17:48

Sen süýji ukyda ýatyrkaň

SEN SÜÝJI UKUDA ÝATYRKAÑ...

Sen süýji ukuda ýatyrkaň gije,
Bogulypdym ýassygymda gözýaşa.
Sen sähere ýaňy salam bereňde,
Men gözüm owkalap barýardym işe.

Kanagat ýok, eglenmäge bir ýerde,
Ne halym bar degişmäge, gülmäge.
Saňa bagt köşgün wada berýärin,
Şowhun bolup girseň göwün külbäme.

Gözlerimi ýerden sowup bilemok,
Daş asylan ýaly gabaklarymdan.
Wah, uçup bilemok, gaýyp bilemok,
Peýkam geçen ýaly ganatlarymdan.

Nädip menden geçip bildiň, melegim,
Özgäň gujagyny gördüňmi yssy?
Bu günem ýadyma eýe bolaňsoň,
Göwnüm ejizledi,
Ýüregim gysdy...

Annagurban ANNAGURBANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 420 | Добавил: Annagurban | Теги: Annagurban Annagurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Hаwеrаn  
245
Annagurban-a bu gezek bekäp gelipdir. smile

0
2 Hаwеrаn  
245
Öñkülerinden has gowy. Mundanam has gowy bolmagyny, tijenmegini isleýäs.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]