meniñ "Yşk" atly ýüküm!

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 425 | Добавил: Мylayym | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Пеночка / Goşgular - 11.02.2023
Тени А.С.Пушкина / Goşgular - 09.01.2023
Песня / Goşgular - 08.02.2023
В эти дни / Goşgular - 05.02.2023
«Милые спутники, делившие с нами ночлег!..» / Goşgular - 29.01.2023
Saňa / Goşgular - 06.01.2023
Men indi gidýärin / Goşgular - 15.01.2023
Hat / Goşgular - 04.02.2023
Talyplyk / Goşgular - 08.01.2023
Фаэтон / Goşgular - 13.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagty Tekäýewa  
Ajaýyp...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]