05:47 Sen - goşgy | |
SEN – GOŞGY
Goşgular
Sen barada goşgy ýazasym gelýär, Ýöne nämüçindir ýazyp bilemok. Ony duýgym bilen bezäsim gelýär, Göwnüm islän pikrim sere gelenok. Arzyly pursatlar saňa duşamda, “Men barada goşgy ýazdyňmy?” diýýäň. Men aldardym, perwaz urup daşyňda: “Öýde galdy, ýazypdym-la bir eýýäm.” Kösenmeklik kemini-hä goýmadym, Saňa rowa görmän suwjuk goşgyny. (Göwnüňi joşdurýar göwne jaý aýdym Hem oýarýar kalbyňdaky yşkyňy...) Seň göwnüňi tapmak beýlede dursun, Öz göwnümi tapyp bilmän kösendim. Zülpleriň şemala atanda owsun, Onuň goşgy-gazaldygna düşündim. Ýazman durup bilerinmi heý, onsoň, Ne ajaýyp, gül jemalyň – görküň seň! Bu lezzetli hyýalymdan aýňalsam, Asyl goşgy eken tutuş durkuň seň!.. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |