03:36

Ýere gaçýar

ÝERE GAÇÝAR

Zemin dowul tapyp, lerzana geler,
Seni gözläp ahy-nala çekişimden.
Daglañ depesiniñ garlary erär,
Howuryndan, lowlap ýanýan yşgymdan.

Bütin barlyk doñup galar tisginip,
Damagyna dili gider pelegiñ.
Gökde ýalnyz özi uçýan söýgimiñ,
Görersiñ sen ýere gaçýan ýelegin.

Oturansyñ dişläp dodaklaryñy,
Puşman edip, öz-özüñe gargynyp.
Uçup giden ap-ak guş deý söýgimiñ,
Ak ýelegi ýere gaçýar gar bolup.

Sahy ÖWEZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 347 | Добавил: Mähriban | Теги: Sahy Öwezow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Pegas  
98
Ýaşuly siziň teswirleriňize garaşýar, mähriban agzalar.

0
2 Revo  
484
"Daglañ depesiniñ garlary erär,
Howuryndan, lowlap ýanýan yşgymdan"

Kapyýalaşdyrmak üçin, sözlem nädogryrak düzülipdir öýtýän.

"Gökde ýalnyz özi uçýan söýgimiñ,
Görersiñ sen ýere gaçýan ýelegin."

Ýalňyzlygyny, özi bilen tassyklapdyrmy? Ýalňyzlygyň özem, özüňligiňi, ýeketäkligiňi, ýeke özüňligiňi aňlatýar ahyryn.

"Oturansyñ dişläp dodaklaryñy,
Puşman edip, öz-özüñe gargynyp"

Nämä puşman etýänini, näme üçin özüne gargynýanyna düşünmedim. Söýeni üçinmi ýada söýen ýaryny ýitireni üçinmi, düşnüksiz. Bar söýüpdir, söýgüsi bagtsyz bolupdyr, söýgüli ýaryny ýitiripdir, ýöne, puşman etmek, özüňe gargynmak nämä gerek? Ýa-da olam bir däpmi?!
Ikinji bendiň soňky iki setiri bilen, jemleýji bendiň soňky iki setiri bir many berýär. Tapawutlansa gowy boljak.

0
3 mango  
651
sahy kaka gowja tapyndyny iki gaýtalamaly däl eken.

1)
Gökde ýalnyz özi uçýan söýgimiñ,
Görersiñ sen ýere gaçýan ýelegin.

2)
Uçup giden ap-ak guş deý söýgimiñ,
Ak ýelegi ýere gaçýar gar bolup.

hemem, ak ýelegiň gar bolup gaçmagy ýatlatdy: Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar -y.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]